Ykdysadyýetde möhüm ugur

Tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak, olary gaýtadan işlemekde we eksport etmekde amatly taslamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmek, uglewodorod çig mal serişdeleriniň ýangyç görnüşinde eksport mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň gaýtadan işlenilýän we ekologik taýdan arassa ahyrky önümleriniň möçberini ýokarlandyrmak, şeýlelikde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny has-da artdyrmak «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy wezipeleriniň hataryndadyr. 

                                                                   

Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzda gazyň çykarylýan möçberi, esasan, «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň hasabyna artdyrylar. Ol «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklarynyň golaýynda ýerleşýär. Şolar bilen umumylykda bu käniň tebigy gaz gorlary 27,4 trillion kub metr möçberinde bahalandyrylýar. Bu gaz ýatagy tebigy gazyň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Dünýäde iri gaz gorlarynyň biri bolan bu käni senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji, üçünji we dördünji tapgyrlarynyň çäklerinde gaz arassalaýjy desgalar toplumynyň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýär.  

                                                                   

Gaz senagatynda täze taslamalary durmuşa geçirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryň kuwwatlylygy artdyrylýar. Şolaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyny, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawody görkezmek bolar. Gyýanlydaky zawodda polietileniň we polipropileniň dürli görnüşleri öndürilýär. Şeýle-de ýokary dykyzlykdaky polietileniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu önüm pes basyşda etileniň polimerizasiýasynyň reaksiýasy esasynda alynýar we berkligi, aşgarlara himiki taýdan durnuklylygy bilen tapawutlanýar. 

                                                                   

Gaz pudagynda özara baglanyşykly ulgamlaýyn işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu işler Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamaga, gazyň bütindünýä sanawyna goşulan gorlaryny çalt depginler bilen özleşdirmäge, Hazar deňziniň ýalpaklygynda we kenarýaka zolagynda «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny düýpli artdyrmaga, bu babatda iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem ýokary netijeli innowasion tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak, gaz ylmyny ösdürmek we tejribesini artdyrmak boýunça işler dowam etdiriler. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, olaryň howpsuzlygy boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we kämilleşdirmek babatda öňdebaryjy kompaniýalar bilen tejribe alyşmaga aýratyn üns berler. 

                                                                   

Nebitiň, tebigy gazyň, gaz kondensatynyň täze ýataklaryny ýüze çykarmak, möçberini artdyrmak hem-de gözleg-buraw işleriniň depginini güýçlendirmek maksady bilen, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Uzynada, Demirgazyk Goturdepe, Günorta Uzynada ýaly meýdançalarda gözleg-barlag gazuw işleri alnyp barylýar. Geljekde Demirgazyk Goturdepe, Uzynada we Altyguýy ýataklarynda täze açylan gatlaklary burawlamak işini çaltlandyrmak arkaly nebitiň çykarylyşynyň häzirki derejesini saklamak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan içerki bazary ýokary hilli nebit önümleri bilen üpjün etmek we olaryň eksport ugurlaryny artdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Toplumda öndürilýän esasy önümlere ýokary oktanly awtoulag benzinleri, uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosin, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri, tehniki çalgy ýaglary, polipropilen, elektrodly taplanan koks, ýol we gurluşyk bitumy, galyňlygy 20, 25 we 30 mikrometr bolan gaplama, konditer önümçiliginde ulanylýan polipropilen örtükleri degişlidir. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýakyn wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda pes dykyzlykly polietilen, izobutan, metanol, poliwinilasetat, suwuk hlor, natriý sulfatyny öndürmek boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär.  

                                                                   

Diýarymyzyň nebitgaz pudagynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy energetika howpsuzlygyny, dünýä we sebit derejesinde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge goşant goşar. 

                                                                                                           

Maýa KELOWA,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.