Döwletimiziň ykdysady ösüş konsepsiýasy bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, ykdysadyýetiň ösüş depginlerini goldamaga, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga hem-de salgyt syýasatyny ýönekeýleşdirmäge, ýagny salgyt ýeňilliklerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Şonuň üçin-de, salgytlar ykdysadyýete täsir etmegiň çeýe usuly bolup, olar ýurduň ykdysadyýetini sazlamakda esasy we güýçli gurallaryň biri hökmünde çykyş edýär.
Ýurduň ykdysady ýagdaýyna we bu ugurda alnyp barylýan syýasata laýyk gelýän salgyt düzgünleriniň işlenip düzülmegi salgyt kanunçylygynyň kämilleşdirilmegini talap edýär. Salgyt ulgamy hemişe raýatlaryň bähbitlerini araýar. Salgyt kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi bolsa salgyt syýasatynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şunda sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçilmegi döwletimiziň häzirki zaman dünýäsinde hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şertidir. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça işleri sanlylaşdyrmagyň hukuk hem-de kadalaşdyryş binýady döredildi. Maglumatlary we elektron resminamalary alyşmak işleri häzirki talaplar hem-de ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar nazarda tutulyp, yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu esasda ýerli salgyt bölümlerinde we degişli düzümlerde hem sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
Buhgalterçilik hasabatynyň awtomatlaşdyrylmagy maglumatlaryň ýygnalyşyndan başlap, hasabatlylygyň döreýşine çenli tapgyrda ulanylyp başlandy. Awtomatlaşdyrylan hasaby we hasabatlylygy ýöretmek boýunça programmalaýyn önümler işlenilip taýýarlanylýar hem-de ulanylýar. Şunda hasaby ýokary hilli, ygtybarly we amatly alyp barmagy üpjün etmek mümkinçiligi programmalaýyn önüme bildirilýän esasy talaplaryň biridir.
Müdiriýetiň we onuň garamagyndaky edaralaryň resminama dolanyşygyna «Elektron salgyt» ulgamy girizilýär. Onuň esasy maksady salgyt edaralarynyň müşderilerden salgyt beýannamalaryny elektron görnüşde kabul etmeginde jemlenýär. Bu bolsa, bir tarapdan, hasabatlary bermek ulgamyny ýönekeýleşdirýär, beýleki tarapdan, müşderilere Döwlet býujetine bergileri barada habar bermek bilen birlikde, salgydyň ýygnalyşyna gözegçiligi güýçlendirýär. Şonuň bilen birlikde, müşderileri edara çagyrmazdan, olaryň deslapky barlaglaryny elektron görnüşde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, salgyt hasaplamalarynyň esasynda bolsa beýleki resminamalary hem şeýle görnüşde amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ikinji tapgyrda elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak boýunça işler bank edaralary bilen bilelikde amala aşyrylar.
Ýuridik şahslaryň atlandyrylmagyny hem-de ýuridik şahslary hasaba almaga ýa-da gaýtadan hasaba almaga resminamalary ylalaşmagy tassyklamak üçin arzalary kabul etmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrylýar. Munuň özi hasaba alyş bölümleriniň işiniň derejesinidir hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, artykmaç päsgelçilikleri aradan aýyrmaga hem-de hasaba alyş işlerinde raýatlaryňdyr ýuridik şahslaryň maddy we fiziki çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, bellige almagyň «bitewi penjiresini» ornaşdyrmak, salgyt edaralarynyň salgyt töleýjiler bilen işini onlaýn ulgama doly geçirmek ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynyň işini gowulandyrmaga hem-de işewürlik üçin amatly şertleri döretmäge, ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga kömek eder. Iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegi diňe bir täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, täze kadalary döretmegiň hasabyna, ykdysadyýete gatnaşyjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has ýokary derejede bolmagyna-da mümkinçilik berer.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, şeýle-de salgyt salmak boýunça ulanylýan düzgünnamalary, usuly görkezmeleri, gollanmalary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny salgyt bölümleriniň, ministrlikleriňdir pudak edaralarynyň, kärhanalaryň dykgatyna öz wagtynda ýetirmek, zerur ýagdaýlarda olary ýerine ýetirmek we ulanmak boýunça görkezmeler taýýarlanylýar.
Welaýatlarda salgyt bölümleriniň işgärleri bilen salgyt töleýjileriň arasynda salgyt kanunçylygy barada okuw-maslahatlar guralýar, şeýle-de welaýat salgyt bölümlerinde düşündiriş işlerini talabalaýyk alyp barmak babatdaky tejribe öwrenilýär. Şol okuw-maslahatlarda salgyt töleýjilere we salgyt bölümleriniň işgärlerine häzirki hereket edýän «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bütewi kanunynyň düzgünleri, oňa täze girizilýän üýtgetmelerdir goşmaçalar düşündirilýär, sowal-jogap alşylýar. Bu işleriň ählisi salgyt salmagyň we tölemegiň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmäge mümkinçilik berýär.
Parahat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň salgyt ulgamyny düşündiriş we kämilleşdiriş bölüminiň baş salgyt inspektory.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26741