«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 4-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde 2022-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelere baha berildi, geljek döwür üçin öňde duran möhüm wezipeler kesgitlenildi. Häzirki wagtda dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, gazanylýan netijeler ýurdumyzyň içeri we daşary ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylýan üstünliklerde hususy işewürleriň hem mynasyp goşandy bar.
Hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlary, döredýän amatly şertleri we maliýe goldawlary telekeçileriň netijeli işlemegine hem-de täze hususy önümçilikleriň döremegine amatly mümkinçilik berýär. Hususy işewürlerimiz ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda hem netijeli işleri alyp barýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda guş etiniň, ýumurtganyň, esasan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýändigi hem muňa anyk bir mysaldyr. Döwlet Baştutanymyza ýokarda agzalan mejlisde ilaty azyk harytlary bilen bökdençsiz we kadaly üpjün etmek üçin degişli düzümlere maliýe serişdelerini bölüp bermek teklip edildi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri makullap, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek barada karara gelendigini, zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem 150 million amerikan dollary möçberinde pul serişdeleriniň bölünip berilýändigini aýtdy, bu babatda degişli Karara gol çekdi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerine we ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýan hususyýetçileriň zähmetine ýokary baha berilýändiginiň hem-de olaryň döwlet tarapyndan yzygiderli goldanylýandygynyň ýene bir subutnamasy boldy.
Türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan orny barha ýokarlanýar. Döredilenine 14 ýyl bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi eýýäm 27 müňden gowrak agzany özünde jemleýär. Döwlet tarapyndan döredilýän amatly mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan işewürleriň şol döwürde öndüren senagat önümleriniň umumy möçberi 78,8 esse, oba hojalyk we azyk önümleriniň umumy möçberi bolsa 85,2 esse ýokarlandy. Bu görkeziji ykdysadyýetde jemi öndürilen önümleriň aglaba böleginiň hususy pudagyň zähmetkeşleriniň paýyna düşýändigini aňladýar.
Garaşsyz Watanymyzyň deňsiz-taýsyz ösüşlere beslenmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagy babatda türkmen telekeçileri tarapyndan durmuşa geçirilýän işler bimöçberdir. Kerki Halkara howa menziliniň açylmagy, Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy, Türkmenabat, Balkanabat, Daşoguz şäherlerinde «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň ulanmaga berilmegi, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanyşa berilmegi, şol ýoluň Tejen — Mary böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän dokma toplumlarynyň we başga-da onlarça täze binalardyr medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy türkmen telekeçileriniň amal eden giň gerimli işleriniň netijesidir.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzda elektron senagaty ösdürilýär. Bu ugurda «Agzybirlik tilsimatlary» hususy kärhanasy, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ykjam el telefonlary, kompýuterler, sowadyjylaryň, telewizorlaryň dürli görnüşleri we elektronika enjamlary öndürilip, ilata hödürlenilýär. Olaryň dünýä bazarynda hem öz ornuny tapmagy ýurdumyzda elektron senagatynyň ösmeginde alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini görkezýär. Bularyň hemmesi degişli ugurda importyň möçberini azaltmaga hem-de ilaty isleg bildirilýän harytlar bilen elýeterli bahadan üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şunda ekologik taýdan arassa, ýokary netijeli önümçilikleriň döredilmegine, ähli pudaklarda sanly ulgamlaryň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän möçberini, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda hyzmatlar hem-de söwda ulgamynyň ösdürilmegine uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.
Häzirki döwürde döwletimizde kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň täze hukuk esaslary döredildi. «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda» we «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, döwlet kärhanalary bilen kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, olara döwlet tarapyndan maliýe goldawyny bermek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky» gol çekilen Karar hem munuň aýdyň güwäsidir. Döwletimizde kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Indi ençeme ýyl bäri türkmen telekeçileri tarapyndan döwrebap kärhanalarda öndürilen, bäsdeşlige ukyply, «483» kodly, «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly milli önümlerimiz halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Elbetde, ýetilen sepgitlere garamazdan, öňde uly wezipeler durýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçirilen maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagyň, ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde telekeçiligi goldamagyň wajypdygyny aýdyp: «Häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmekde amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilmegi bilen döwlet goldawlaryndan peýdalanýan telekeçilerimiz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar» diýip belledi, şeýle hem öňde wajyp wezipeleri goýdy. Olaryň hatarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň üstümizdäki ýylda garaşylýan netijeleri boýunça gysga wagtyň içinde düýpli seljerme geçirmek, ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary köp çekmek ýaly ençeme möhüm çäreler bar. Maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi, halk hojalygynyň pudaklarynda telekeçileriň ornunyň artdyrylmagy, olaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy hususy işewürlerimizi täze gözleglere ruhlandyryp, rowaç menzillere atarýar.
Jumageldi SALAMOW.
«Türkmenistan».