Öňdebaryjy pudagyň belent sepgitleri
Elektrik energiýasy arassa energiýa çeşmesi bolmak bilen, ol adamzadyň durmuşyna ykjam ornaşdy. Indi elektrik energiýasyz kadaly durmuşy göz öňüne-de getirmek kyn. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmekde tutumly işler durmuşa geçirilýär. Öňdebaryjy pudagyň önümçilik kuwwaty kämil tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen ösdürilýär. Soňky ýyllarda Mary DES-niň senagat zolagynda häzirki zaman tehnologiýaly täze elektrik stansiýalaryň 2-si gurlup, ulanmaga berildi.
Biz hünär-tehniki okuw mekdebimizde ýaş hünärmenleri ýetişdirmekde döwrüň talabyndan ugur alýarys. Talyp ýaşlaryň şu günki günde elektroenergetika pudagyna ornaşdyrylýan kämil tehnologiýalary ykjam özleşdirmekleri ugrunda aladalanýarys. Sebäbi, geljekde şu pudakda zähmet çekjek hünärmenleriň öňdebaryjy tehnologiýaly önümçiligiň usullaryny gowy bilmekleri derwaýys wezipedir. Mekdebimizde bolsa talyp ýaşlara bilim, berip, hünär öwretmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Biz şeýle mümkinçiliklerdenem netijeli peýdalanýarys.
Nazar KELOW.
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hünär-tehniki okuw mekdebiniň mugallymy, TDP-niň işjeň agzasy.
Ätiýaçlandyryş goraglylykdyr
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan ätiýaçlandyryş işleri kämilleşdirilip, halkara ülňülerine laýyk gelýän derejä ýetirilýär.
Welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda hem ätiýaçlandyryş bazarynda fiziki we ýuridik şahslaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirilýär. Ähli raýatlaryň we edara-kärhanalaryň töwekgelçilikleriň dürli görnüşlerinden goraglylyk derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny hödürleýär. Bu babatda ätiýaçlandyryş şertnamasy köpleriň bähbidine hereket edip, dürli betbagtçylykly hadysalara duçar bolnan halatynda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin maddy taýdan ýardam berýär. Häzirki wagtda döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşleriniň 6-syny we 50 sany meýletin görnüşlerini hödürleýär.
Müşderileriň arasynda emlägi meýletin ätiýaçlandyryş, ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryş, betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş, fiziki şahslara degişli jaýlary meýletin ätiýaçlandyryş, edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryş, meýletin ipoteka ätiýaçlandyrylyşy we öý emläginiň meýletin ätiýaçlandyrylyşy ýaly hyzmatlar has-da giňden we uly islegler bilen peýdalanylýar.
Eziz Türkmenistanymyz bu gün abadançylygyň, eşretli ýaşaýşyň, gülläp ösüşiň mekanydyr. Şol sebäpli her birimizi hossarlyk aladasy bilen gurşap alýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!
Aýgül ÝOLLYÝEWA.
Welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş amallary we ykdysady seljeriş bölüminiň esasy hünärmeni.
Sazlaşykly işler — döwrebap ýaşaýyş
Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty esasynda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine daýanyp, sanly bilim ulgamyny ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bu ugurda strategik ähmiýetli resminamadyr. Onuň esasy maksady bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek hem-de uzak aralykdan bilim bermek arkaly degişli ulgamyň kämilleşdirilmeginden ybaratdyr.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň durmuş-ykdysady ösüşleri we döwrebap hukuk üpjünçiligi bilen sazlaşykly alnyp barylmagy ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen öňe barýandygyny alamatlandyrýar.
Aýry-aýry senagat pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak maksady bilen dürli programma-tehniki we maglumat serişdeleriniň üpjünçiligi hem ep-esli ýokarlandyrylýar. Bu işler welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň aratapawudyny aradan aýyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn özgertmeleri çalt depginde amala aşyrmaga oňaýly şertleri döredýär. Şeýle innowasion mümkinçilikler ildeşlerimizi ylmyň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmeklige, döwrüň belent ruhunda netijeli zähmet çekmeklige höweslendirýär.
Ejegyz SOPYÝEWA.
TDEI-niň mugallymy.