Ykdysady ösüş — bagtyýar durmuşyň özeni

Ata Watanymyz Türkmenistan halk hojalyk toplumyny dünýä ykdysadyýetiniň ugruna laýyklykda depginli ösýän we özüni üpjün edýän milli modeline öwürmegi üstünlikli amala aşyrdy. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň birinji çärýeginde gazanan ýokary görkezijileri munuň şeýledigine nobatdaky gezek şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ykdysady ösüşiň netijeliligi üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary depginli ösdürilýär. Türkmen döwletiniň ösüşiniň häzirki taryhy tapgyrynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly maksatnamalaýyn çäreleriň yzygiderli amala aşyrylmagy, hakykatdan hem, biziň ýurdumyzda adamyň bagtyýarlygy, mynasyp ýaşaýşy, röwşen geljegi hakda aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini bütin aýdyňlygy bilen äşgär edýär. 

                                                                   

Berkarar Watanymyzda her ýylyň başyndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bu nusgalyk döwlet syýasaty halkymyzyň ýaşaýşyny dünýä ölçeglerine gabat getirmek, durmuş-ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň derejesine ýetirmek wezipelerinden ugur alýar. 

                                                                   

Ykdysady ösüşde öňde goýlan sepgitlere üstünlikli ýetilmeginde döwlet maksatnamalarynyň orny örän uludyr. Şu ýylyň 11-nji fewralynda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ykdysady işiň netijeliligini artdyrmakda milli ykdysadyýetimiziň öňünde möhüm ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. 

                                                                   

Geçen hepdäniň anna gününde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda habar berlişi ýaly, jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 6,2 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Munuň özi şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň ilatynyň mynasyp ýaşaýyş şertleriniň, durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi berkarar Watanymyzyň maliýe-ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň, watandaşlarymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakynda döwlet tarapyndan düýpli alada edilýändiginiň esasy görkezijileriniň biri bolmagynda galýar. Durmuşyň hemme ugurlarynda adamyň bagtyýar ýaşaýşy hakyndaky aladany döwlet syýasatynda iň esasy we öňdäki orunda goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!  

                                                                                                           

Döwlet ATAÝEW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.