ÝOKARY HILLI ÖNÜMLER
Köneürgenç etrabynyň ösümlik ýag kärhanasynyň garamagyndaky süýt we süýt önümleri bölüminiň zähmetsöýer işgärleri geçen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny guwandyryjy netijeler bilen jemlediler. Olar turşadylan süýt önümleriniň 104, mesge ýagynyň 71, peýniriň, doragyň hem 9 tonnasyny öndürip, bellenen ýyllyk meýilnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Bu üstünlikleriň gazanylmagyna Begenç Allabergenow, Baýrammät Kakabaýew, Almagül Arazgeldiýewa ýaly işçi-hünärmenler uly goşant goşdular. Bölümiň agzybir zähmet toparynyň agzalary häzirki günlerde hem öz işlerini öndürijilikli dowam etdirýärler. Bu bolsa her günde esli möçberdäki süýt önümlerini halkymyza ýetirmäge şert döredýär.
Gülhumar HOJAHMETOWA.
* * *
ÄTIÝAÇLYK ŞAÝLARY ÖNDÜRILÝÄR
Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Daşoguz motor abatlaýyş zawodynda her ýyl oba hojalyk işlerinde peýdalanylýan tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň uly möçberleri öndürilýär. Öňde goýlan şeýle wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zawodyň işçi-hünärmenleri geçen ýylda hem gaýratly zähmet çekdiler. Olar şonda dürli kysymly traktorlar, olaryň iş gurallary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň 25-e golaý görnüşini taýýarlamak bilen, pagtanyň, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek ugrundaky çäreleriň bökdençsiz alnyp barylmagyna önjeýli ýardam berdiler. Bu ýerde däne ýygýan kombaýnlar, sürüm traktorlary, ekiji gurallar üçin öndürilýän ätiýaçlyk şaýlary ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.
* * *
ÝAZ EKIŞINE TAÝÝARLYK
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň şalyçy kärendeçileri 2021-nji ýylda 3350 gektar meýdandan 14,5 müň tonna golaý şaly ýygnap Watan harmanyna goşmak bilen, belent sepgide eýe boldular. Gazanylan bu üstünlik bilen ruhlanan şalyçylar 2022-nji — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyna hem ynamly gadam basdylar. Şunlukda, olar häzirki günlerde şu ýyl şaly ekilmegi göz öňünde tutulýan meýdanlarda taýýarlyk çärelerini giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Bu babatda başarjaň şalyçylar Durdymyrat Atanazarow, Ýazgeldi Amanow, tejribeli mehanizatorlar Rejepdurdy Agajanow, Merdan Gylyjow we beýlekiler yhlaslylyk görkezýärler.