Ykdysady ösüşiň esasy ugry

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda şu ýyl üçin Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli ugurda döwlet ähmiýetli birnäçe maksatnamalary tassyklamak hakyndaky Kararlara gol çekildi.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ugurda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak işi hem üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysady ösüşiň esasy ugry bolan sanly ulgamyň ýurdumyzda önümçilige giňden ornaşdyrylmagy halk hojalygynyň pudaklarynyň ýokary depginler bilen ösmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda degişli ugurda alnyp barylýan özgertmeler milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda durmuşa geçirilýär.

Bilşimiz ýaly, üstümizdäki ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti doly ornaşdyrmak bilen bagly meselelere garaldy. Onuň dowamynda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňüne tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek we ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen degişli Karara gol çekdi. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Bu maksatnama «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onuň esasy maksady jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornuny artdyrmakdan we sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Dört ugur boýunça ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän bu maksatnamada döwlet dolandyryşyny we edilýän hyzmatlary doly sanlylaşdyrmak, «Elektron hökümeti» döretmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek we kämilleşdirmek, sanly serişdeleriň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak ýaly wezipeler bar. Olaryň hatarynda ilatyň sanly ulgam babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça degişli çäreleri geçirmek, sanly lukmançylygyň ösen hyzmatlaryny hödürlemek, «döwlet-jemgyýet-işewürlik» gatnaşyklaryny sanly innowasiýalar arkaly düýpli özgertmek we degişli ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipeleri hem göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan degişli Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna, bäsdeşlige ukyply we ylmy talap edýän önümçiligiň döredilmegine, kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna we durmuş ulgamynyň doly sanlylaşdyrylmagyna ýardam berer. Munuň özi Türkmenistan döwletimizi ykdysady taýdan ösdürmek babatda bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzy ýokary durmuş şertlerinde ýaşatmak ugrunda beýik işleri amala aşyrýandygyna doly we aýdyň şaýatlyk edýär.

Çarymyrat USSAÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21567