«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Ykdysadyýet toplumynda Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýän ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ýene-de bir ajaýyp kitaby halkymyzyň eline gowuşdy.

Şanly senäniň öň ýanynda Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy bahasyna ýetip bolmajak baýramçylyk sowgady boldy.

2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň ykdysadyýet toplumynyň mejlisler zalynda Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu dabara Maliýe ykdysadyýet, bank toplumynyň ýolbaşçylary, işgärleri ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öňýanynda watandaşlarymyza şeýle ajaýyp kitaby peşgeş berendigi üçin Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Çykyşlarda täze eseriň Hormatly Prezidentimiziň ozal meşhur kitaplarynyň hataryny artdyrandygy buýsanç bilen bellenildi hem-de şu mynasybetli Arkadag Prezidentimiziň adyna gutlag sözleri aýdyldy. Täze kitaby eliňe alan dessiňe, onuň sahypalaryny agdaryp, paýtagtymyzyň gözel görnüşlerini synlap, ony okamak, kitap bilen ýakyndan tanyşmak höwesi döreýär. Täze kitabyň ajaýyp mazmuny, bezelişi, çaphana işleriniň hem ýokary derejede ýerine ýetirilmegi onuň täsirliligini artdyrýar.

Dabarada çykyş edenler bu kitapda döwlet Baştutanymyzyň Watanymyza, paýtagtymyza, mähriban halkymyza söýgüsiniň beýan edilendigini aýratyn nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy bahasyna ýetip bolmajak baýramçylyk sowgady boldy.Täze kitap paýtagtymyz baradaky taryhy maglumatlara baýlygy, buýsançlylygy, çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýar.Täze eserde Aşgabat parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşmeýilliligiň, ýürekdeşligiň şäheri bolup dabaralanýar. Bu gymmatly kitap paýtagtymyz baradaky bagtyýarlyk we buýsanç senasydyr.

Owadan Aşgabat şäherimiz barada her birimiziň ýüregimizden çykýan «Arkadagymyzyň ak şäheri» diýen jümläniň döremegi ýöne ýerden däldir. Arkadag Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasaty bilen paýtagtymyzyň binagärlik keşbi, durmuş we hyzmatlar ulgamy soňky ýyllarda has özgerdi. Şularyň ählisi hem ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde mümkin bolýar. Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň ösdürilmegi tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz kitabyň girişinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

 Eşit, adam, dogan ilden

Gaýry mähriban ýurt bolmaz —

diýen goşgy setirlerini getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň kitabyň başynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligine ýüzlenmegi nusgalyk edebiýatymyzyň nesilleri baglanyşdyrýan uly güýjüni aýan edýär. Kitabyň“Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar” atly ikinji bölüminde Gahryman Arkdagymyz «ak arzuwlar», «ak şäher» söz düzümleriniň manysyny düşündirmek arkaly halkymyzyň gowy niýet tutunmak hakyndaky ynamyny beýan edýär.

Kitapda ählimiziň söýgüli şäherimiziň üýtgeşik gözelligini açyp görkezýän fotosuratlar döredijilik duýgurlygy bilen saýlanyp alnypdyr, olar paýtagtymyzyň taryhyny, şu gününi we geljegini beýan edýär. Okyja özboluşly binagärlik desgalarynyň täsinligini, giň şaýollary, iň täze awtobanlary synlamaga mümkinçilik berilýär. Bu ajaýyplyklaryň ählisi soňky ýyllarda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda guruldy. Çünki Aşgabat ýaşaýjylar üçin döredilen oňaýly şertleri babatda hem, hili babatda hem Ýewropanyň iň döwrebap paýtagtlaryndan pesde durýan däldir, hemme babatda nusgalyk şäher bolup durýar. Ol medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça ösüş merkezidir.

Kitap 6 bölümden ybarat bolup, ýeňil okalýar. “Göwni açygyň ýoly açyk” diýen bölümde “Ak şäherimiziň nurana ýollary”, “Şäheriň aşagyndaky şäher”, “Suw — ähli ýerde hem ýaşaýşyň çeşmesi”, “Energiýa üpjünçiligi — ähli zadyň sakasy” atly bölümçeler bar. “Aşgabat — dünýä binagärliginiň merjeni” diýen bölüm bolsa “Oňat ýaşamagyň ilkinji şerti — oňaýly, döwrebap öýler”, “Röwşen geljegiň binýady”, “Medeni hazynanyň jemlenen şäheri”, “Saglyk: ýaşaýşyň amatlylygynyň esasy şerti”, “Sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri”, “Aşgabat — halkara hyzmatdaşlyk merkezi”, “Binagärligiň täze nusgasy” atly bölümçeleri özünde jemleýär. Olarda getirilen maglumatlar döwrebap şäherimizi ösdürmegiň ugurlarynyň her biri hakyndaky bilimleri baýlaşdyrýar.

Täze kitapda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy ösdürmekde gazanylan üstünlikler hakynda jikme-jik gürrüň berilýär. Bu eseri okap, Hormatly Prezidentimziň zehinine, häzirki zamanyň ösen şähergurluşyk ylymlaryndan baş çykaryp, iň täsin taslamalary hem ýokary netijelilik bilen durmuşa geçirmek ussatlygyna haýran galýarsyň. Kitaby okan okyjy häzirki zamanyň gurluşyk, inženerçilik işleri, hyzmatlar ulgamy babatdaky täze düşünjeler bilen tanyş bolýar.

«Elbetde, geljekde-de her maşgalany aýratyn jaý bilen üpjün etmek maksatlarymyzdan ugur alyp, ýaşaýyş jaý gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etdireris» diýmek bilen, Hormatly Prezidentimiz oňaýly, amatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň baş maksatdygyny mälim edýär.

Biz ata-babalarymyzyň gadymy ýörelgelerini, uly ähmiýet beren asylly işlerini häzirki wagtda mynasyp dowam etdirýändigimize buýsanýarys.

Umuman aýdylanda, owadan paýtagtymyzda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen medeni-durmuş maksatly binalary gurmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylyp, şol işlere uly maýa goýum serişdeleri gönükdirildi. Ýurdumyzyň baş şäheri onuň ýaşaýjylarynyň ýürekden söýgüsiniň aýdyň mysalydyr.«Ak şäherim Aşgabat» kitaby bolsa paýtagtymyzyň şanly 140 ýyllygy mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň halkymyza ajaýyp peşgeşidir.

Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň “Binagärligiň täze nusgasy” atly bölümçesinde: «Biziň Aşgabady ösdürmek bilen bagly amala aşyrýan işlerimize halkara derejesinde hem ýokary bahar berilýär. Meniň bu aýdanlarymy Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna Aşgabat bilen baglanşykly rekordlaryň, täsinlikleriň 11-siniň girizilendigi hem şaýatlyk edýändir. Elbetde, ýurdumyz boýunça alanyňda, bu san has hem köp.Olaryň ählisi hem halkymyzyň guwanjydyr, buýsanjydyr.Ýöne şu işiň dowamynda diňe paýtagtymyz bilen bagly 11 sany täsinlige aýratyn orun bermegi makul bildim.Olaryň ählisi hem 2000-nji ýyldan soň bu meşhur kitaba girizildi» diýip bellenilýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynda geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň adyna ýüzlenme kabul etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle gymmatly kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny, galamynyň ujynyň ýiti bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli döwletli işleriniň mundan beýlägem rowaç almagyny arzuw etdiler.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi