Ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Diýarymyzda geçirilýän giň gerimli ykdysady özgertmeler halk hojalygyny doly sanlylaşdyrmaga we ykdysady kuwwatymyzy mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilýär. Munuň özi ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga we ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyçlary bilen häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek babatda kadalaşdyryjy hukuk namalar kabul edilýär we maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Diýarymyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dürli görnüşli täze senagat kärhanalaryny gurmak, telekeçiligi we ätiýaçlandyryşy ösdürmek ýaly düýpli işler alnyp barylýar. Bu bolsa ykdysadyýeti ösdürmek işiniň halkara ülňülerine laýyklykda alnyp barylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ätiýaçlandyryş hyzmatlary ýokary derejede ösdürilýär. Degişli ugurdaky işler ýurdumyzda hereket edýän kanunlara laýyklykda netijeli alnyp barylýar. Bu iş bilen bagly bar bolan kanunlar esasynda Türkmenistanda meýletin we hökmany ätiýaçlandyryşyň görnüşleri kesgitlenendir.

Ýurdumyzda ätiýaçlandyryş işiniň we hyzmatlarynyň ösdürilmegi halkymyza döredilýän ajaýyp durmuş ýeňillikleri ýaly mümkinçiliklerde öz beýanyny tapýar. Muňa mysal edip, Türkmenistanda saglyk ätiýaçlandyrmasy bilen bagly döwlet hyzmatlaryny görkezmek bolar. Öz nobatynda ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň bu görnüşi halkymyza köp babatlarda oňaýly şertleri döredýär. Olar şypahanalarda, hassahanalarda saglyklaryny dikeldenlerinde, dermanhanalardan derman serişdelerini alanlarynda köp ýeňilliklerden peýdalanýarlar. Munuň özi häzirki döwürde ýurdumyzda ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň ösdürilmeginiň ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertine oňaýly täsir edýändigine güwä geçýär.

Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini has-da ösdürmekligiň ileri tutulýandygy ylym-bilim ulgamynda hem has-da aýdyň duýulýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlaryna bu babatda sapaklaryň okadylmagy degişli ugry döwrebap hünärmenler bilen üpjün etmek ugrunda-da işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn ylymly-bilimli hünärmenler hökmünde ýetişmegi bolsa, milli ykdysadyýetimizi geljekde has-da ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Bularyň ählisi milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Güljan ATAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20136