Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlady. Garaşsyzlyk halkymyzy eşretli durmuşa ýetirdi, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň depginli ösüşlerine uly itergi berdi. Nebitgaz pudagy hem Türkmenistanyň tiz hem güýçli depginler bilen ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi.

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, has takygy, nebitgaz senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini kämilleşdirmek, uglewodorod pudagyny çig mal bilen üpjün etmek, onuň senagat ätiýaçlyklaryny artdyrmak maksady bilen, bäsdeşlige ukyply eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak pudakda esasy wezipeler bolup durýar.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde «Türkmennebit» döwlet konsernine hem uly orun degişlidir. Konsern nebitgaz ýataklaryny gözlemek, barlamak, känleri, dürli maksatly nebitgaz desgalaryny gurmak, ýataklary özleşdirmek, burawlamak, nebit we gaz çykarmak, «gara altyny» harytlyk görnüşde taýýarlamak we sarp edijilere ugratmak bilen meşgullanýar.

Ýokarda agzalan maksatnama laýyklykda, nebitiň gözleginiň, barlagynyň, çykarylyşynyň artdyrylmagyny täze meýdançalara çykmagyň, çuň we has çuň gatlaklarda buraw işlerini alyp barmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, meýdan geofizikasyny güýçlendirmegiň, ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny, enjamlaryny, usulyýetlerini önümçilige ornaşdyrmagyň hasabyna gazanmak mümkindir.

Nebitçiler şundan ugur almak bilen, çykarylýan uglewodorod çig malynyň möçberini artdyrmagy öz öňlerinde baş maksat edip goýýarlar. Olar ýataklaryň 30-dan gowragynda dürli tapgyrlarda degişli işleri geçirýärler. Ýataklaryň ýokary netijeli işlenip taýýarlanmagy, olaryň geologiki gurluşynyň aýratynlyklary doly nazara almak bilen şertlendirilýär. Bu wezipeleri çözmek üçin ähli ugurlar boýunça täze tehnologiýalar we ýokary netijeli enjamlar giňden ornaşdyrylmak bilen, önümçilik toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar.

Häzirki wagtda guýulary düýpli abatlamak, ýataklaryň önüm berijiligini artdyrmak, döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, önümçiligi awtomatlaşdyrmak ýaly ugurlarda daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär.

Nebitçiler döwrebap buraw desgalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagynyň esasynda, ýedi müň metrden-de çuňlukda ýerleşýän täze uglewodorod ýataklarynyň üstüni açyp, ulanyşa girizmegiň hötdesinden gelýärler. Muňa mysal hökmünde, Uzynada meýdançasyndaky ýerine ýetirilen we alnyp barylýan netijeli işleri agzamak mümkin.

Ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda nebitgaz senagatynyň uly orny bar. Muňa oňat düşünýän nebitçiler öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde has-da gaýratly zähmet çekýärler.

Balkan ŞYHYÝEW,

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42648