Geljegiň tehnologiýalary şu günüň nukdaýnazaryndan
Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň näderejede çalt ösýändigini bu ugurlardaky täzelikleriň ummasyzdygy hem aýdyň görkezýär. Aslynda, bu ugurlara şu günki günde özgertmeleriň hereketlendiriji güýji diýilse dogry bolar. Şonuň üçinem häzir dünýä jemgyýetçiliginiň ýaşaýyş-durmuş şertleri, esasan, hut şu ulgamda amal edilýän işleriň netijesinde ýeňilleşýär. Häzirki sanly transformasiýa döwründe maglumat tehnologiýalarynyň öňünde durýan wezipeler ýurduň ykdysady ösüşini, senagaty, hyzmatlar pudagyny, söwdany hem-de beýleki ulgamlaryň işini ilerletmäge itergi berjek täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly. Ýurdumyzyň tejribesinde bu ugurlara uly ähmiýet berlip, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak konsepsiýasy geljegi uly taslamalary özünde jemleýär. Şu ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisinde we ylmy maslahatynda tanyşdyrylan enjamlar, ýakyn geljekde ýola goýulmagy meýilleşdirilýän tehnologik täzelikler Türkmenistanda sanly ulgamyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrdy.
Ýurdumyzda sanlylaşdyrma döwrüne netijeli taslamalar bilen gadam basyldy. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda döredýan giň mümkinçilikleriniň netijesinde, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, IT (maglumat tehnologiýalary) ulgamynyň zerur bolan amallary tapgyrlaýyn durmuşa ornaşdyrylýar. Şu günüň nukdaýnazaryndan seljerilse, milli aragatnaşygyň we maglumat tehnologiýalary ulgamynyň kämilleşdirilmegi oňyn häsiýete eýe. Tehnologiýanyň täzeçil, geljegi uly ugurlaryny amal etmekde türkmen tejribesi baýlaşýar. Ýurdumyzda dünýädäki özgertmeler bilen gyradeňlige ýetmegi nazarlaýan çemeleşmeler ýola goýulýar.
Aragatnaşygyň we IT ulgamynyň ösüşi
Bilermenleriň belleýşi ýaly, ýurtda bitewi kommunikasiýanyň, maglumat tehnologiýalarynyň ösüşi, ilkinji nobatda, infrastrukturany ösdürmekden ugur alýar. Internet toruna elýeterliligi we enjamlaýyn binýady kämilleşdirmek sanly taslamalaryň çeşmesidir. Internetiň tizliginiň ýokarlandyrylmagy jemgyýetiň bitewi aragatnaşyga bolan mümkinçiligini kesgitläp, dürli hili hyzmatlardan peýdalanmakda ýeňilligi döredýär.
Tehnologik adalga bilen aýdylanda, geljegiň «sanly jemgyýetini» gurmagyň esasy şertleriniň biri-de adamlaryň hyzmatlardan onlaýn peýdalanmagyny, onuň mümkinçiliklerine düşünmegini gazanmakdyr. Sebäbi bu ugurdaky taslamalaryň zerurlygy hem, olaryň täze görnüşleriniň ýüze çykmagy-da jemgyýetiň aň-düşünjesine bagly. Şol sebäpden ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti döretmekde jemgyýetiň maglumat tehnologiýalary babatdaky sowatlylygynyň ösdürilýändigi derwaýys hem buýsandyryjydyr.
Türkmenistanda maglumat tehnologiýalary ulgamynda hünär biliminiň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky tagallalary ýurdumyzda maglumat we telekommunikasiýa ulgamyny, tehnologiýanyň tejribelerini öwrenmäge ýöriteleşen ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hili aýdyň görkezýär. Talyp ýaşlaryň öwrenýän innowasion bilimleriniň amaly netijeleri bolsa her ýylda geçirilýän halkara maslahatlardyr sergilerde halk köpçüligine giňden ýetirilýär.
Öz gezeginde, sanlylaşdyrmak işiniň häzirki tapgyrynda ýurdumyzyň hojalyk jemgyýetleriniň birnäçe görnüşli başlangyçlary öňe sürýändigini aýtmak gerek. Aglaba ýagdaýda olaryň taslamalary işewürligi ösdürmäge gönükdirilen. Bu söwda etmegiň, hyzmatlardan peýdalanmagyň gerimini giňeldýär. Hojalyk jemgyýetleriniň häzir emeli aň, bulut tehnologiýalary, zatlaryň interneti ýaly ösen tehnologik ulgamlary öz işlerinde netijeli ulanmaklary jemgyýetiň kem-kemden şol şertlere uýgunlaşmagyna ýardam edýär. Kommunikasiýanyň geljegi hasaplanýan ugurlar sarp edilýän zähmeti has aňsatlaşdyrmakda ähmiýetlidir. Sanly transformasiýa döwrüniň bu gatnaşyklary sanlylaşdyrmak işiniň tapgyrlaýyn dowam etdirilýändiginiň mysaly.
Täze işläp taýýarlamalar tejribä daýanýar
Maglumat tehnologiýalarynyň we kommunikasiýanyň bellenilip geçilen ýörgünli taslamalaryny amal etmek häzir diňe dünýäniň ösen we ösüp barýan ýurtlaryna mahsus. Ol, ilki bilen, ýörite infrastrukturanyň bolmagyny talap edýän bolsa, beýleki bir tarapdan, munuň üçin ykdysadyýetiň ösüş derejesiniň degişli taslamalara kybap gelmegi gerek. Geçen ýyllarda dünýäniň ösen ýurtlarynda netijeli häsiýete eýe bolup ugran Big Data, zatlaryň interneti, emeli aň, 5G, VR, AR hem-de awtomatik işe ukyply beýleki tehnologiýalar ýurdumyzda dürli pudaklaryň ösüş maksatnamalarynda orun aldy. Olary ulanmak eýýäm birnäçe ýyllaryň synanyşyklary, çemeleşmeleri netijesinde häzir iň giňişleýin özleşdirilýän bilimleriň hatarynda durýar.
Sanly ulgamyň şertlerinde ýylsaýyn baýlaşdyrylýan tejribeler geljekki taslamalaryň gönezligidir. Ýurdumyzda IT ulgamynda şu günüň iň ähmiýet berilýän ugurlarynyň hatarynda sanly hyzmatlary, şol sanda web saýtlaryň we mobil goşundylaryň, programma üpjünçilikleriniň işlenip düzülmegini, elektron resminama dolanyşygynyň şertleriniň ýola goýulmagyny, «akylly» tehnologiýalaryň girizilmegini, ýagny zatlaryň interneti ýörelgesiniň täze ugurlarynyň açylmagyny, onlaýn söwdanyň giňeldilmegini, wirtual SIM kartlarynyň döredilmegini, birnäçe sanly bank hyzmatlaryny hem-de beýleki taslamalaryň amala aşyrylmagyny görkezmek bolar. Bularyň ählisi häzirki wagtda jemgyýetçilik gatnaşyklarynda giň gerime eýe bolýar.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň özeninde döwlete degişli edara-kärhanalaryň işlerini ilerletmek, olaryň özara baglanyşygyny gazanmak, hödürlenilýän mümkinçilikleriň çeýeligini üpjün etmek durýar. Şonuň üçin-de, soňky ýyllarda döwlet edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň resmi web saýtlary açylyp işe girizildi. Olar maglumat aragatnaşygynyň bitewi elýeterliliginiň ulgamyny emele getirip, mowzuklaýyn hyzmatlary özünde jemleýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň bu onlaýn hyzmatlardan peýdalanmak endiklerini gysga wagtyň içinde özleşdirendiklerini bellemeli.
Türkmenistanda sanly ulgam taslamalarynyň täze gazananlary Arkadag şäheriniň gurluşygynda giňden orun aldy. «Akylly» şäher konsepsiýasynyň esasynda gurlan şäherde IT ulgamynyň birnäçe ugurlaryna degişli taslamalar amal edildi. Täze şäherdäki «akylly» öý, «akylly» ulag ýaly birnäçe awtomatlaşdyrylan şertler zatlaryň interneti tehnologiýasynyň anyk mysallarydyr. Şeýle-de bu ýerde ýokary tizlikli 4G aragatnaşyk ulgamynyň göz öňünde tutulmagy we beýleki şertler milli tejribäniň hem enjamlaýyn, hem aragatnaşyk babatda kämilleşýändigini görkezýär.
Kämil taslamalar öwrenilýär
Geljegiň taslamalary hökmünde ýurdumyzyň IT ulgamynda 5G aragatnaşygyny ýola goýmak, Data merkezlerini döretmek, zatlaryň interneti bilen bagly täze çeşmeleri emele getirmek, emeli aň tehnologiýalaryny halk hojalygynyň dürli pudaklarynda peýdalanmagyň ýollaryny gözlemek, kiberhowpsuzlygy döwrebap derejede üpjün etmegiň usullaryny öwrenmek ýaly işlere uly ähmiýet berilýär. Dünýäniň käbir ýurtlarynda bu tehnologiýalaryň netijesinde önümçilikde, söwdada, maglumatlary gözlemek, seljermek hem-de peýdalanmak işlerinde çylşyrymly fiziki zähmete bolan zerurlyk ep-esli peselýär. Takyklygy bilen tapawutlanýan şeýle täzeçillikleriň üpjün edilmegi bolsa işleriň awtomatlaşdyrylmagyna getirip, öndürijiligi, netijeliligi örän ýokarlandyrýar. Diňe fiziki hereketi we güýji talap edýän iş şertlerinde bu iň oňyn çözgütdir.
Taslamalary ilerletmek babatda häzir ýurdumyzda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň şertleri giňişleýin öwrenilýär. Bu bolsa maglumat tehnologiýalary ulgamynda sanlylaşdyrmagyň geljekki tapgyrlary üçin örän möhüm ädimdir. Tizligi sekuntda 25 Gbit-e çenli ýetip bilýän aragatnaşygyň iň täze nesli milli kommunikasiýanyň, IT ulgamynyň täze taslamalaryny döretmek bilen, jemgyýetiň bu ugurdaky zerurlyklaryny kanagatlandyrar.
* * *
Soňky ýyllarda Türkmenistanda IT ulgamynyň iň bir tiz ösýän, ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen baglanyşykly, giňişleýin özleşdirilýän ugra öwrülendigi mälim. Häzir ýurdumyzda bu ulgamy döwrebaplaşdyrmak üçin zerur bolan şertler — maddy-enjamlaýyn binýat, hünärmenleriň taýýarlanylmagy, ýurduň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, degişli meýilnamalaryň kabul edilmegi we beýleki işler ýola goýlan. Şonuň esasynda hem dünýä tejribesini yzygiderli öwrenýän türkmen ýaşlary we hünärmenler täze giň mümkinçilikli, jemgyýetiň isleglerine kybap gelýän sanly taslamalary durmuşa geçirýärler. Olardan ýene-de täzeliklere garaşýarys.
Annaguly IŞANGULYÝEW.
«Türkmenistan».