Ata Watanymyz häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Şunda netijeli özgertmeleriň, amala aşyrylýan milli we döwlet maksatnamalarynyň ägirt uly gerimi, olaryň meýilnamalaýyn üstünlikli berjaý edilmegi türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna mümkinçilik berdi.
Biziň ýurdumyz örän amatly geografik ýagdaýy eýelemek hem-de Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän gatnaw ýollarynyň hakykatda strategik çatrygynda ýerleşmek bilen ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklere eýedir. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň ösüşinde möhüm orny eýeleýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy okgunly ösdürmek syýasaty dünýäniň häzirki örän çalt depginlerdäki özgeriş ýagdaýlarynyň çäginde ählumumy ösüşiň möhüm bölegine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bular babatda aýratyn durlup geçildi. Mejlisde ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, şonuň ýaly-da, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Döwlet Baştutanymyz 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň taslamalarynyň taýýarlanandygyna, bu Maksatnamalarda Garaşsyz ýurdumyzyň ýakyn ýedi ýyl üçin ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bellenilendigine, mähriban halkymyzyň abadançylygyna we gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalaryň göz öňünde tutulandygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Kararlara gol çekmegi ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Milli we döwlet maksatnamalarynyň, olaryň esasynda bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegi ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň, bitirilýän işleriň toplumlaýyn we sazlaşykly häsiýete eýe bolmagy halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösüşiniň ýokary depginlerini üpjün etdi.
Mejlisde berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Şu ýylyň alty aýy boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40 göterim köpeldi. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 14 göterimine barabar boldy. Hasabat döwrüniň jemleri boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 43,7 göterimi önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, 56,3 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 2022-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 3 sany hassahananyň, 125,6 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň, 246,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalarda işler dowam etdirilýär.
Ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän import ugurly çig malyň we harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän senagat kärhanalarynyň, önümçilikleriň döredilmegi, olarda döwrüň iň kämil tehniki enjamlarynyň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bu ugurdaky göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegini şertlendirdi. Ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda önümçiligiň möçberlerini artdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň senagat kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler milli ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirdi. Mälim bolşy ýaly, çykarylýan önümleriň hiliniň we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy, öndürilýän harytlaryň sanawynyň giňeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň gaýtadan işleýän pudaklarynyň düşewüntliligini has-da artdyrdy. Bar bolan pudaklaýyn desgalary öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň hem-de innowasiýalaryň hasabyna tehnologiýa taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak boýunça işler güýçli depginlerde yzygiderli alnyp barylýar. Şunda gurluşyk pudagyna möhüm ähmiýet berilmegi aýratyn buýsandyryjydyr.
Döwlet Baştutanymyz innowasiýalary we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmelidigini belläp, «akylly» şäher we «akylly» ýaşaýyş jaýy taslamalaryny, şeýle hem energiýa çeşmelerini dikeldýän tehnologiýalaryň hasabyna ýaşaýyş jaýy taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gurulýan önümçilik hem-de durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny aýdyp, ýer serişdeleriniň we ilatly ýerlerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň baş meýilnamalaryny taýýarlamak, welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde bolsa durmuş maksatly desgalary yzygiderli gurmak meseleleriniň üns merkezinde saklanylmalydygyna aýratyn ünsi çekdi.
Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ýük daşalýan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň ulanmaga berilmegi bilen, Ýakyn Gündogaryň, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýa ýurtlaryna eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak üçin ähli tagallalary etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşini we ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Golaýda paýtagtymyzda altynjy Hazar sammitiniň geçirilmegi hem bu ugurdaky işleriň öňe ilerlemeginde ähmiýeti örän ýokarydyr. Mälim bolşy ýaly, sammitde dünýäniň ulag-logistika hyzmatlary bazaryny ösdürmegiň, Hazar deňzinde ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunda ýurdumyzyň ulag syýasaty Merkezi Aziýa bilen Ýewropany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan ykdysady taýdan bähbitli yklym geçelgelerini döretmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, häzirki zamanyň Beýik Ýüpek ýolunyň söwda ugurlarynyň çatrygynda möhüm halka bolmagyna gönükdirilen Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna aýratyn orun berilýär. Munuň özi ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny öňe ilerletmäge mümkinçilik berýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ýurtda döwrüň talabyna laýyk gelýän köp şahaly ulag düzüminiň emele getirilmegi sebitde we Ýewraziýa giňişliginde netijeli ykdysady hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine, ösmegine mümkinçilikleri has-da artdyrýar.
Belent maksatlar nazarlanyp amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler Türkmenistanyň çalt depginler bilen ösmeginiň aýdyň nyşany bolup, onuň çäklerinde türkmen topragynyň ähli künjeklerinde ykdysady kuwwatyň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýeti bolan ägirt uly gurluşyklar güýçli depginlerde alnyp barylýar. Bu ulgamdaky ýagdaý köp babatda işçi güýçleriniň artmagyny, olaryň mukdaryny we hilini, öndüriji güýçleriň ylmy-tehniki ösüş derejesini, jemgyýetiň medeni we ruhy ösüşini kesgitleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýan beýik işler eziz Watanymyzyň pajarlap ösmegine mynasyp goşant goşýan, döwletimiziň beýik geljeginiň we bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna döredýän we gurýan mähriban halkymyzyň durmuşynda uly öňegidişlikleri döredýär. Bitirilýän beýik işler mazmuny we ähmiýeti jähetden bitewülikde halkymyzy ruhy täzelenişe, kämillige we bagtyýarlyga, abadançylyga tarap barýan röwşen ýola gönükdirýär.
Oguljamal GELDYMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň professory, ykdysady ylymlaryň doktory.