Ykdysadyýetiň berk binýady

Ýurdumyzda sanly ulgama geçilmegi, öz nobatynda, mugallymlaryň, okuwçylardyr talyplaryň öňünde täze mümkinçilikleri açýar. Sanly bilim ulgamy elektron resminama dolanyşygyny guramak, elektron kitaphana, maglumat üpjünçiligi, okuwçylar ýa-da talyplar bilen göni aragatnaşykda teleköpri arkaly sapaklary geçirmek, bilimleri barlamakda we ony bahalandyrmakda berk gözegçiligi ýola goýmak, olary baý maglumatlar bilen üpjün etmek ýaly ençeme ýeňillikleri döredýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler, ilkinji nobatda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ýurdumyzy ylmyň, tehnologiýanyň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmaga gönükdirilendir. Türkmenistan döwletimizde iň täze tehnologiýalary peýdalanmak, innowasion önümçiligi ýola goýmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga niýetlenilen ykdysady özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işlerde ösen ýurtlaryň baý tejribelerinden ugur alynýar. Bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimize daýanýan döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde sanly ykdysadyýet ulgamy işjeň hereket edýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.

Döwlet syýasatynyň esasy maksady ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaklaryny elýeterli etmekden ybarat. Bu wezipäni durmuşa geçirmegiň ilkinji şerti bolsa — kämil bilimli şahsyýetleri kemala getirmekdir. Şonuň üçin-de ýurdumyzda kämil pikirli, sagdyn bedenli, ruhubelent ýaş nesilleri ýetişdirmek, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny gazanmak üçin döwrebap ylym-bilim ulgamyny döretmek ýaly meseleler esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Şol aladalaryň baş maksady hem türkmen ýaşlaryna dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny elýeterli etmekdir.

Ýurdumyzda sanly ulgamyň şeýle mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ýolunda durmuşa geçirilen işleriň iň wajyplarynyň biri hökmünde bilim portalyny görkezmek bolar. Dünýäde her bir ynsan üçin bilimleri özleşdirmekden, ylym öwrenmekden beýik zat ýok bolsa gerek. Ýaşlar näçe bilimli bolsa, Watan şonça kuwwatlydyr. Goý, milli Liderimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerine jogap edip, ýokary derejeli, ösen innowasion tehnologiýalardan habarly ýaşlar bolup, ýurdumyzyň belent ösüşlerine mynasyp goşant goşmak her birimize nesip etsin!

Selbi DIWANOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/35843