Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKO-nyň sammitine gatnaşdy
AŞGABAT, 4-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy.
Dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibinde COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Sammite Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Han we EKO-nyň Baş sekretary doktor Hadi Süleýmanpur gatnaşdylar. Şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Türksoý Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak we beýlekiler çagyryldy.
Abraýly halkara we sebit guramalary bilen giň hem-de köpugurly gatnaşyklar Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, netijeli ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek işinde bu düzümleriň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi bolsa umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýär.
Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri EKO-nyň agzasy bolup durýar. Bu iri ugurdaş sebitleýin döwletara bileleşigiň 1985-nji ýylda ykdysady we söwda ulgamlarynda has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Pakistan, Eýran we Türkiýe tarapyndan döredilendigini ýatlatmalydyrys. 1992-nji ýyldan başlap, EKO-nyň işi, oňa 7 ýurduň — Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň girmegi bilen baglylykda, hil taýdan täze ösüşe eýe boldy. Guramanyň häzirki düzümine çenli onuň giňeldilmeginiň senesi — 28-nji noýabr EKO-nyň güni hökmünde bellenilýär.
1995-nji ýylda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde kabul edilen Kararnama laýyklykda, EKO BMG-de synçy derejesi berildi. Bu düzüm şeýle derejä Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda (YHG) hem eýedir.
Geçen döwürde Türkmenistan we EKO tarapyndan bilelikde işlemegiň uly tejribesi toplanyldy. Munuň özi bolsa uzak möhletli geljek üçin netijeli gatnaşyklaryň berk esasyny döredýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge anyk goşant goşup, EKO girýän döwletler bilen hem ikitaraplaýyn dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär.
EKO-nyň esasy wezipeleri sebitiň ykdysady taýdan okgunly ösmegi, goşulyşmak işleriniň höweslendirilmegi, gurama agza ýurtlaryň raýdaşlygynyň hem-de hyzmatdaşlygynyň, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamynda eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. EKO-nyň esasy maksatlary degişli düzümleriň, sebit we sebitara gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän gurallarynyň döredilmegi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şol maksatlara ýetilmegi wajyp durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Ýokary derejedäki bu duşuşyga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa Bitarap Watanymyzyň halkara guramalarynyň, şol sanda EKO-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk ugruna, ileri tutulýan sebit hem-de ählumumy wezipeleri çözmekde ýurdumyzyň işjeň orny eýelemegini üpjün etmäge ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Ýeri gelende, sammitiň barşynda EKO başlyklyk etmek döwrüniň Türkmenistana geçendigini bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Bu Konsepsiýa ýurdumyzyň bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmelerine aýdyň şaýatlyk edýär.
Onlaýn duşuşygyň açylyş dabarasynda EKO-nyň ozalky, XIII sammitiniň Başlygy, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Han çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçmegi bilen gutlady. Şunda milli Liderimiziň halkara hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi üçin ulag-üstaşyr geçelgeleri hem-de düzümleri döretmek boýunça başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilýändigi aýratyn bellenildi. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagyna ýardam etdi.
Soňra EKO-nyň XIV sammitiniň Başlygy, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 2021-nji ýylda EKO-da başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçýändigi baradaky çözgüdi yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy tüýs ýürekden gutlap, biziň ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň netijeli boljakdygyna hem-de onuň çäklerinde amala aşyryljak başlangyçlaryň tutuş sebitiň abadançylygyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
EKO-nyň Baş sekretary doktor Hadi Süleýmanpur çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu waka bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň EKO-da başlyklyk etmeginiň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna we özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, bu ugurdaky taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we giňeltmekde Türkmenistanyň möhüm ornuny belledi we EKO-da başlyklyk etmegiň ýurdumyza geçmegi bilen baglylykda, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.
Milli Liderimiz çykyşynyň başynda ýokary derejedäki şu mejlisi gurandygy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda Türkiýäniň üstünlikli we netijeli başlyklyk edendigini belledi we munuň üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň şu günki mejlise geçilen ýola baha bermek we seljermek nukdaýnazaryndan hem, geljek üçin mümkinçilikleri kesgitlemek babatda hem bu guramanyň işinde möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, umuman, EKO-nyň işiniň depginli häsiýetini, sebitleýin hyzmatdaşlyga oňyn täsir edýändigini nygtady.
Häzirki döwürde EKO dünýäde ykrar edilen iri we abraýly halkara düzüm bolup durýar. Bu guramanyň hereket edýän ýyllarynda onuň agza ýurtlarynyň arasynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan soraglary boýunça dürli ylalaşyklar baglaşyldy we çözgütler kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, bilelikdäki örän uly mümkinçilikleri özara bähbit hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüş üçin peýdalanmaga gönükdirilen, durmuşa ukyply strategiýany taýýarlamak boýunça köp işleriň geçirilendigini belledi.
Birnäçe bilelikdäki taslamalar amala aşyrylyp başlandy. Milli Liderimiz şolaryň arasynda häzirki döwürde sebitiň ykdysady durmuşynda möhüm orny eýeleýän ulag we kommunikasiýa ulgamlaryndaky taslamalary aýratyn belledi. Gurama gatnaşyjy ýurtlar sebitde söwda-ykdysady hem-de maýa goýum gatnaşyklaryny netijeli ösdürmek üçin hem çäreleri görmegi dowam edýärler.
Otuz ýyla golaý mundan ozal esasynda goýlan ýörelgelere we maksatlara yzygiderli takyk eýermegi biziň guramamyzyň işiniň örän möhüm şerti bolup durýar. Şol döwürden bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna täze agzalar kabul edilip, onuň häzirki düzümi emele geldi. EKO ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etmegiň guraly hökmünde, haýsydyr bir syýasy ýagdaýlardan erkin ugruny saklap, daşarky dünýä bilen gatnaşyklaryny giňeltdi.
EKO häzirki döwürde hem beýleki halkara guramalar we köp sanly ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürip, sebitiň çäklerinden işjeňlik bilen çykýar.
Gazanylan bu ähli netijeleri agza ýurtlar bolan biz bilelikde toplan oňyn tejribämize doly degişli edip bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ýöne, wagt bir ýerde durmaýar. Ol bizden häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, dünýä ykdysadyýetindäki meýilleri we sebitdäki işleriň ugruny göz öňünde tutup, guramanyň işine täze çemeleşmeleri taýýarlamagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, EKO-nyň üstüne guramanyň aýratynlygyna we özboluşly geoykdysady ähmiýetine laýyk gelýän uly wezipeler ýüklenýär.
Şunda döwlet Baştutanymyz geografiýasy, taryhy, däp-dessurlary we gymmatlyklary arkaly birleşen döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygynyň usuly hökmünde EKO-nyň birleşdiriji mazmunyny belledi. Ony biziň tebigy artykmaçlyklarymyz we umumy bähbitlerimiz esasynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin hakyky gurluş diýip atlandyrmagy dogry hasaplaýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şoňa görä-de, biziň pikirimizçe, häzirki döwürde EKO-nyň baş wezipesi ykdysady serişdeler arkaly sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekdir. Parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giňden netijeli hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri döretmekdir. Sebäbi EKO-da diňe bir ählumumy we sebitdäki ykdysady işlere barabar gatnaşmak däl, eýsem, şol işleriň ösüşine işjeň täsir etmäge hem zerur mümkinçilikler bar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şu meselede Türkmenistan EKO-daky geljekki öz başlyklygyny göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza bildiren ynamy üçin agza döwletlere uly minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň öz başlyklygyny jogapkärli we belent wezipe hökmünde kabul edýändigini, onuň üstünlikli, netijeli we gatnaşyjylaryň bähbitlerine hyzmat etmegi üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz sammite gatnaşyjylary, guramada Türkmenistanyň başlyklyk etjek döwründe esasy ileri tutulýan ugurlar bilen tanyşdyrdy.
Türkmen tarapy EKO-nyň çäklerinde ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, energetikada, ulaglarda we kommunikasiýalarda, medeniýet hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň toplumlaýyn mümkinçiligini giňeltmäge ýardam bermäge strategik wezipe hökmünde garaýar.
Ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmegiň üstünde hyzmatdaşlarymyz bilen anyk işleri alyp barmagy göz öňünde tutýarys. Haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagy we ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şu maksat bilen, Türkmenistan EKO-nyň sebitinde ykdysady ugurlary döretmegiň üstünde işläp başlamagy teklip edýär. Biz bu ugurlary harytlaryň, hyzmatlaryň hereket edýän, maýa goýumlaryň amala aşyrylýan esasy durnukly ulgamy hökmünde görýäris. Senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerini birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalary amala aşyrmagy ykdysady ugurlaryň örän möhüm bölegi hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
EKO agza ýurtlary ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatlaryny amala aşyrmakda, häzirki zaman işlerine olaryň doly bahaly gatnaşmagyny gazanmakda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynyň esasy orny eýelejekdigi äşgärdir. Sebäbi EKO-nyň giňişligine Ýewraziýa kontinentinde amatly, düşewüntli, ýokary tehnologiýaly ulag-kommunikasiýa merkezleriniň we ugurlarynyň ulgamy hökmünde garalýar.
Bu ugurda biziň ýurtlarymyz birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrdy. Şu ýylyň ýanwarynda Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň işe girizilmegini, Owganystanda Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol böleginiň açylmagyny, Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan), şeýle hem Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugry boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegini muňa has täze mysallar hökmünde görkezmek bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz EKO-nyň beýleki ýurtlarynyň gatnaşmagynda dürli ugurlarda şular ýaly giň gerimli we köptaraply taslamalary amala aşyrmak barada pikirlenmegi teklip etdi.
Ulag geçelgelerini we logistik merkezleri döretmek häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Şundan ugur alyp, milli Liderimiz bu ugurda EKO-nyň taslama işlerini düýpli güýçlendirmegiň, geljegi has uly bolan ülňüleri hem-de ugurlary öňe sürmegiň zerurdygyna ynam bildirdi.
Şunuň bilen birlikde, biz Gündogar — Günbatar ugry boýunça, Aziýa–— Ýuwaş umman sebitinden kontinentiň Ýewropa bölegine, Ýakyn Gündogar tarapa utgaşdyrylan ulag geçelgelerine aýratyn üns bermäge çagyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şeýle hem Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip edýär. Sebäbi Hazarýaka döwletleriň bäşisinden dördüsi EKO-nyň agzasy bolup durýar. Şuny göz öňünde tutup, Hazar deňziniň üsti bilen günbatar we demirgazyk ugurlara, Gara hem-de Baltika deňizleriniň portlaryna işjeň çykmalydyrys.
EKO-nyň giňişliginde energetika ugurlaryny döretmäge, biziň döwletlerimiziň gatnaşmagynda energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge hem möhüm wezipe hökmünde seredýäris. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurýar. Munuň özi oňaýly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mysalydyr.
Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugurlary boýunça elektrik energiýasyny ibermegiň taslamasyny amala aşyrmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKO sebitiniň içinde hem, onuň çäklerinden daşary çykýan goşmaça energetika ugurlaryň hem zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz şu ugurda guramanyň kontinentde beýleki döwletara birleşikler bolan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen maksada gönükdirilen gatnaşyklary ýola goýup biljekdigini nygtady. Bu birleşikleriň strategik babatda bähbitleri EKO-nyň bähbitleri bilen özara peýdaly we deňhukukly esasda laýyk gelip bilerdi.
Milli Liderimiz owgan topragynda pugta parahatçylygy we ylalaşygy berkarar etmegiň örän möhüm şerti hökmünde Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek işine ýurdumyzyň möhüm ähmiýet berýändigini aýratyn belledi. Türkmenistan onuň ykdysadyýetini dikeltmekde, energiýa üpjünçilik, ulag, aragatnaşyk ulgamlarynda, durmuş maksatly desgalary gurmakda bu doganlyk ýurda kömek berýär we kömek bermegini dowam eder.
Senagat, energetika pudaklarynda, ulag we kommunikasiýa hem-de logistika ulgamlarynda ähmiýetli bilelikdäki taslamalara gatnaşyjy hökmünde Owganystanyň sebit we kontinent ykdysady hyzmatdaşlygyna ysnyşykly goşulmagynda onuň üçin geljegi uly bolan strategik mümkinçiligi görýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistan EKO-da başlyklyk ediji hökmünde medeni, sport, bilim, ýaşlar syýasaty, syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge işjeň ýardam bermegi maksat edinýär. Dost-doganlyk ruhunda biziň halklarymyzy we döwletlerimizi birleşdirýän umumy ahlak gymmatlyklaryna eýermegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ylmy-lukmançylyk ugry, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde tejribe we bilim alyşmak boýunça hem hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns bermegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň EKO-nyň işini sebiti netijeli ösdürmegiň şertleriniň biri hasaplaýandygyny, bu guramada onuň agza ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin geljegi uly bolan mümkinçilikleri görýändigini belledi.
Şunuň bilen birlikde, biz döwletleriň we halklaryň abadançylygy hem-de gülläp ösmegi, sebitde parahatçylyk we öňe gitmek üçin EKO-nyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagy öz umumy wezipelerimiz hasaplaýarys. EKO-nyň başlygy hökmünde Türkmenistan şu maksatlara ýetmek üçin ähli tagallalary eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz çykyşyny tamamlamak bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň indiki mejlisini 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gününde Aşgabat şäherinde geçirmegi hem-de daşary ýurtly kärdeşlerine duşuşygyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna sapar bilen gelmegi teklip etdi.
Sammitde başlyklyk edýän Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sammite gatnaşandygy, EKO-nyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerinde netijeli we işjeň orny eýeleýändigi, dostlukly, hoşniýetli goňşuçylykly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşandy, şeýle hem şu günki forumda taryhy çykyşy üçin hoşallyk bildirdi.
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani sammitde çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklygy kabul etmegi bilen gutlady.
Dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygyň berkarar bolmagyna, onuň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi we energetika, ulag hem-de aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlarda giň möçberli taslamalary öňe sürýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra sammitde çykyş edenler hem Türkmenistany EKO-da başlyklyk etmegi kabul edendigi bilen gutladylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň EKO-da başlyklyk etmeginiň bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň, şol sanda multimodal ulag-üstaşyr geçelgeleri, sebitara we halkara ähmiýetli logistik düzümleriň ösdürilmegi boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XIV sammitiniň ahyrynda sammitde başlyklyk edýän Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan jemleýji söz bilen çykyş edip, döwletleriň hem-de halkara düzümleriň Baştutanlaryna şu ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşandyklary üçin hoşallyk bildirdi.
Meniň doganym, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek uly hormat bilen tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin diýip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti aýtdy we sammiti jemledi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22437?type=feed