Hormatly Prezidentimiz öz belent wezipesini ýerine ýetirmäge girişen ilkinji günlerinden döwleti dolandyrmakda ata-baba ýörelgelerinden pugta goldanyp, ösüşleriň, öňe gitmegiň milli ýolunyň nusgasyny işläp düzdi. Bu bolsa tutuş ykdysadyýetiň hem ösüşlerini kesgitledi. Döwletimiziň syýasatynda Oguz ýörelgeleriniň — döwletlilik ýörelgesiniň berk binýadynyň goýulmagy il-ýurduň ykbalynyň barha ýokary göterilmegine getirdi. Döwletimiziň geljek döwürdäki syýasatynda hem bu ugurlara berilýän ünsi güýçlendirmek möhüm wezipe hasap edilýär. Munuň özi döwletiň uzakmöhletli strategiýasy hökmünde çykyş edýär.
Ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini tassyklaýar. Türkmenistan ösüşiň özüni ödän, ata-baba ýörelgelerinden ugur alýan döwletlilik ýörelgesi bilen ynamly öňe gidip, halkyny ýaşaýşyň has kämil hem-de eşretli derejelerine ýetirmäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiziň döwleti dolandyryp başlan gününden Oguz ýörelgelerini dowam etdirmegi, halka daýanyp, halk bilen düýpli özgertmeleri durmuşa geçirip başlamagy il-ýurduň geljeginiň has-da röwşen boljakdygyny buşlady.
Biz bu gün Türkmenistanyň ykdysadyýetine özgertmeler arkaly çaltlandyrylan ösüşiň nusgasynyň mahsus bolup durýandygyny äşgär görýäris. Munuň özi ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň durmuşa gönükdirilen milli nusgasynyň kemala getirilmegi bilen hem baglanyşyklydyr. Ykdysady ösüşleri gazanmak we olary berkitmek üçin şeýle nusganyň saýlanylyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Onuň köptaraplaýyn ösüşlere getirýändigi dünýä ýurtlarynyň tejribesinden görünýär. Ösüşiň uzakmöhletli strategiýasynyň işlenilip düzülmegi we onuň üstünlikli durmuşa geçirilip ugramagy üstünlikleriň esasy çeşmesi boldy. Oňa laýyklykda geçen ýyllarda ykdysadyýetiň öňe gitmegine itergi beriji güýç hasap edilýän, ykdysadyýeti sazlaşykly alyp barmaga ýardam berýän göni we gytaklaýyn usullaryň toplumyndan ybarat bolan hojalyk mehanizminiň netijeli işläp ugrandygyny görmek bolýar.
Ýurdumyzyň özüne mahsus bolan hojalyk mehanizmini saýlap almagy eýýäm üstünligiň ýarysydyr. Ýaşaýyş-durmuşymyzyň barha özgermegi we islegleriň ösmegi hojalyk mehanizminiň şol bir durkuna durmazlygyny hem talap edýär. Şonuň üçin eýeçiligiň dürli görnüşleriniň goraglylygy güýçlendirilýär, maliýe-karz we salgytlar ulgamy, bäsdeşligi ösdürmek syýasaty, bahalar we girdejiler syýasaty, geljekki ýagdaýlary çaklamak ýaly hojalyk mehanizmini düzýän usullar ýene-de yzygiderli kämilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde ykdysady ösüşiň depgininiň ilatyň ösüş depgininden elmydama ýokary bolmalydygyna aýratyn üns berilýär. Ykdysadyýetçileriň pikirlerine görä, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň üpjün edilmegi bu ýagdaýa berk baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynda şeýle kadalar berk göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň intellektual kuwwaty ösdürilýär. Milli baýlyklarymyz il-ýurt üçin ýerlikli ulanylýar. Biziň ykdysady-durmuş ösüşlerimizi kesgitleýän Milli Maksatnamalaryň, meýilnamalaryň we konsepsiýalaryň uly topary herekete girizildi. Olarda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek, durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, dürli görnüşli elektron enjamlary öndürmek boýunça kärhanalary döretmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak we başga-da dürli ugurlar boýunça ösüşleri üpjün edýän wezipeleriň oňyn çözgütleri öz beýanyny tapýar. Iň bir guwandyryjy ýeri, şol öňünden kesgitlenilen wezipeleriň iş ýüzünde amala eýýäm aşyrylýandygydyr. Şonuň bilen baglanyşykly türkmen ykdysadyýetiniň täsir ediş çägi günsaýyn giňeýär.
Türkmen gazy, elektrik energiýasy dünýäniň ençeme döwletlerine eksport edilýär, kondisionerler, kompýuterler, smart telewizorlar, telefonlar özümizde öndürilýär. Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Gazagystan — Russiýa gaz geçirijisi, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demirýol geçelgesi, diňe ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitiň, hatda beýleki dünýä ýurtlarynyň hem bähbitlerinden ugur alýar. Şeýle transmilli ulag ulgamy ygtybarly halkara gatnaşyklaryny üpjün edýär. Ýurdumyzda döwrebap ulag we aragatnaşyk ulgamy döredildi, paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap uçar menzilleri guruldy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli döwrebap ýol gurulýar. Şu ýylyň başynda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoly ulanylmaga berildi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgam, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgam işe girizildi. Edil şol desgalaryň açylan günlerinde Lebap welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz welaýatyň çägindäki «Malaý» gaz ýatagynda kuwwaty gazyň 30 milliard kub metrini akdyrmaga barabar bolan gaz gysyjy desganyň işe girizilmegine hem ak pata berdi. Olar daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her güni türkmeniň täze taryhyna barha ajaýyp ýazgylary ýazýar: sebit we dünýä ähmiýetli iri taslamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň içerisinde döwrebap obalar we şäherçeler gurulýar. Pudaklaryň ählisinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçilikler işe girizilýär. Bu bolsa eýýäm dürli ugurlarda artykmaçlyklary döredýär, hemişelik hyzmatdaşlaryň sanyny köpeldýär. Kuwwatly ykdysadyýetiň bar ýerinde ekerançylyk medeniýeti ösýär. Ýurduň dänä bolan islegini üpjün etmek azyk garaşsyzlygynyň iň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýar. Obasenagat toplumy ösýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin dürli salgyt ýeňillikleri hereket edýär. Wagtyň geçmegi bilen eýýäm dünýä bazarynda ýurdumyzyň durnukly orny kemala gelýär we girdejiler ýokarlanýar. Häzirki wagtda bazar ykdysadyýetine geçýän ýurt bolan Türkmenistan ilatynyň jan başyna düşýän girdejileriniň derejesi boýunça ortaçadan ýokary bolan ýurtlaryň hataryna degişli hasap edilýär, onuň ösen ýurtlaryň hataryndaky durnukly orny barha pugtalanýar.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan nusgalyk derejä götermek, ilatyň ýaşaýyş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmek ykdysadyýetiň üstüne ýüklenilýän baş wezipedir. Bu wezipäniň çözgütleriniň ýurdumyzda türkmeniň taryhy gymmatlyklaryny nazara almak bilen döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, jemgyýetimizi ruhy taýdan has-da kämilleşdirmek, bilimi, ylmy we medeniýeti, sporty yzygiderli ösdürmek, halkara hyzmatdaşlyga işjeň goşulyşmak ýaly esasy wezipeleriň sazlaşykly durmuşa geçirilişi bilen baglanyşyklydygy ünsden düşürilmeýär.
Aslynda, ykdysadyýet durmuş bilen manydaşdyr. Jemgyýetiň ýaşaýyş derejesi ykdysadyýet bilen ölçelýär. Ykdysadyýet döwlet gurluşynyň möhüm düzüm bölegini düzýär. Ykdysadyýetiň kämil, sazlaşykly hem çeýe ösüşlerini üpjün edýän milli nusgasy diňe bir döwürdeşlerimiziň ýaşaýşyny däl, eýsem, asudalygyny hem üpjün edýär. Sebäbi ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimiz täzeçe röwüşlerde baýlaşdyrylyp, yzygiderli ösdürilýär. Il-ýurduň ykbalyna degişli möhüm meseleler hakynda döwlet Baştutanymyz bilen birlikde üýşülip, agzybirlikde maslahat edilýär. Geňeşli edilen işiň döwletiň we jemgyýetiň özara sazlaşykly ösüşine ýetirýän oňyn täsiri bir başga bolýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde döwlet gurluşyna we jemgyýetiň ösüşine, ykdysadyýete aýratyn uly täsirini ýetiren meseleler boýunça taryhy kararlar we çözgütler kabul edilýär. Bular örän buýsandyryjy we galkyndyryjy wakalar bolup ýaşaýyş-durmuşymyza täze bir öwüşgin berýär, onuň manysyny has goýazylandyrýar. Şolaryň netijesinde döwletimiziň we jemgyýetimiziň milli demokratiýanyň ösüşiniň täze bir belentligine gelýändigini, kanun çykaryjylyk ulgamynda dünýä tejribesiniň goldanylýandygyny görýäris. Ösüşleriň hukuk esaslary her näçe berkidildigisaýyn olar şonça-da çuňlaşmak bilen. Olarda aýdyň ertirlerimiziň rowaçlygynyň, ykdysadyýetiň artýan kuwwatynyň bardygyny ynam bilen aýdyp bolar.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenilip düzülen ykdysady strategiýa laýyklykda innowasion tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylyp başlamagy ýurdumyz üçin örän bähbitli boldy. Bu ýagdaý maksatly tapgyrlar boýunça ösýän milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlyklaryny güýçlendirdi, onuň dünýä ykdysadyýetiniň düzüminde döwrebaplaşmagyna, bäsdeşlige ukyplylygyna getirdi. Ýurdumyz şu ugurda zerur bolan ösen senagatly ýurda öwrüldi, tutuş ykdysadyýetimiz innowasion ösüşler ýoly bilen barýar. Bu ösüşler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan döwletimiziň geljegini has-da röwşen görkezýär.
Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.