Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda tebigy baýlyklarymyzyň orny örän uludyr. Nebitgaz, elektrik energiýasy, ak pagta, bugdaý, ýüpekçilik — bularyň bary türkmen halkynyň bol rysgal-berekedi.
Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň biri bolan «mawy ýangyç» raýatlarymyzyň gowy durmuşda ýaşamagyna hyzmat edýär. Energiýanyň esasy çeşmesi hasaplanylýan tebigy gazyň ilat üçin elýeterli bolmagy raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepilidir.
Döwletimiz tutuş dünýäde iň iri gaz öndüriji ýurt hökmünde tanalýar. «Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny tebigy gaz pudagynda we gaz üpjünçiliginde döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär. Milli oba maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilaty agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmek işleri alnyp baryldy. Ýurduň ähli ýerlerinde, ýagny iň çetki obalarda hem gazlaşdyrmak işleri ýerine ýetirildi.
Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda, nebitgaz senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malynyň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalarynyň gurluşygyna uly üns berilýär.
Ählumumy ösüşiň esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldap, 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda we 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýanyň, 2014-nji ýylyň 19-njy
dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýalaryň kabul edilmegi sebitde geoykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde örän ähmiýetlidir. Bu bolsa parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna global we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýurdumyzyň alyp barýan işleriniň ykrarnamasydyr.
«Mawy ýangyjy» diwersifikasiýa ýoly bilen eksport etmek, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlarynyň köptaraply düzümlerini döretmegiň hasabyna, doganlyk döwletler bilen ykdysady gatnaşyklary has-da artdyrmak Bitarap döwletimiziň energetika syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar.
Gündogar we günorta ugurlarda serhetdeş sebitler bolan Hytaýa, Owganystana, Pakistana, Hindistana we beýleki ýurtlara energiýa serişdelerini uzak möhletleýin ibermek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler döwletimiziň yklymda iň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň we iberijileriň hataryna girýändigine şaýatlyk edýär. Kuwwatly serişde binýady, üstaşyr geçirmegiň artykmaçlyklary, energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ibermek boýunça iri möçberli, özara bähbitli taslamalaryň amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Onda müňlerçe ýyllaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny birleşdirip, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy. Döwletara ulgam üç ugurdaş şahalary öz içine alýar. Türkmen gazy Hytaý Halk Respublikasyna akdyrylar.
Asyryň desgasy hökmünde bütin dünýäniň ünsüni özünde jemleýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylmagy we täze eksport ulgamynyň açylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna, netijede bolsa halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň has-da gowulanmagyna şert döredýär.
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda badalga alan bu turba geçiriji doganlyk hindi halkyna ýylda 33 milliard kubmetr gaz akdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa Günorta — Gündogar Aziýanyň ýurtlaryna tebigy gazy uzak möhletleýin akdyrjak täze energetika ulgamy sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, durmuş, ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam eder. Müňlerçe täze iş orunlary, degişli elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk hem-de durmuş düzümleri peýda bolar.
TOPH taslamasy diňe bir özara bähbitli energetika we ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol syýasy ähmiýetli jebisleşdiriji ýagdaýdyr. Energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün etmegiň aýdyň subutnamasydyr. Bu taslama sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de giň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän köprüdir.
«Galkynyş» gaz käni TOPH gaz geçirijisini «mawy ýangyç» bilen üpjün etjek energetika gorudyr. Bu ýerde ýylda 30 milliard kubmetrden gowrak harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy ulanylmaga berildi.
Üstümizdäki ýylyň aprel aýynyň başynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasyndaky gepleşikler iki dostlukly ýurduň köpýyllyk dostana gatnaşyklarynyň berkdigini äşgär etdi. Döwlet, hökümetara we pudagara derejede gol çekilen köp sanly resminamalary birleşdirýän ygtybarly şertnama-hukuk binýady hem-de geçirilýän syýasy geňeşmeler we dürli düzümleriň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar aýdylanlaryň aýdyň mysaly bolup biler.
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň hasabyna halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrýan beýik işleri durmuşa geçirýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun.
Maýsa KURBANOWA,
Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.