Ykdysadyýet: innowasion-senagat taýdan ösüş

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen Milli maksatnamasynda ykdysadyýetiň pudaklaryny innowasiýa taýdan täze sepgitlere ýetirmek boýunça anyk wezipeler, durmuşa geçirilmeli toplumlaýyn işler kesgitlenildi. Olaryň hatarynda milli ykdysadyýeti innowasion-senagat taýdan ösdürmek, önümçilige ylmyň gazananlaryny we täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ösen ýurtlaryň tejribesine laýyklykda, innowasiýa ulgamynyň düzümini, gurluşyny kämilleşdirmek, innowasiýalar bazaryny döretmäge we ösdürmäge yzygiderli ýardam etmek, şeýle-de ylym we tehnologiýalar ulgamynda innowasiýa işini goldamak hem-de dolandyrmak ýaly ugurlary görkezmek bolar.

Innowasiýalar uzak möhletli ykdysady ösüşiň, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy üpjün etmegiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy çeşmesi bolup durýar. Ykdysadyýetde innowasion ösüşi gazanmakda milli innowasiýa ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu ulgam öz içine, esasan, döwleti, işewürligi, ylmy-barlag gurşawyny, innowasion gurluşlary (tehnologiýalaryň transfer merkezlerini, tehnologiýa parklaryny we ş.m.), guramaçylykly raýat jemgyýetini, innowasiýa işleri boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlary alýar.

Döwlet saýlanyp alnan innowasion ösüş nusgasyna garamazdan, ýurduň innowasiýa ýoly bilen öňe gitmeginiň esasy başyny başlaýjy, utgaşdyryjy hem-de ýardam ediji hökmünde çykyş edýär. Innowasiýa işine berilýän döwlet goldawy bu işi güýçlendirmäge gönükdirilen syýasatyň gurallarynyň biri bolup hyzmat edýär. Şol goldawlar innowasiýa strategiýasynyň durmuşa geçirilişini üpjün edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynda öz beýanyny tapmak bilen, innowasiýalary döretmäge, olara gatnaşyjylary höweslendirmäge itergi berýär.

Milli innowasiýa ulgamynyň binýadyny düýpli ylmy barlaglary ýerine ýetirýän we täze başlangyçlara badalga berýän guramalar emele getirýär. Olara bilimleri döretmek, ýaýratmak hem-de ulanmak bilen meşgullanýan institutlar, şeýle hem ylmy barlaglary we işläp taýýarlamalary üpjün edýän, daşary ýurt tejribesini içgin seljerýän, ylmy-tehniki ösüşiň çaklamalaryny taýýarlaýan we olaryň esasynda ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän merkezler ýaly ykdysady gurluşlar degişlidir.

Tehnologik ösüş milli innowasiýa ulgamynyň gatnaşyjylary bolan kärhanalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň arasyndaky netijeli özara gatnaşygyň ýola goýulmagy esasynda gazanylýar. Hereket edýän milli innowasiýa ulgamlary biri-birinden tapawutlanýar. Her bir döwletiň bu ulgamynyň öňünde özboluşly maksatlar hem-de wezipeler goýulýar. Ulgamyň ösüşi makroykdysady syýasat, ylmy-tehnologik kuwwat, zähmet bazarynyň ýagdaýy, jemgyýetçilik pikiri, taryh, medeni däpler bilen berk baglanyşyklydyr.

Ylym, bilim we önümçilik — innowasiýa ulgamynda özara baglanyşykly hem-de biri-birine garaşly ugurlardyr. Ylym önümçiligiň we bilimiň ösmegi üçin binýatlyk gurşaw hökmünde çykyş edýär. Önümçilik innowasiýalaryny maliýeleşdirmegiň çeşmesi hem-de ylmy işläp taýýarlamalaryň esasy maýa goýujysy bolup çykyş edýär. Bilim bolsa ylymda we önümçilikde zähmet çekjek bäsdeşlige ukyply işgärleri taýýarlamagy üpjün edýän ulgamdyr. Ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky berk baglanyşygyň özara täsiri ykdysadyýetiň innowasion ösüşiniň şertlerini, şeýle hem täze başlangyçlara esaslanýan ykdysadyýete geçmegiň mümkinçiliklerini kesgitleýär. Senagat taýdan ösen ýurtlarda jemi içerki önümiň ösüşiniň ep-esli bölegi täze bilimleri özünde saklaýan tehnologiýalaryň, enjamlaryň we tehnikalaryň paýyna düşýär. Dünýäniň ýurtlary innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary döretmäge, olary durmuşa ornaşdyrmaga uly üns berýärler.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär» diýip belledi. Ýurdumyzda dünýä standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen innowasion önümçilikleriň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi döwür bilen aýakdaş gitmekdir.

Dünýä tejribesinde milli innowasiýa ulgamynyň birnäçe nusgalary bar. Olaryň hatarynda Ýewroatlantik, Gündogar Aziýa, alternatiw we «üç spiral» görnüşleri aýratyn tapawutlanýar. Ýewroatlantik nusgasyna degişli ýurtlaryň kompaniýalary düýpli ylmy barlaglardan başlap, önümleriň öndürilişine we hyzmatlaryň ýerine ýetirilişine çenli innowasiýa ulgamynyň ähli ugurlaryny özüne birleşdirýär.

Gündogar Aziýa nusgasyna girýän ýurtlarda tehniki innowasiýalar, täze tehnologiýalar kompaniýalaryň ylmy-barlag merkezlerinde döredilýär. Alternatiw nusgasyna bolsa ylmy-tehnologik ösüş derejesi pes bolan ýurtlar degişlidir. Bu nusga düýpli we amaly ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak, ýokary tehnologik önümleri dünýä bazarlaryna çykarmagyň pes görkezijiligi bilen häsiýetlendirilýär. «Üç spiral» nusgasy döwletiň, uniwersitetleriň we işewürligiň özara berk arabaglanyşygy esasynda ýüze çykýar. Bu nusga uniwersitetleriň ýanynda tehnologiýalar merkezleriniň hereket etmegi, döwletiň maýa goýujynyň wezipesini ýerine ýetirmegi, işewürligiň bolsa bilim bermek işine gatnaşmagy ýaly tapawutly aýratynlyklar mahsusdyr.

Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlarda innowasiýa ulgamynyň «üç spiral» nusgasy ýörgünlidir. Dünýäniň beýleki ýurtlary, şol sanda Türkmenistan hem milli innowasiýa ulgamyny ösdürmekde «üç spiral» nusgasyna eýermäge çalyşýar.

Häzir bolsa alymlar innowasiýa ulgamynyň has ösen, çylşyrymly hasaplanýan «dört spiral» we «bäş spiral» nusgalarynyň üstünde işleýärler. «Üç spiral» nusgasyndan tapawutlylykda, «dört spiral» nusgasy jemgyýetçiligi öz içine alýar. «Jemgyýetçilik» diýlip, ilkinji nobatda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, döredijilik senagatyna, medeniýete, gymmatlyklara, durmuş ýörelgelerine, sungata, döredijilik toparyna düşünilýär. Ylym we bilim (uniwersitetler we ylmy-barlag edaralary); ykdysady gurşaw (senagat, hyzmatlar ýaýrawy we ş.m.); durmuş-ykdysady, şol sanda innowasion ösüşi kesgitleýän döwlet we syýasy institutlar; jemgyýetçilik (medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri) «dört spiral» nusgasynyň özenini düzýär.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli innowasiýa ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn we toplumlaýyn işler geljekde bu ulgamy öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda ösdürmäge şert döreder.

Gulbeşer BABAÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.