Ykdysady ösüşde tehnologiýalaryň orny

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalardyr dürli ugurlara degişli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda, hususan-da, innowasion ugurlara, ýagny sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine, dürli düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, pudaklaryň işine öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Sanly ulgama geçilmegi maliýe bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasynda özara gatnaşyklaryň düýpli özgerdilmegini alamatlandyrýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, hyzmatlaryň dessinliginiň artdyrylmagyny hem-de hyzmat etmegiň alternatiw usullaryny ulanmak arkaly müşderileriň wagtynyň tygşytlanylmagyny göz öňünde tutýar.

Maliýe bazaryna gatnaşyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň dessinligi hem-de elýeterliligi karz edaralarynyň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar. Internetiň ösmegi hem-de ykjam telefonlaryň wezipeleriniň giňelmegi bilen baglylykda, mobil goşundylar möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ulanyjylar tarapyndan her gün özleriniň pul hasabyny barlamak, ýerine ýetirilen amallary gözden geçirmek, geçirimleri hem-de hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmak üçin ençeme gezek ulgama girilýär. Bu bolsa hasaplary dolandyrmaga uly mümkinçilikleri berýär.

«Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda» ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda sanly ulgama geçmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek we kämilleşdirmek, ilatyň sanly ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barmak we beýleki wezipeler bellenilendir. Bu düzgünleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Sanly ulgama geçmek babatda söwda ulgamyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary boýunça ýurdumyzda elektron söwdany ösdürmäge hem-de ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu ulgamda hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny nazara almak bilen, netijeli hukuk binýady döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär.

«Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda», «Söwda işi hakynda» we «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan «Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň düzgünleri» işlenip düzüldi we işe girizildi. Ol internet söwdasynyň işini düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Düzgünnama harytlaryň mahabatyny, harytlary satyn almak-satmak hakynda şertnamalary baglaşmagy, harytlary alyja eltip bermegiň düzgünlerini goşmak bilen, uzak aralykdan söwdany guramak boýunça umumy düzgünler girizildi, onda alyjynyň hukuklary we beýlekiler kesgitlenilýär. Bu kadalar guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, ýuridik şahslara taraplara, şonuň ýaly-da hukuk tarapyny döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan hususyýetçilere degişlidir.

Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna täze sanly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň netijesinde, müşderileriň öz kartlaryny ulanyp, demir ýol, howa ýollary peteklerini hem-de şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslaryň peteklerini internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşde satyn almagy üçin mümkinçilik döredildi. Hawa, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, banklar tarapyndan öňdebaryjy halkara tejribelere, döwrebap tehnologiýalara esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, kämilleşdirmek hem-de ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Pena POLADOW,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Auditor gullugy müdirliginiň baş hünärmeni.