Ykdysady ösüş — aýdyň geljek

Ykdysady ösüş her bir jemgyýet üçin derwaýysdyr. Sebäbi ol jemgyýetçilik gurluşynyň nähilidigine garamazdan, halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň iň bir wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. 

                                                                   

Önümleriň möçberiniň artdyrylmagy işçi güýjüniň we önümçilik serişdeleriniň hil taýdan kämilleşdirilmeginiň we olaryň peýdalanylyşynyň gowulandyrylmagynyň hasabyna gazanylýar. 

                                                                   

Önümçiligiň ösüşi onuň şertleriniň, ýagny işgärleriň sanynyň we önümçilik serişdeleriniň mukdarynyň artdyrylmagy esasynda amala aşyrylýar. 

                                                                   

Ykdysady ösüş diýlip, jemgyýetçilik önüminiň we ony öndürmekligiň şertleriniň mukdar taýdan köpelmegine we hil taýdan kämilleşmegine düşünilýär. Ykdysady ösüş ekstensiw ýa-da intensiw görnüşde bolup biler.  

                                                                   

Önümçiligiň ösüşi onuň şertleriniň mukdar taýdan artdyrylmagy esasynda amala aşyrylsa, oňa ekstensiw ykdysady ösüş diýilýär. Şonda, ol şertleriň tehniki (hil) derejesi öňküligine galýar. Mysal üçin, önümçiligiň ösüşi işgärleriň sanynyň köpeldilmeginiň hasabyna, çig malyň, materiallaryň, energetiki resurslaryň dolanyşyga goşmaça girizilmeginiň, täze gurluşygyň hasabyna alnyp barylsa, onda bu ösüşiň ekstensiw ýoludyr. Kähalatlarda intensiw ösüş ýoluna geçmeklik hem zerurlykdyr. 

                                                                   

Eger-de öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagy önümçiligiň şertleriniň mukdar taýdan däl-de, olaryň hil taýdan kämilleşdirilmeginiň netijesinde gazanylýan bolsa, onda bu ykdysady ösüşiň intensiw görnüşi bolýar. Intensiw ösüş önümçiligiň şertleriniň peýdalanylyşyny gowulandyrmagyň hasabyna hem bolup biler. Ol has kämil zähmet serişdelerini peýdalanmagy we zähmet predmetlerini tygşytly ulanmagy, işgäriň hünärini ýokarlandyrmagy hem-de bar bolan önümçilik kuwwatlyklarynyň peýdalanylyşyny gowulandyrmagy göz öňünde tutýar. Gepiň gerdişine görä aýtsak, intensiw ösüş şertlerinde öndürilýän önümiň möçberini artdyrmak üçin hökman täze bir kuwwatlyklary, kärhanalary döretmek zerurlygy ýok. Munuň üçin önümçiligi kämilleşdirmek, ähli serişdeleri has rejeli peýdalanmak ýeterlikdir. 

                                                                   

Ykdysady ösüşiň iki görnüşi-de özara baglanyşyklydyr. Ykdysady durmuşda ekstensiw ýa-da intensiw ösüş ýollary ýeke-täk arassa görnüşinde duş gelmeýär. Olar hemişe özara utgaşykly amala aşyrylýar. Emma jemgyýetçilik önümçiliginiň ösüşiniň belli bir döwründe intensiw ýa-da ekstensiw ugur agdyklyk etmegi mümkin. Ykdysadyýeti intensiw usula geçirmeklik wajyp meseleleriň biridir. Munuň özi islendik jemgyýet üçin kanunalaýyklykdyr. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, geçen taryhy döwrüň dowamynda senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Bu bolsa dünýäniň ähli ýurtlaryna diýen ýaly täsirini ýetiren koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagy bilen emele gelen ykdysady çökgünligiň, energiýa serişdeleriniň bahalarynyň duýdansyz we çalt peselen şertlerinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň köp pudaklarynyň deňagramly ösüşini, bäsdeşlige ukyplylygyny saklamaga mümkinçilik berdi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnama laýyklykda, geljekde ýurdumyzda innowasion häsiýete esaslanýan milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa arkaly ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdiriler. Ýakyn geljekde ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmäge-de hemmetaraplaýyn ýardam berler. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetinde barha artýan ornuny üpjün etjek eksport mümkinçiliginiň möçberini has-da artdyrmaga şert döreder. Bu babatda, hormatly Arkadagymyz şeýle belleýär: «Garaşsyz döwletimiz milli ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýçlerinden biri bolan telekeçiligi geljekde hem hemmetaraplaýyn goldar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, innowasion ýagdaý üçin ähli amatly şertler dörediler. Şeýlelikde, biz köp girdeji alarys we maýa goýumlary öz wagtynda gaýtaryp bileris. Geljekde bazar gatnaşyklarynyň täze ugurlary kesgitlenip, ykdysady ösüşiň mümkinçilikleri dörediler. Biz innowasiýalara esaslanýan işewürligiň täze görnüşleri bolan iri kompaniýalaryň döredilmegini hem goldamalydyrys». 

                                                                   

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermekde özüniň öňdeligini berkitmegi hem dowam etdirer. Hut şu maksat bilen hem nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etdirmek maksat edinilýär. Bu bolsa nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen häzirki zaman toplumlarynyň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Täze känleri, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary we «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegi çaltlandyrmagy aňladýar. 

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.