1-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýurdumyzyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň bank ulgamynyň işgärlerine Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda: «Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän we «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ulgamy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Häzirki döwürde bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzda möhüm orun eýeleýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, töwekgelçilikleri we maýa goýumlary dolandyrmagyň netijeli usullaryny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyrmak ulgamyny ösdürmegiň hem-de işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, bankyň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmagyň esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň biridir» diýlip bellenilýär.
Gutlagda milli maksatnamalarymyzyň işjeň durmuşa geçirilmeginiň halkara giňişliginde-de öz beýanyny tapýandygy nygtalýar. Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşine halkara guramalar tarapyndan hem oňyn baha berilýär. Dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýändigine garamazdan, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesi has-da pugtalandyrylýar. Muňa halkara agentlik tarapyndan Türkmenistana berlen derejeler hem şaýatlyk edýär.
Maslahatda edilen çykyşlarda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň türkmen döwletiniň taryhynda möhüm waka bolandygy bellenildi. Bu taryhy waka ýurdumyzyň garaşsyz ykdysady syýasatynyň başlanandygyny alamatlandyryp, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bellenilen sepgitlere üstünlikli ýetmekde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeledi.
Maslahata gatnaşanlar türkmen döwletiniň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmekde işjeň orny barada aýtmak bilen, milli Liderimiziň halk hojalygy toplumynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrýan düýpli, oýlanyşykly özgertmeleriniň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin uly mümkinçilikleri döredýändigini bellediler.
Şanly sene mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Garaşsyzlyk ýyllary içinde goýberilen pul birlikleriniň nusgalaryny, gymmat bahaly metallardan taýýarlanylan ýadygärlik şaýy pullary, milli zergärçilik şaý-seplerini hem-de ýurdumyzyň numizmatikasynyň taryhyna bagyşlanan maglumatlary özünde jemleýän ýörite sergi guraldy.
«Watan».