Barha ählumumylaşýan halkara gatnaşyklarda sebitara düzümlere möhüm orun degişli. Şolaryň biri-de, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Ol sebitleýin hökümetara gurama bolup, öz işini 1992-nji ýylda täzeden dikeltdi. Owganystan, Garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan döwletleri onuň täze agzalary boldy. Şol ýylyň 16-17-nji fewralynda YHG-nyň üsti ýetirilen täze agzalarynyň-da gatnaşmagynda geçirilen döwlet hem hökümet Baştutanlarynyň duşuşygynda kabul edilen resminamada ulag-kommunikasiýa, senagat we oba hojalygy, energetika pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutuldy. Agza ýurtlaryň ykdysady, tehniki, medeni hyzmatdaşlygyny ilerletmek; sebitiň dünýä söwdasyndaky ornuny artdyrmak; agza döwletleriň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyny yzygiderli üpjün etmek; sebitiň ýurtlaryny biri-biri hem-de daşarky dünýä bilen baglanyşdyrýan ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek; sebitiň agrar, senagat mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak; neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy tagallalary birleşdirmek, daşky gurşawy goramak, sebitiň halklarynyň medeni gatnaşyklaryny berkitmek; sebitara we halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işiniň esasy maksatlarydyr.
Hormatly Prezidentimiz daşary syýasy başlangyçlarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ornuna uly ähmiýet berýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan bu guramanyň ýokary derejeli duşuşyklaryna işjeň gatnaşyp, sebitara hyzmatdaşlygy konstruktiw häsiýete öwürmek üçin möhüm başlangyçlary we taslamalary öňe sürýär. Şunda energetika hem-de ulag ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek, kämilleşdirmek we diwersifikasiýalaşdyrmak ileri tutulýan ugurlar hasaplanýar.
2021-nji ýylyň 4-nji martynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitine gatnaşdy. Dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibinde COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şol sammitden soňra, YHG-da başlyklyk etmek döwri Türkmenistana geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Bu bolsa ýurdumyzyň şeýle jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmagy maksat edinýän çemeleşmelerini aýdyň görkezýär.
YHG-nyň şol gezekki sammitinde türkmen Lideri agza ýurtlar bilen bilelikde toplanan tejribä oňyn baha berip, wagtyň bizden häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, dünýä ykdysadyýetindäki meýilleri we sebitdäki işleriň ugruny göz öňünde tutup, guramanyň işine täze çemeleşmeleri taýýarlamagy talap edýändigini aýratyn nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň pikiriçe, ykdysady serişdeler arkaly sebitde durnukly ösüşi gazanmak häzirki döwürde YHG-nyň baş wezipesi bolmalydyr. Bu bolsa guramanyň üstüne parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri döretmek wezipesini ýükleýär. Şonuň bilen baglanyşyklylykda, hormatly Prezidentimiz sammitde ýurdumyzyň YHG-da başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlaryna dahylly birnäçe teklipleri öňe sürdi.
1. Türkmenistan YHG-nyň sebitindäki ykdysady ugurlaryny döretmegiň üstünde işläp başlamagy teklip edýär. Ol bu ugurlara harytlaryň, hyzmatlaryň hereket edýän, maýa goýumlaryň amala aşyrylýan esasy durnukly ulgamy hökmünde garaýar. Döwletimiz senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerini birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy ykdysady ugurlaryň örän möhüm bölegi hasaplaýar. Türkmen tarapy YHG-nyň çäklerinde ykdysady, söwda, senagat, energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam bermegi strategik wezipe hasaplaýar.
2. Türkmenistan YHG-nyň giňişligine Ýewraziýa yklymynda amatly, düşewüntli, ýokary tehnologiýaly ulag-kommunikasiýa merkezleriniň we ugurlarynyň ulgamy hökmünde seredýär. Hut şu maksatdan ugur alnyp, Türkmenistanyň başlangyjy netijesinde agzalan sebitde bilelikdäki birnäçe multimodal ulag-kommunikasiýa taslamalary üstünlikli amala aşyryldy.
Aslynda, ulag-kommunikasiýa taslamalaryna ýardam bermek YHG-nyň işiniň möhüm ugrudyr. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda guramanyň Aşgabatda bolan sammiti Tejen — Sarahs — Maşat demir ýolunyň açylyş dabarasyndan başlanypdy. Şol gün hem Sarahsda Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan, Gruziýa ýükleri daşamak we demir ýol gatnawlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada dörttaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilipdi. 1998-nji ýylda Gazagystanda YHG-nyň agza döwletleriniň üstaşyr ýük gatnawlary hakda Ylalaşyga gol çekilipdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen gurlan Tejen — Sarahs — Maşat demir ýoly bu düzüme girýän ýurtlaryň söwda dolanyşygynda möhüm ugra öwrüldi.
2007-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Tähranda geçirilen II sammitinde Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy baradaky resminama gol çekildi. Bu halkara demir ýoly Baltikadan Eýranyň portlaryna çenli 4,5 müň kilometr aralykda has oňaýly ugur bolup durýar. 2011-nji ýylyň oktýabrynda bolsa YHG-nyň goldawy bilen Türkmenistanyň, Özbegistanyň üsti bilen Gazagystana aralaşýan üstaşyr demir ýol gatnawy ýola goýuldy. Gazagystan 2015-nji ýylyň fewralynda Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesiniň taslamasyna goşuldy. Şeýlelikde, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm halkasyna öwrülen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly diňe bir YHG-nyň sebitiniň däl, eýsem, Ýewraziýa yklymynyň halklarynyň bähbidine-de gulluk edýär.
Strategik hyzmatdaşlardyr goňşy döwletler bilen däbe öwrülen gatnaşyklardan başga-da, Türkmenistan häzir Orta we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Pars aýlagynyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenýär. Pars aýlagynyň geosyýasy, geostrategik, geoykdysady ähmiýeti hasaba alnanda, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen Orta Aziýa — Ýakyn Gündogar (Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman) ulag geçelgesiniň taslamasy örän ähmiýetlidir. Oňa birnäçe goňşy döwletler gyzyklanma bildirdi we netijede, 2011-nji ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabatda hökümetara Ylalaşyga gol çekildi. Bu ulag geçelgesi Merkezi Aziýa, Eýran we Pars aýlagynyň ýurtlary, arap dünýäsiniň döwletleri bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga ýardam berer. Ol Ýakyn Gündogara göni çykmak üçin mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge gönükdirilen ulag diplomatiýasynda möhüm taslamalaryň biri-de, «Lapis Lazuli» adyny alan Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe multimodal ulag geçelgesidir. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň teklibi boýunça 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen «Halkara hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň tutýan orny» atly halkara maslahatyň çäklerinde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgesini döretmek boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirilipdi. Hut şol maslahatda-da Türkmenistanyň Prezidenti ýene-de bir täze teklibi — Türkiýä çykmak arkaly, Merkezi Aziýa üçin modal ýoly döretmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy öňe sürdi. Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi RECCA-nyň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçen VII forumynyň esasy üstünligi boldy. «Lapis Lazuli» geçelgesi Owganystana Hazar deňzi arkaly öz ýüklerini daşamaga giň mümkinçilik berer.
Türkmenistan YHG-nyň çäginde Gündogar — Günbatar ugry boýunça hem ulag-logistika taslamalaryny işjeňleşdirmegi teklip edýär. Bu ugurda Hazaryň üstünden geçýän taslamalara aýratyn orun degişlidir. Sebäbi Hazarýaka döwletleriň bäşisinden dördüsi YHG-nyň agzasy bolup durýar. Şuny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Baştutany Hazar deňziniň üsti bilen günbatar we demirgazyk ugurlara, Gara hem-de Baltika deňizleriniň portlaryna işjeň çykmagyň mümkinçiliklerini öňe sürýär.
3. Halkalaýyn energiýa geçirijilerini çekmek Türkmenistanyň YHG-nyň çägindäki hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm hasaplaýan ýene bir ugrudyr. Ýurdumyz bu guramanyň giňişliginde energetika ugurlaryny döretmäge, agza döwletleriň gatnaşmagynda energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge-de uly ähmiýet berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrýar. Munuň özi oňaýly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň anyk mysalydyr.
Türkmen Lideri YHG sebitiniň içinde hem, onuň çäklerinden daşary çykýan goşmaça energetika ugurlarynyň hem zerurdygyny belläp, Ýewraziýa yklymynyň jümmüşinde halkalaýyn energiýa geçirijilerini çekmekde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklymda beýleki döwletara birleşikler bolan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa ykdysady birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen maksada gönükdirilen gatnaşyklary ýola goýup biljekdigine aýratyn ünsi çekýär. «Bu birleşikleriň strategik bähbitleri YHG-nyň bähbitleri bilen özara peýdaly we deňhukukly esasda laýyk gelip bilerdi» diýip, milli Liderimiz nygtaýar.
Türkmenistanyň Owganystanda amala aşyrýan energetika taslamalary onuň YHG-nyň çägindäki ýurtlaryň energetika mümkinçiliklerini bir ýere jemlemegiň hasabyna bu ýurdy goldamagyň belent ynsanperwer nusgasy bolup durýar. Energiýa serişdelerine ýiti mätäçlik çekýän Owganystana Türkmenistan çärýek asyrdan gowrak wagt bäri elektrik energiýasyny elýeterli nyrhlardan iberýär. Ýurduň maliýe-ykdysady kynçylyklary göz öňünde tutulyp, bu ugurda toplanan bergiler Hökümetimiz tarapyndan ençeme gezek geçildi. Munuň özi goňşuçylyk gatnaşyklarynda ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alynýandygynyň nyşanydyr.
2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgam, şeýle-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgam işe girizildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan taslamasy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr.
4. Medeniýet, sport, bilim, ýaşlar syýasaty, syýahatçylyk ulgamlary boýunça gatnaşyklary giňeltmäge işjeň ýardam bermek Türkmenistanyň YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde ileri tutýan möhüm wezipeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde tejribe we bilim alyşmak boýunça-da hyzmatdaşlyga aýratyn üns bermegi teklip edýär.
Döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň YHG-nyň işini sebiti netijeli ösdürmegiň şertleriniň biri hasaplaýandygyny, bu guramada onuň agza ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin geljegi uly bolan mümkinçilikleri görýändigini belläp: «Biz döwletleriň we halklaryň abadançylygy hem-de gülläp ösmegi, sebitde parahatçylyk we öňe gitmek üçin YHG-nyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy öz umumy wezipelerimiz hasaplaýarys. YHG-nyň başlygy hökmünde Türkmenistan şu maksatlara ýetmek üçin ähli tagallalary eder» diýip nygtady.
YHG-nyň işiniň gaýtadan janlandyrylmagy netijesinde soňky 30 ýyla golaý döwürde Türkmenistan bu guramanyň çäginde ideologik garaýyşlardan erkin, ykdysady hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde sebitara taslamalary durmuşa geçirmäge degişli ençeme oňyn başlangyçlary öňe sürdi. Ýurdumyz YHG-nyň çägindäki hyzmatdaşlygy sebit goşulyşmasynyň oňyn ösüşiniň şertleriniň biri hasap edýär. Guramanyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini agza döwletleriň hem-de tutuş dünýä bileleşiginiň bähbitleri üçin peýdalanmagyň geljegi uly ugurlary 28-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky XV sammitiniň gün tertibinde-de öz beýanyny tapar.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48397