Ykdysady hyzmatdaşlyk pugtalanýar

Türkmenistan halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny deňhukuklylyk, özara peýdalylyk we bu işe çekilen taraplaryň bähbitlerini hasaba almak, şeýle-de ýurtlaryň we sebitleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmagyň, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm guraly hökmünde garamak esasynda ösdürýär. Türkmenistan öz maliýe-ykdysady giňişliginiň açyklygyny üpjün edýär, ähli döwletler, halkara ykdysady we maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, ykdysady meseleleri çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň oňyn daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly, netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belleýär. Ýurdumyz bu daşary syýasat ugry bilen dünýä giňişliginde ynamdar, ygrarly, özara hyzmatdaşlykda netijeli hyzmatdaş, umumadamzat meselelerini çözmekde netijeli başlangyçlary öňe sürýän tarap hökmünde uly abraýa mynasyp boldy. Halkara derejesinde bähbitleriň utgaşmagyny özünde jemleýän «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen işleriň netijeli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň şu ajaýyp günlerinde baky Bitarap Watanymyza Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmek wezipesi ynanyldy. Ýurdumyz 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolup durýar. Guramanyň esasy resminamalarynda görkezilen maksatlar we wezipeler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan we ýurdumyzyň durmuş–ykdysady taýdan özgerdilmegine, halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine gönükdirilen döwlet syýasatyna laýyk gelýär.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy 1985-nji ýylda Orta Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary tarapyndan döredilen sebitleýin döwletara ykdysady düzümdir we 1977-nji ýylyň 12-nji martynda Eýran, Pakistan we Türkiýe tarapyndan esaslandyrylan hem-de şol üç ýurduň gol çeken Izmir şertnamasynyň Tertipnamasynyň esasynda hereket edýän ösüş üçin Sebitara hyzmatdaşlyk guramasynyň hukugyny dowam etdiriji bolup durýar. Bu guramanyň işiniň esasy ugurlary Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň iki ýyldan bir gezek geçirilýän sammitlerinde kesgitlenýär.

Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki sammite gatnaşmagy we ýurdumyzyň bu gurama ýolbaşçylyk etmäge girişmegi Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, sebitleýin düzümler, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny alamatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda bu abraýly we iri halkara guramada Türkmenistanyň başlyklyk etjek döwründe esasy ileri tutulýan ugurlar barada belläp geçdi. Ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, energetikada, ulaglarda we kommunikasiýalarda, medeniýet hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini giňeltmäge ýardam bermäge strategik wezipe hökmünde garaýandygy bellenilip geçildi. Şeýle-de bu ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmegiň üstünde hyzmatdaşlar bilen anyk işleriň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Gahryman Arkadagymyz haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň maksat edinilýändigini nygtamak bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde ykdysady ugurlary işläp başlamagy teklip etdi. Bu maksatlary amala aşyrmakda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynyň esasy orny eýelejekdigi bellenildi.

Ýol gurmak, halkara ýol-ulag aragatnaşygyny ösdürmek hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň kämilleşmegini nazarlaýar. Ýol baran ýerde söwda-ykdysady gatnaşyklar ösýär, şol gatnaşyklar halklaryň medeniýetleriniň baýlaşmagyna täsir edýär, diplomatik gurallary kämilleşdirýär, halklaryň, döwletleriň, sebitleriň gülläp ösüşine, ählumumy abadançylygy pugtalandyrmaga täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýäni jebisleşdirýän, halklary ýakynlaşdyrýan ýollary, köprüleri gurmak baradaky başlangyçlary dünýäde giňden ykrar edilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň gurama agza ýurtlaryň ählisi tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi munuň bir görkezijisidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji we 2015-nji ýyllarda ulag ulgamy boýunça möhüm kararnamalar kabul edildi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde energetika we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi beýleki üpjünçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini hem höweslendirýär. Hususan-da, tejribäniň görkezişi ýaly, gurulýan turba geçirijileriň gapdaly bilen elektrik geçiriji täze ulgamlary we beýleki kommunikasiýalary gurmak üçin hem mümkinçilik döreýär. Şu ýylyň başynda Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Akina — Andhoý beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň, Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegi ýylyň şygary bilen sazlaşykly utgaşýan işlerdir. Netijeli hyzmatdaşlyga we ynsanperwer gymmatlyklara daýanýan şeýle halkara ähmiýetli taslamalar parahatçylykly ösüşiň esaslaryny emele getirýär. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň indiki mejlisi şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna beslenen 2021-nji ýylyň bütin dowamynda geçirilýän dürli çäreler ählumumy parahatçylygyň, halkara ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň berkemegine, dünýä giňişliginde dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam eder.

Selbi ANNAORAZOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22950