Ykdysadyýet: sebit syýasatynda möhüm ugurlar

Sebit syýasaty ähli welaýatlaryň durmuş-ykdysady ösüşini ýokary depginler bilen alyp barmaga, olaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyna goşýan goşandyny artdyrmaga, has netijeli üpjünçilik ulgamyny döretmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmagyň we halkara ülňülere laýyk getirmegiň esasy maddy binýady hökmünde içerki bazarlary we eksporta niýetlenen ýokary hilli önümçilikleri döretmäge gönükdirilendir. Munuň özi welaýatlar üçin deň ösüş şertlerini döredýär. Onuň maksady ilat üçin ýokary hilli durmuş şertlerini üpjün etmekden ybaratdyr. Şonuň üçin sebit syýasatynda ilatyň zähmet üpjünçiligini ýokarlandyrmak, durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda goýulýar. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň sebitleriniň öndüriji güýçleriniň we önümçilik gatnaşyklarynyň doly derejede ulanylmagy esasy wezipeleriň biridir.

Sebitleýin syýasat maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Durnukly ösüş maksatlarynyň çözgüdine şeýle çemeleşme jemgyýetiň ösüş mümkinçiliklerine çuňňur düşünmäge, bu ugurda öňde durýan wezipelere aýdyň göz ýetirmäge we ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň sebitleýin ösüşi «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle hem Oba milli maksatnamasynda öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň sebitleriniň birnäçe ýöriteleşdirilen ugurlary bar. Her welaýatyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini köptaraplaýyn ulanmaga gönükdirilen wezipeler agzalyp geçilen maksatnamalaryň özenini düzýär. Her sebitiň geografik taýdan ýerleşişi, howa we tebigy aýratynlyklary, gazylyp alynýan peýdaly tebigy serişdeleri hem-de beýleki amatly şertler welaýatlaryň ykdysady ösüşine düýpli täsirini ýetirýär.

Sebitleriň ykdysady kuwwaty olaryň zähmete ukyply ilat hem-de täze tehnika we tilsimatlar bilen üpjün edilişi, ulag, durmuş hyzmatlary kärhanalarynyň işleýşi bilen berk baglanyşyklydyr. Sebitiň ykdysady rowaçlygy önümçilik kärhanalarynyň ýerleşişine, öndüriji güýçleriň önümçilik gatnaşyklaryna laýyk gelşine we başga-da birnäçe durmuş-ykdysady görkezijilere baglydyr.

2020-nji ýylyň netijeleri Türkmenistanyň senagat taýdan ösüp barýan döwlete öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Durmuşa geçirilýän özgertmeler türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Geçen ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 5,9 göterime ýetdi. Şunda senagat pudagynyň paýy 28,1 göterime, söwda ulgamynyňky 18,4 göterime, oba hojalygynyňky 12,2 göterime, ulag we aragatnaşyk ulgamynyňky 10,6 göterime, gurluşyk pudagynyňky 9,2 göterime we beýleki hyzmatlaryň paýy 21,5 göterime deň boldy. Senagat milli ykdysadyýetiň depginli ösýän pudaklarynyň biri bolmak bilen, soňky ýyllarda kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, bu ugry has-da kuwwatlandyrmak maksady bilen, köp sanly iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýet üçin täze pudaklar bolan metallurgiýa, dag-magdan, nebit we gazhimiýa, gämi gurluşygy, elektron senagat ýaly pudaklar döredilýär. Birnäçe häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan önümçilik desgalary, döwrebap kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär. Olara mysal edip, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumyny we Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän zawody, metal zawodyny we başga-da birnäçe senagat kärhanalaryny görkezmek bolar.

Milli ykdysadyýeti pugtalandyrmakda täze ylmy çemeleşmeleriň üsti bilen elektron senagaty ösdürmekde hem ilkinji ädimler ädildi. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda elektron we elektrik önümlerini öndürýän ilkinji hususy kärhanadyr. Onda öndürilýän elektronika enjamlary diňe bir içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrman, eýsem, daşary ýurtlarda hem tanalyp ugrady.

Sebitleri senagatlaşdyrmak ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa oba ilatynyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Statistiki maglumatlara görä, 2020-nji ýylda Türkmenistanda senagat önümçiliginiň umumy möçberiniň 24,9 göterimi Mary welaýatynyň, 23,5 göterimi Balkan welaýatynyň, 21,8 göterimi Lebap welaýatynyň, 11,6 göterimi Ahal welaýatynyň, 6,0 göterimi Daşoguz welaýatynyň, 12,2 göterimi Aşgabat şäheriniň paýyna düşýär.

Her welaýatda özboluşly zähmet bölünişigi bolup, ol senagatyň dürli ugurlary boýunça ýöriteleşdirilendir. Mysal üçin, 2020-nji ýylda ýurdumyz boýunça nebit çykarýan senagatyň önüminiň 99,2 göterimi, nebiti gaýtadan işleýän senagatyň önüminiň 85,7 göterimi, himiýa senagatynyň önüminiň 48 göterimi Balkan welaýatynda, gaz senagatynyň önüminiň 48,1 göterimi Lebap welaýatynda, 36,4 göterimi Mary welaýatynda, maşyngurluşygy we metaly işläp bejeriş senagatynyň önüminiň 53,2 göterimi Aşgabat şäherinde öndürildi. Hasabat ýylynda ýurdumyz boýunça öndürilen elektrik energiýasynyň 44,0 göterimi Mary welaýatynyň paýyna düşdi.

Oba hojalyk önümçiligi boýunça hem welaýatlar toprak-howa şertlerine görä ýöriteleşdirilendir. Geçen ýylda Ahal welaýatynda ýurdumyzda öndürilen üzümiň 68,3 göterimi, Daşoguz welaýatynda şalynyň 43,0 göterimi, miweleriň we ir-iýmişleriň 43,2 göterimi, Lebap welaýatynda şalynyň 57,0 göterimi, piläniň 53,4 göterimi, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň 97,9 göterimi öndürildi.

Ýurdumyz boýunça öndürilen maldarçylyk önümlerinden süýdüň 41,8 göterimi Daşoguz welaýatynda, guş etiniň 33,8 göterimi Ahal welaýatynda, ary balynyň 41,4 göterimi Mary welaýatynda öndürildi. Welaýatlarda öndürilýän oba hojalyk önümleri sebitlerde gurlan, häzirki zamanyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalarynda gaýtadan işlenilýär hem-de ýerli ilatyň azyk we senagat önümlerine bolan islegleri kanagatlandyrylýar.

Sebitleýin döwlet syýasaty ýurduň milli ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýokarlanmagyna, her welaýatyň, etrabyň, şäheriň ykdysady ösüşi üçin amatly şertleriň döredilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň bilen bir wagtda sebitleriň ýöriteleşme ýagdaýy olaryň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyny, durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi bolsa ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Maýa KULYÝEWA,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň sebitler boýunça ösüş bölüminiň esasy hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/47823