28-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Garaşsyz döwletimizi ýakyn 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» taslamasynyň işlenip taýýarlanandygy habar berildi. Bu iňňän möhüm resminama ýakynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylar. Munuň özi, aslynda, dünýäniň we ýurduň ösüşinde ykdysadyýetiň barha artýan orny, geljek döwürde bu pudagyň adamzadyň tutuş ösüşindäki ähmiýeti barada oýlanmagymyza uly badalga boldy.
Adamzadyň abadançylygy jähetden ykdysadyýetiň ähmiýeti hemişe-de peslär ýaly närse däldir welin, indi-hä munuň özi şeýle ösüşiň kesgitleýji şertine öwrüldi. Ol häzirki zaman ykdysadyýetiniň we ýaşaýşyň özara täsiriniň barha artyp, şeýle mäkäm baglanyşygyň bir kökene düzülendiginden habar berýär.
Şeýlelikde, şu özara baglanyşykly ugurdyr ulgamlaryň özleriniň hem ykdysadyýetiň ösüşine dahyllylygynyň artmagy bilen, täze ýagdaý, has derwaýys zerurlyk döreýär. Muňa ýeke delil: ylym-bilime uly üns beren ýurduň umumy ösüşi hem çuňdan ygtybarlydyr. «Akylly» tehnikadyr döwrebap desgalaryň gerimi giňäp, olaryň ulgamlaýyn bitewülige öwrülip başlan mahaly, ylaýta-da, munuň üstüne düýpden täze ykdysadyýetiň, ýagny sanly ykdysadyýetiň kemala gelýän şu döwründe ylmyň hut özüniň gönüden-göni öndüriji, hatda dörediji güýje öwrülişiniň gidiş hörpi has-da depginli häsiýete eýe bolýar.
Diýmek, ykdysadyýetiň ösmegi ylym-bilimiň ösmegine getirýär diýlen ozalky birtaraplaýyn düşünje baýlaşyp, indi ýaş nesle döwrebap bilimiň berilmeginiň we ýurduň ylymdyr tehnologiýalar arkaly ösdürilmeginiň geljekki umumy ösüşiň ýeke-täk kepilidigine diňe alymlar däl, eýsem, tutuş jemgyýet magat göz ýetirdi. Onsoň, hormatly Prezidentimiziň öndengörüji paýhas-parasatydyr uly tagallalary bilen tutuş ýurtda yzygiderli-ulgamlaýyn we köpugurly-toplumlaýyn özgerişleriň netijesinde düýpli öwrülişikler bolup geçdi. Aň öwrülişiklerini hem öz içine alýan şeýle tutumly işleri okyjylaryň birin-birin bilýändigini nazara alyp, indi dördünji senagat rewolýusiýasy, maglumat asyry, sanly ulgam, innowasiýalar zamany, smart, ýagny «akylly» tehnologiýalar, «akylly» öý, «akylly» şäher, «ýaşyl» ykdysadyýet ýaly düşünjeleriň we ýene-ýeneleriň gündelik dil medeniýetimize giriberendigini aýtmak bilen çäklenýäris. Çünki döwlet we jemgyýet, telekeçi we her bir raýat indi diňe innowasiýalar arkaly ösüş bilen aýakdaş gidip, dünýä çäginde ýitileşýän bäsdeşlige bäs gelip bolýandygyna düşündi. Ösen ýurtlarda jemi içerki önümiň ortaça 2 — 4 göterimi möçberindäki çykdajy innowasiýalara getirýän ylmy-barlaglardyr konstruktorçylyk işine harçlanylýar. Diýmek, indi tutuş jemgyýetiň özi ykdysady sanlylaşdyrma ýaly düýpli özgerişler arkaly hil taýdan ösüşi başdan geçirýär. Şeýle ýagdaý, ozaly bilen, ykdysadyýetde täze garaýyşly çemeleşmelere getirýär: önümdir hyzmatyň hiline esasy ünsi gönükdirmegimizi, özem biri-birinden gowy görnüşli önümlerdir hyzmatlary hem yzygiderli we üznüksiz täzelenip duran terzde işlemegimizi häzirki döwür öňe sürýär.
Ykdysady we medeni, hatda syýasy-ynsanperwer ýaly aýry-aýry saýylýan ugurlaryň indi şeýle jebis goşulyşmalary bilen baglanyşykly bir umumy kada, käbir jähetlerde bir galyba salmak arkaly bolup geçýän özgerişler her bir halkyň, her bir ýurduň, megerem, her bir raýatyň oňyn-artykmaç taraplaryny has-da ösdürmäge, ylaýta-da, tutuş dünýä ýaýratmaga ozal görlüp-eşidilmedik şertleri döredýär. Diýmek, giden bir milletiň däl, eýsem, her bir şahsyň hem döredijilikli işlemegine, onuň netije-eşretini görmäge ozalky döwürler bilen deňeşdirip bolmajak derejede mümkinçilik döredi. Ýöne welin, globallaşma hadysasy dünýä derejesindäki bäsdeşligi hem getirdi. Onsoň, bitiren işiň islegli, hyrydarly bolmagy üçin, dünýäde özüň ýaly bu ugurda işleýän bäsdeşleriňden rüstem çykmaly. Ine, şunuň özi hem biziň her birimiziň döwrebaplykdan, dünýäbaplykdan pes bolmadyk derejede işlemegimizi talap edýär. Muny ýurdumyzda alnyp barylýan şu günki işleriň netijesi we dünýä ýurtlarynyň tejribesi äşgär edýär. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ykdysadyýetde eksporty, mümkingadar, ýokary depginde ösdürmek, şonça-da importy azaltmak, munuň üçin ykdysady diwersifikasiýany dowam etmek, işewürligi has-da ösdürmekden ötri, döwlet goldawyny bermek, ylym-bilim ulgamynda milli tejribä esaslanýan we dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň tejribesinden ugur almak, halkara hyzmatdaşlykda hemişelik Bitaraplyk taglymatyna daýanmak, ekologiýa we ynsan saglygy meselelerindäki başlangyçlardyr amal edilýän tutumly işler ýaly ýene ençeme tagallalary indi diňe bize däl, eýsem, külli äleme mälim.
Onsoňam, biz bu zatlaryň oňyn netijesini hem göre-göre gelýäris, ahbetin. Muňa iň täze gowulyklar, ýagny geçen ýylyň netijeleri hem degerli delil bolsa gerek. Dünýädäki belli sebäplere görä dörän we dowam edýän kynçylyklara garamazdan, ykdysadyýetimizde 2021-nji ýylda hem, ozalkylary ýaly, durnukly we depginli ösüş saklanyp galdy. Durmuş, saglygy goraýyş, bilim we beýleki ugurlarda bolsa hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň mizemezligi üpjün edildi. Ýeri gelende, şeýle oňyn ýagdaýlaryň aladasynyň öňünden edilýändigini 2022-nji ýylyň Döwlet býujetinden hem görüp bolýandygyny ýatlap geçmek ýakymly. Munuň üstüne, nesip bolsa, ýurdumyzda gurlup, yzly-yzyna ulanyşa berilýän dürli-dürli durmuş we hyzmat ediş maksatly ymaratlaryň hözirini görüp, täze önümçilik desgalaryndan bolsa il-ýurt üçin az bolmadyk gazanç-düşewünt edineris.
Köňle gonan şeýle ganatly arzuwlar bizi ýeneki tutumlara sary atarýar. Bu uludan-uly, täzeden-täze tutumlara ynam-umytly garamaga bizde hakyt tylladanam gymmat genji-hazynadan püre-pür humly esas bar, ol tutumlary rowaçlykdan-rowaçlyga rowana eýleýän, özem asla könelmeýän ýol-ýörelgedir. Ol dana pederlerimiziň mizemez mirasy — akyl-paýhasy. Ýa-da ol, has takyk aýdylsa, aň-paýhas gurşawy hem-de çözgüdi. Dogrudan-da, «akylly», isripsiz tehnologiýalaryň jemgyýeti barha ykjam gurşaýan zamanynda şeýle işleriň çözgüdi hem ýeke — aň-paýhas bolmaly. Biosferanyň ösüp-ösüp ýeten gudrat diýäýmeli derejesinde adamyň akyl-paýhasy we muňa gönükdirilen işi-tagallasy kuwwatly güýje, özem täsiri barha artýan terzdäki güýje öwrülýär. Ähli gerekli çözgütler — tebigatda we jemgyýetde, ynsanyň aňynda. Ýöne şolardan has netijeli, dogry we doly çözgüdi aň-paýhasymyz bilen tapmak — adamzadyň jana-jan işi. Şu ugurda indi bir uly könelmeýän täzelik bar, ol peder mirasy — pelsepedir. Şeýle filosofiýa ozalky eklektiki düşünjeleri, ýagny biri-biri bilen bir ýere sygyşmaýan diýilýän zatlary hem oňuşdyrýar. Ýogsa-da, şeýle çözgütleriň tapylmagynda sungatyň işi hem az däl: binagärlikde eklektiki çözgütler bireýýämden bäri bir bitewüligi, sazlaşygy emele getirýär. Şeýdibem, maşgala gatnaşyklarymyzdan başlap, ynsan bilen tebigat, raýat bilen döwlet, ýurtlardyr halklar arasy ýaly, ähli ululy-kiçili gatnaşyklarymyzda birek-biregiň bähbidini des-deň araýan hyzmatdaşlyk gelip, şunuň netijesinde döreýän ýagdaýlardyr gurluşlar arkaly tutuş dünýä biri-biriniň üstüni ýetirýän dürdanalyga — aňzarlyga öwrülýär. Şeýdibem, aň-paýhasdan dörän ysnyşyk — tebigatyň, jemgyýetiň we raýatyň arasyndaky arzyly sazlaşyk gelýär.
Hakberdi AMANMYRADOW.
«Türkmenistan».