Ykdysady ösüşiň ýokary depgini

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda, 3-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň turuwbaşdan ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýandygyny tassyklady. Bu mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, häzirki zaman düzümleri kemala gelýär, dürli maksatly täze binalardyr desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Iri möçberli sebit we milli maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösýändigini tassyklaýar. 

                                                                   

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny garşylaýan pursatlarymyzda hormatly Prezidentimiziň halkymyza Täze ýyl Gutlagynda: “Ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen özgertmelerimizi üstünlikli dowam etdirmekde halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň watansöýüjiligine, zehinine we yhlasyna daýanyp, täze ýylda-da eziz Watanymyzy rowaçlyklaryň ýurduna öwürmek ugrunda el-ele berip işläris” diýip nygtamagy ähli watandaşlarymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Adamlaryň jana-jan bähbitlerine gönükdirilen giň gerimli döwlet syýasatyny tüýs ýürekden goldap, halkymyzyň agzybirlikde çekýän yhlasly zähmeti öz miwesini-de berýär. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýanwar aýynda bitirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde berlen hasabatlardyr halk köpçüligine ýetirilen maglumatlar abadan durmuşyň üpjün edilmegi ugrundaky giň gerimli tagallalardan habar berýär. Hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijileri milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşe eýedigini alamatlandyrýar. 

                                                                   

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Ýanwar aýynda öndürilen önümleriň derejesi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5,8 göterim köpeldi. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda oňyn netijeler gazanyldy. Bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 115,7 göterim, çykdajy böleginiňki bolsa, 97,4 göterim berjaý edildi. Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 

                                                                   

Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artykdyr. Ýylyň başyndan düýpli maýa goýumlary özleşdirmegiň möçberiniň ýokary bolmagy täze senagat desgalaryny işe girizmäge, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga şert döretdi. Munuň özi ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga hem-de sebitlerde goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Durmuş ugurly ykdysady syýasata laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň, gazanylýan oňyn netijeleriň ählisi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşlere we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga tarap ýolda ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisinde ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2023-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli çözmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Senagat pudaklarynda önümçiligiň möçberlerini artdyrmak, kuwwatlyklary netijeli ulanmak, söwda we hyzmatlar ulgamynda işleriň gerimini giňeltmek boýunça zerur işleri geçirmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda bellenildi. Eksport edilýän harytlaryň mukdaryny köpeltmek bilen, daşary söwda dolanyşygyny hem oňyn derejede üpjün etmek wajypdyr. 

                                                                   

Döwlet maksatnamalarynda bellenen ähli çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýakyn geljekde ýeterlik derejede ösen bazar amatlyklaryny kemala getirmäge, ählumumy ykdysady giňişlige has doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Önümçiligiň ähli ulgamlarynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, harytlardyr hyzmatlaryň içerki bazarynyň gerimini giňeltmäge, bir söz bilen aýdylanda, maliýe-ykdysady ulgamyň binýadyny pugtalandyrmaga ýardam eder. 

                                                                                                           

Dünýägözel NURYÝEWA,

                       

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maliýe kafedrasynyň mugallymy.