Ýurdumyzyň geljegi uly bolan pudaklarynyň biri hem nebitgaz ulgamydyr. Häzirki wagtda bu pudagy yzygiderli kämilleşdirmek bilen bir hatarda, täze gözlegler esasynda onuň eksport we ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem möhüm ädimler ädildi. Fewral aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu forum ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň halkara derejesinde eýeleýän ornuny açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Ýakynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda ýerine ýetirilen işler barada hem hasabat berildi. Hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 101,2, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama 100,8, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 105, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy bolsa 110,7, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 105,3 göterim ýerine ýetirildi. Bu netijeler uly üstünlikler bilen başy başlanan ýylymyzda eziz Watanymyzyň okgunly ösüşleriniň batly depginlerde dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň beýik üstünlikleri, şöhratly ösüşleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!
Batyr ÝEGŞEMOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.