Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Ol 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen YHG-nyň 15-nji sammitine taýýarlygyň jemleýji tapgyry boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik hem-de oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny amala aşyrmak bilen, öz dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdyr. Häzirki zaman şertlerinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy umumy bähbitlere kybap gelýän deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek üçin netijeli meýdança bolup durýar. Biziň ýurdumyz bu guramanyň halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagy, onuň bolup geçýän ählumumy we sebit ýagdaýlaryna oňyn täsiriniň artdyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Türkmenistan sebit derejesinde däp bolan gatnaşyklara ygrarly bolup, YHG-nyň ähli agza döwletleri bilen ozaldan gelýän hoşniýetli we ýakyn gatnaşyklary saklaýar.

Şu günki duşuşyga YHG-nyň ýurtlarynyň Aşgabada gelen ýolbaşçylary, guramanyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň, sebit edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

YHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşi bu guramanyň ýerine ýetiriji edarasy bolup, ol YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgütleri esasynda agza ýurtlaryň daşary syýasy işlerini, şol sanda halkara guramalardaky hereketlerini utgaşdyrýar, özara gyzyklanma bildirilýän dünýä syýasatynyň meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirýär.

Mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylara Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň alyp barýan işleri barada wideoşekiller görkezildi.

Şu ýyl Watanymyz şanly senäni — döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giňden belledi. Türkmenistan Bitaraplygyň döredijilik we parahatçylyk mümkinçiliklerini iş ýüzünde amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etmek bilen, sebit hem-de ählumumy derejede syýasy, ykdysady, medeni ösüşi üpjün etmäge ýardam bermäge çalyşýar.

Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň şu günki mejlisiniň dowamynda sebit we halkara meseleleriň möhüm ugurlaryny, häzirki zaman ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk boýunça pikir alşyldy. YHG-nyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň we sebit edaralarynyň, beýleki düzümleriniň hasabatlaryna garaldy.

YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji mejlisiniň başlygy, Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa şu günki çäräni gurandygy, YHG-nyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerindäki netijeli hem-de döredijilikli ornuna, dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerýän döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri YHG-da işleriň häzirki ýagdaýy barada habar berdi.

YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň başlygy, Türkmenistanyň daşary işler ministri foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, bu meýdançanyň köp ýyllardan bäri YHG-nyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de pugtalandyrmagyň netijeli guraly bolup hyzmat edýändigini, onuň dürli möhüm meseleler boýunça pikir alyşmak üçin ençeme gezek ulanylandygyny belledi. Türkmenistanyň bu guramada 2021-nji ýylda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen hem-de “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlaryna” laýyklykda, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berildi.

Konsepsiýada esasy wezipeleriň birnäçesi kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda agza ýurtlarda maýa goýum işini işjeňleşdirmek, erkin söwda-ykdysady zolaklary döretmek, täze ulag-logistika geçelgelerini kemala getirmek, durnukly energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri bar.

Şeýle hem mejlisiň çäklerinde YHG-nyň agza döwletleriniň ministrleri we guramanyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Häzirki wagtda YHG ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň tassyklanylan meýilnamalara we maksatnamalara laýyklykda işleýändikleri, agentlikleriň hem-de sebit düzümleriniň işlerine ýardam berýändikleri nygtaldy.

Mejlisde çykyş eden YHG-nyň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary öz döwletleriniň bu guramanyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, döwletara gatnaşyklaryň şeýle görnüşiniň halklaryň we ýurtlaryň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine, sebit durnuklylygyny saklamagyň möhüm şerti bolup durýandygyna ynam bildirdiler.

Mejlisde YHG-nyň Baş sekretarynyň çykyşy diňlenildi hem-de guramanyň 2021-2022-nji ýyllar üçin sebit taslamalary boýunça maslahatlara seredildi. Olarda bu düzümiň hasabat döwründe ýeten esasy ykdysady sepgitleri, YHG-nyň häzirki taslamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň netijeliliginiň seljermesi beýan edildi.

Şeýle-de YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli ösüşiniň orta möhletleýin seljermesi, YHG-nyň arassa energiýa boýunça merkezini döretmek hakyndaky Hartiýasyny kabul etmegiň meseleleri, ýöriteleşdirilen agentlikleriň, YHG-nyň sebit edaralarynyň hem-de düzümleriniň ýyllyk hasabatlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäklerinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň gün tertibine degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, sammitiň gün tertibiniň, Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň, şonuň ýaly-da, häzirki ýokary derejedäki forumyň çäklerinde gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalary boýunça pikir alşyldy. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň hasabaty kabul edildi.

Mejlise gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, şu gezekki duşuşyk oňyn ýagdaýda geçdi hem-de netijeli häsiýete eýe bolup, YHG ýurtlarynyň arasynda halklarymyzyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyra öwrüldi.

Forumyň jemleri boýunça birnäçe resminama, şol sanda “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekildi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48472