«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda iri halkara çäreleriň geçirilmegi mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň dowamynda parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň yzygiderli ösüşdediginiň aýdyň görkezijileri bolup durýar. Şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde bäş sany ugurdaş çäräniň geçirilmegi özara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini görkezdi. Şolaryň birisi-de, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumydyr. Şeýle forumyň geçirilmegi bu halkara çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Sebit ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary täzeden dikeltmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ony giňeltmek we hil taýdan täzelemek şu günüň wajyp wezipeleri bolup öňe çykýar. Bu babatda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz sebitde söwda-ykdysady ugurlary ösdürmek bilen bagly birnäçe başlangyçlary beýan etdi. Şol başlangyçlaryň biri — orta möhletli döwre niýetlenen, ozalky gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak bilen baglydyr. Gahryman Arkadagymyz bu wezipäni çözmegiň ýollaryny ulgamlaýyn esasda gözläp tapyp biljek bäştaraplaýyn iş edarasyny döretmegiň maksada laýykdygy baradaky pikiri öňe sürdi we muňa daşary ýurtly hyzmatdaşlygy çekmek mümkinçiligi bilen Merkezi Aziýada ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürler geňeşini döretmek baradaky meselä garamagy teklip etdi. Sebit ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugry hökmünde daşary ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, ilki bilen-de, munuň energetika, ulag, söwda ulgamlarynda bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy teklip edip boljak goňşy döwletler bilen amala aşyrylmalydygyny belledi.
Ykdysady gatnaşyklar, söwda, özara alyş-beriş ykdysady bähbitler bilen bilelikde, durmuş, medeni-ruhy hajatlary kanagatlandyrmaga hem hyzmat edýär. Ykdysady gatnaşyklar, söwda jemgyýetçilik gatnaşygy bolup, ol adamlary we ýurtlary bir-biri bilen ýakynlaşdyrmagyň serişdesi hökmünde çykyş edýär. Ykdysady gatnaşyklaryň döwletara gatnaşyklarda parahatçylygy pugtalandyrmak, ylalaşdyryjylyk, ösüş ugrunda tagallalary birleşdirmek wezipesini hem ýerine ýetirýändigine taryhy Beýik Ýüpek ýoly şaýatlyk edipdir. Beýik Ýüpek ýoly biziň eýýamymyzyň birinji müňýyllygynda Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwda we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýoly bolup hyzmat edipdir. Bu ýoluň halklaryň arasyndaky dürli ugurlardaky syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolupdyr. Beýik Ýüpek ýoly gadymy medeniýetiň gazanan üstünlikleriniň biri bolup, ol adamzadyň taryhynda ilkinji gezek Ýewropadan başlap, Hytaýa çenli aralykdaky ägirt uly giňişlikde halklaryň özara birleşmegine we dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegine giň ýol açypdyr. Bu aragatnaşyk Merkezi Aziýanyň, hususan-da, Türkmenistanyň üsti bilen ýola goýlupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Gürgenç, Şähristan, Nusaý, Merw, Sarahs, Abiwerd, Dehistan we Amul ýaly şäherler esasy orny eýeläpdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly gymmatly kitabynda: «Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de işjeň hereket etmeginde hem esasy orunlaryň biri türkmenlere degişlidir» diýlip bellenilýär.
Biziň halkymyz goňşulary bilen mylakatly, ysnyşykly, ylalaşykly ýaşamagy halaýan hem başarýan halk. Türkmenistan geçmişde hem, şu gün hem Merkezi Aziýa sebitinde amatly söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär. Türkmeniň goňşy halklary bilen gatnaşyklarynyň esasynda amatly söwda gatnaşyklarynyň hem orny uludyr. Bu gatnaşyklarda türkmen diňe öz bähbidini ileri sürüp, goňşusynyň bähbidini kemsitmändir. Gadymyýetde Gündogary Günbatar bilen birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly bu gün döwrebap täzeden dikeldilip, halkara hyzmatdaşlygyň ýoluna öwrülýär. Garaşsyz Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda geografik taýdan örän amatly ýerleşmegi bu gadymy kerwen ýoluny dost-doganlygyň, hyzmatdaşlygyň ýoluna öwürmäge oňat mümkinçilikleri döredýär. Häzirki zaman köp şahaly ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol syýasat ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu ýurtlaryň ykdysady we senagat kuwwatyny berkitmek, integrasiýa gatnaşyklaryny giňeltmek, halklaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak dünýä ykdysadyýetiniň globallaşma şertlerinde olary ösdürmegiň esasy ugurlary bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz: “Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen has ýakyn ykdysady hem-de ylmy-tehniki taýdan goşulyşmaga gyzyklanma bildirýär” diýip, energetika, ulag we logistika düzümlerini kämilleşdirmek ýaly ugurlarda öz toplan tejribämizi paýlaşmaga, şeýle hem sanly ykdysadyýetiň, täze tehnologiýalary we innowasiýalary peýdalanmagyň möhüm ugurlary boýunça bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny belledi.
Bu ykdysady forumda sebitiň döwletleriniň söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri üns merkezinde boldy. Bu ugurlaryň geljekki ösüşi Durnukly ösüş maksatlary bilen gönüden-göni bagly bolup, olar sebitara derejesinde bolşy ýaly, dünýä hojalyk gatnaşyklarynda-da möhüm ähmiýetlidir. Ykdysady forum oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşi üçin ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, oňyn hyzmatdaşlyk we ösüş maksatlarynda netijeli teklipleri işläp taýýarlamak babatda möhüm meýdança bolup durýar. Şeýle forumlar sebitiň şu gününi we geljegini nazarlaýan halkara taslamalaryň bilelikde işlenip taýýarlanylmagyna itergi berýär.
Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bu forumda öz çykyşynda häzirki döwürde ykdysady ösüşiň durnukly ugruna çykmaga, durmuş taýdan ösüşiň maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin şertleriň üpjün edilmegine, sebitiň ýurtlarynyň Baştutanlarynyň gazanan ylalaşyklaryna laýyklykda, özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalary we anyk wezipeleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň özara hyzmatdaşlykda esasy ugurlaryň hatarynda ulag we energetika ulgamlarynyň ileri tutulýandygyny belledi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň strategik Ýewraziýa ýollarynyň çatryklarynda çäk taýdan ýerleşmegiň amatlyklary, uly möçberli serişde — çig mal kuwwaty, ykdysady ösüşde ölçegleriň birnäçesi boýunça düzüm ylalaşyklygyny bar bolan bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklar hökmünde görkezmek bilen, olary doly peýdalanmagyň gerekdigine ünsi çekdi. Elbetde, bu şertler Merkezi Aziýa sebitini uly we uzak möhletleýin daşarky maýa goýumlary üçin özüne çekiji sebite öwürýär, giň halkara hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikleri açýar. Bu mümkinçilikleri ýakynlaşdyrmak üçin degişli derejedäki itergini sebitiň döwletleriniň anyk ädimler, ilki bilen bolsa, giň gerimli düzüm taslamalarynyň başyny başlamak arkaly amal etmelidigi baradaky pikir derwaýys çözgüt bolup durýar.
Ykdysady forumda ugurlar boýunça mejlisler geçirilip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri; energetika we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri; ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk ýaly ugurlar boýunça gün tertibine girizilen meseleler boýunça pikir alşyldy. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyz energetikany dünýä bazaryna ugratmagyň köpugurly düzümini yzygiderli ösdürmäge uly üns berýär. Türkmenistan—Özbegistan—Gazagystan—Hytaý gaz geçirijisi bu ulgamda sebit döwletleriniň üstünlikli hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasydyr. Himiýa senagaty ýurdumyzyň geljegi uly pudaklarynyň biri bolup, bu pudaga iri maýa goýumlar goýulýar. “Marykarbamid” we “Garabogazkarbamid” zawodlarynda öndürilýän azot dökünleri, Gyýanlydaky polimer zawodynyň, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän zawodyň, Lebap welaýatyndaky kaliý dökünlerini öndürýän toplumyň önümleri milli himiýa senagatynyň kuwwatyny görkezýär. Çig maly gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilýän döwrebap senagat toplumlar guruldy, bu himiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny berkitmäge iri maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmeginiň netijesidir. Bu gün “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň köpýyllyk hyzmatdaşlarynyň hatarynda Gazagystanyň “Kazfosfat” we “Kazazot”, Özbegistanyň “Uzkimýosanoat”, “Ferganaazot” we “Maksam Çirçik” ýaly Merkezi Aziýa ýurtlaryndan kompaniýalar bar.
Elektroenergetika ulgamynda, ýod we sulfat senagatynda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmekde sebit döwletleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde-de giň mümkinçilikleri bar. Bu ugurda “Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda elektroenergiýa bazaryny döretmek boýunça CASA-1000” taslamasynyň çäklerinde elektrik geçiriji ulgamlary gurmagyň taslamasynyň amala aşyrylmagy aýratyn ähmiýetlidir. Sebitde ulag we logistika ulgamynda özara gatnaşyklaryň uly geljegi bar. Merkezi Aziýanyň we Hazar deňziniň üstünden geçýän halkara ýollaryň işjeňleşdirilmegi, bu ugurlarda täze halkara geçelgeleriň döredilmegi sebit döwletleriniň durmuş-ykdasady ösüşini ösdümek üçin şertleri üpjün eder, maýa goýum özüne çekijiligini artdyrar, sebit we sebitara söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönüden-göni täsir etjekdigi düşnüklidir.
Dürli ulgamlara we pudaklara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik düzümleriniň, orta we kiçi işewürligiň ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmek hem geljegi uly hyzmatdaşlyklaryň hatarynda kesgitlenildi. Halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA), Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda tejribe alyşmak hem möhüm ugurlaryň hatarynda bellenildi.
Forumyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edilip, onda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmaga we berkitmäge gönükdirilen teklipler beýan edildi. Sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň durnukly we kadaly ösmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, ykdysady taýdan sebitleýin goşulyşmagy mundan beýläk-de üpjün etmek baş maksat bolup durýar. Harytlar we hyzmatlar bazarlarynyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, özara söwdada iberilýän harytlaryň sanawyny giňeltmek, sebit söwdasyny kämilleşdirmek wezipeleri bellenilýär. Sebite maýa goýumlaryny çekmek, bu ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şetleri döretmek we bu ugurda döwletara işlerini utgaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmak wezipeleri hem öz beýanyny tapdy. Sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini bilelikde ösdürmegiň ýollaryny işläp düzmek möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Ulag ulgamy boýunça birnäçe teklipler öňe sürüldi, olaryň hatarynda aragatnaşyk kuwwatyny we deňiz ýollaryna çykmak mümkinçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze ulag-logistika geçelgeleriniň açylmagyna we ösdürilmegine işjeň ýardam bermek teklibi bar.
Forumyň Jemleýji resminamasynda syýahatçylyk ulgamy boýunça guwandyryjy teklibiň öňe sürülmegi aýratyn üns çekijidir. Sebit ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykysady gatnaşyklary täzeden dikeltmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ony giňeltmek we hil taýdan täzelemek şu günüň wajyp wezipeleri bolup öňe çykýar. Merkezi Aziýanyň dünýä syýahatçylyk bazaryndaky ornuny berkitmek maksady bilen, sebitiň ýeke-täk syýahatçylyk önümini we markasyny ösdürmek hem-de öňe sürmek arkaly syýahatçylyk pudagynda özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy giňeltmek teklip edildi. Täze serhetüsti ugurlary döretmek arkaly sebitara syýahatçylygy ösdürmek bellenildi. Şeýle-de sanlylaşdyrmak, şol sanda elektron hökümet ulgamynyň meseleleri boýunça tejribe alyşmak teklibi öňe sürüldi.
Goňşy ýurtlaryň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny sebitleýin derejede, şol sanda sebitleýin forumlary we konferensiýalary geçirmek arkaly höweslendirmek hem-de özara ylalaşyk boýunça Merkezi Aziýa ýurlarynyň ykdysady forumyny geçirmek bellenildi.
Ykdysady forumyň çäklerinde möhüm pudagara resminamalaryň 11-sine gol çekilmegi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň ulag, halkara konteýner we multimodal ýük daşamalary, senagat, nebitgaz we elektronika ulgamlary ýaly birnäçe ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde gyzyklanmalaryň iş ýüzünde dabaralanýandygyndan habar berýär.
Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleriniň Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň kompaniýalary bilen oba hojalyk we azyk önümlerini, plastik turbalary, dürli görnüşli polimer önümlerini ibermek, ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly işleri öz içine alýan şertnamalary baglaşmaklary oňyn hyzmatdaşlygyň ösüşlere beslenýändiginden habar berýär. Bu umumy bahasy ABŞ-nyň 131,5 million dollaryna barabar bolan 74 sany eksport we import ugurly hem-de hyzmatdaşlyk şertnamalary sebit hyzmatdaşlygynyň, ykdysady gatnaşyklarynyň geljekde giň gerim bilen ösmäge uly kuwwatynyň we mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär.
Parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň ösdürilmeginiň ýokary hil derejesiniň nusgasyna öwrülen bu ykdysady forum oňa gatnaşyjylaryň hyzmatdaşlygy giňeltmek maksatlaryna täze badalga berdi. Tagallalary birikdirmek arkaly alnyp barylýan sebit hyzmatdaşlygynyň şeýle forumlar arkaly, dostluk we özara deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdüriljekdigi sebit ýurtlarynyň parahatçylyk söýüjilikli ädimlerini alamatlandyrýar.
Oguljemal NURMYRADOWA,
“Ahal durmuşy”.