Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri çözmek hem biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülmelidir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bedew batly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylyp, guwandyryjy sepgitlere ýetilýär. Dogrusy, häzirki döwür okgunly özgerişleriň döwri, döwrebap tehnologiýalaryň eýýamy. Häzirki döwür bütin dünýäde kämil tehnikalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylýan we tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýän döwri hasaplanylýar. Şeýle innowasiýalar eýýamynda ýurdumyzyň hem ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Döwür bilen aýakdaş gidilýän döwrümizde hormatly Prezidentimiziň aladasy netijesinde eýýäm orta mekdebe okuwa baran okuwçylara zerur bolan programmalar bilen üpjün edilen kompýuterleriň sowgat berilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu biziň ýaşlarymyzyň çagalygyndan başlap döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmagyna giň mümkinçilik döredýär.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde paýtagtymyz bilen birlikde ýurdumyzyň welaýatlarynda hem döwrebap şäherçeler gurlup ulanylmaga berildi. Bu şäherçelerde bolsa durmuş we medeni maksatly binalar bilen birlikde çagalar baglarydyr mekdepleriň ulanylmaga berilmegi täze şäherçä göçüp baranlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Şol mekdepleriň kompýuter tehnologiýalary, multimedia tagtalary bilen üpjün edilendigi guwandyryjydyr.
Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürip, sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz bu babatdaky işleri mundan beýlägem ilerletmek barada şu ýylyň
25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda aýratyn nygtap geçmek bilen: «Biziň öňümizde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk ulgamynda şäher bilen obanyň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak boýunça möhüm wezipeler durýar. Bu wezipeler aragatnaşygyň maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň, şol sanda, maglumat hyzmatlarynyň, onuň maglumat-kommunikasiýa üpjünçiligini ösdürmegiň, adamyň intellektual mümkinçiligini doly derejede ulanmagyň hilini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagy talap edýär» diýip belledi.
Elbetde, islendik babatda hem işiň netijeliligi we ilerlemegi üçin onuň kanunçylyk hukuk binýadynyň zerurdygy düşnüklidir. Ýurdumyzda hem milli ykdysadyýetimizi innowasiýa taýdan ösdürmek hem-de ony ýokary derejelere ýetirmek üçin birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Olaryň hatarynda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu konsepsiýa ýurdumyzyň ähli pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmäge, olaryň innowasion häsiýetde bolmagyna gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde bu günki gün sanly ulgama geçilmegi ilatyň ýaşaýyş durmuşyna hem özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Ol biziň her birimize durmuşdaky hyzmatlary etmekde ýeňillikleri döredýär. Bu bolsa işlerimizi ýeňilleşdirmek bilen birlikde wagtymyzy-da tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Ilatyň durmuş we ýaşaýyş derejesiniň mundan-da gowulanmagy, ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýynyň barha artmagy üçin uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň ähli döwletli tutumlarynyň mydama rowaç bolmagyna arzuw edýäris.
Nurylla REJEPOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy