Ykdysady galkynyşyň kuwwatly düzümi

Dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm hem-de okgunly ösýän pudaklarynyň biridir. Soňky ýyllarda önümçilik görkezijilerini yzygiderli ýokarlandyrýan pudak ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde wajyp orny eýeleýär. Halkymyzyň dokmaçylyk senedini sungat derejesine ýetirenine müňlerçe ýyl geçenem bolsa, ýurdumyzyň dokma senagatynyň binýadynyň tutulmagy Garaşsyzlyk ýyllary bilen baglanyşyklydyr. Berkden tutulan binýat taryh üçin gysga döwürde Türkmenistanyň dokma önümçiliginde dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda orun almagyny şertlendirdi. 

                                                                   

 Senet, sungat, senagat 

                                                                   

Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň ösen mekany hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň çägindäki gadymy taryhy ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan tapyndylar, çet ýurtly jahankeşdeleriň ýazgylary, gelin-gyzlarymyzyň sungat derejesine ýetiren dokma önümleri bu hakykaty tassyklaýan ygtybarly delillerdir. Şeýle-de bolsa, taryhy şertleriň täsiri netijesinde senetçiligiň senagata öwrülýän döwründe ýurdumyza diňe dünýä bazaryny çig mal bilen üpjün edýän ülke hökmünde garaldy. Tä özygtyýarly döwletli bolýançak, türkmen topragynda ýetişdirilen pagta hasyly daşary ýurtlarda gaýtadan işlenilýärdi. Ýurt Garaşsyzlygymyz ähli ulgamlar bilen birlikde dokma senagatynyň hem galkynmagyna ýol açdy.  

                                                                   

 Çig mal çeşmesinden önümçilik merkezine  

                                                                   

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ugur alyndy. Tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna hem-de geografik taýdan amatly çäge eýe bolan Türkmenistan bu ugurda oňyn netijeleri gazanmagy başardy. Ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilikleriň döredilip, gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegi netijesinde dünýä bazarynda bahalary çig malyňky bilen deňeşdirilende birnäçe esse ýokary bolan eksport ugurly önümler öndürilip başlandy.  

                                                                   

1991-nji ýylda Türkmenistanda pagtanyň gaýtadan işlenilişiniň diňe ilkinji tapgyry amala aşyrylýardy. Dokma senagaty pudagynyň düzümleriniň düýpli diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen häzirki wagtda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän pagta hasyly tutuşlygyna özümizde gaýtadan işlenilýär. Diňe soňky birnäçe ýylda tebigy çig maldan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze kärhanalaryň onlarçasy guruldy. Olar halkara bazarlarynda ozaldan hereket edip gelýän öndürijileriň öňdebaryjy orunlaryna mynasyp dalaş edýärler. Şunlukda, Türkmenistan dokma senagatynda çig maly eksport edýän ýurtdan dünýä bazaryna taýýar önümleri çykarýan döwlete öwrüldi. 

                                                                   

 Şertler we mümkinçilikler  

                                                                   

Türkmenistanda dokma senagatyny ösdürmek üçin zerur bolan esasy şertler bar: ýerli çig mal, ýokary hünär derejeli işgärler bilen üpjünçilik, öndürilen harydy bazarlara ýetirmek üçin ulag-logistika düzümleri hem-de içerki we daşary bazarlardaky hyrydarlar. Şeýle hem ýurdumyzyň tebigy we howa şertleri gowaçanyň dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmekde çig mal bolup hyzmat edýän orta hem-de inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin oňaýlydyr.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza baştutanlyk eden döwründe milli ykdysadyýetimiziň eksport ugurly önümleri öndürýän pudagy hökmünde dokma senagatyny ösdürmäge uly üns berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda iri dokma toplumlary, ýüplük egriji we dokma kärhanalary, tikin fabrikleri, ýüpekçilik kärhanalary, aýakgap fabrikleri, derini we ýüňi gaýtadan işleýän zawodlar hereket edýär. Kärhanalarda çagalar we ulular üçin egin-eşikler, şol sanda ýokary hilli örme we jinsi önümleri, hojalykda ulanylýan ekologiýa taýdan arassa önümleriň dürli görnüşleri, ýorgan-düşek daşlyklary, çalgyçlar, panbarhat matalary we beýleki harytlar öndürilýär. «Bedew», «Gala», «Bürgüt», «Ýeňiş», «Bahar», «Goza», «Nusaý», «Wada», «Ak pamyk», «Arwana», «Mäne», «Jeýtun» ýaly söwda nyşanlary bilen öndürilýän harytlar Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzümindäki «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezinde hem-de ýurdumyzyň dürli ýerlerinde açylan ýöriteleşdirilen dükanlaryň onlarçasynda ilata hödürlenilýär. 

                                                                   

Pudagyň düzümindäki kärhanalaryň «Tsudakoma», «Juki», «Muratec» (Ýaponiýa), «Rieter», «Benninger» (Şweýsariýa), «Trützschler», «Schlafhorst», «Monforst», «Küsters» (Germaniýa), «Marzoli», «Reggiani», «Arioli», «Mario Crosta», «Savio» (Italiýa), «Picanol» (Belgiýa) ýaly dünýä belli kompaniýalaryň enjamlary bilen üpjün edilmegi onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça maksatlara ýetmäge ýardam berýär. 

                                                                   

 Köpdürli hem köpugurly 

                                                                   

Ýurdumyzyň dokma senagatyna innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde senagatda, gurluşykda, lukmançylykda, oba hojalygynda we beýleki ulgamlarda peýdalanylýan önümler hem öndürilýär. Çygdan we şemaldan goraýan, gyzgynlyga çydamly matalar, egin-eşikler, aýakgaplar, mebel düşemeleri, gorag we daňy materiallary, mata oboýlar, tutular, ýorganlardyr ýassyklar, çaga arlyklary, arassaçylyk serişdeleri we beýlekiler hut şu pudakda öndürilýär.  

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma senagatynda öndürilýän önümleriň görnüşlerini köpeltmek, bezeg aýratynlyklaryny, ulanylýan çig malyň düzümini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Tebigy süýümler bilen birlikde himiki süýümleriň peýdalanylmagynyň netijesinde garyşyk görnüşli matalar öndürilýär. Soňky ýyllarda dokalmaýan materialyň täze görnüşi bolan «spandbondyň» önümçiligi ýola goýlup, ol lukmançylykda we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ulanylýan önümleri taýýarlamakda giňden peýdalanylýar. 

                                                                   

 Hil standartlary we ekologiýa howpsuzlygy 

                                                                   

Dokma pudagynda öndürilýän önümleriň halkara hil standartlaryna hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň kärhanalarynyň önümleriniň «Önümçiligi dolandyryş ulgamy we hil gözegçiligi» ISO 9001, «Daşky gurşawy goramak» ISO 14001, «Zähmeti goramak we önümçilik howpsuzlygy» OHSAS 18001 ýaly halkara güwänamalaryna mynasyp bolmagy hem munuň aýdyň subutnamalarydyr. 

                                                                   

 Döwlet goldawy — ösüşiň hereketlendirijisi 

                                                                   

Döwlet tarapyndan pudagy ösdürmek hem-de türkmen dokma önümlerini daşarky bazarlara çykarmak üçin uly maýa goýumlary çekmek, erkin ykdysady zolaklary döretmek, ýeňillikli karzlary bermek, oňaýly maliýe gurallaryny üpjün etmek ýaly şert-mümkinçilikler döredilýär. Garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri täze dokma toplumlarynyň gurluşygyna hem-de ozal bar bolan kärhanalaryň durkunyň täzelenilmegine 2 milliard amerikan dollaryna barabar maýa goýum serişdeleri goýberildi. Daşary ýurt kompaniýalary we halkara maliýe guramalary bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Olaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda döwrebap dokma toplumlarynyň 15-si gurlup, ulanylmaga berildi.  

                                                                   

Diňe geçen ýylyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda döwrebap dokma toplumlarynyň ikisi ulanyşa berildi. Bu döwrebap önümçilik desgalary müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge hem-de milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmaga niýetlenen düzümleriň üstüni ýetirdi. 

                                                                   

Döwlet tarapyndan kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Türkmenistanda öndürilen önümler dünýäniň dürli ýurtlarynda ýokary islegden peýdalanýan harytlara öwrüldi. Bu günki gün türkmen dokma önümleri Russiýa Federasiýasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Hytaý, Pakistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Gruziýa, Ermenistan, Eýran, Şweýsariýa ýaly onlarça ýurtlara eksport edilýär. 

                                                                   

 Guwandyryjy netijeler we täze wezipeler 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, dokma senagaty pudagynyň işgärleri hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýarlar. Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda berlen hasabata laýyklykda, şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi boýunça nah ýüplügiň öndürilişiniň ösüş depgini 131,3 göterime, nah matalaryňky 131,2 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 114,4 göterime, gön önümleriniňki 108,2 göterime deň boldy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Serdarymyz täze önümçilikleri döretmek arkaly maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň artdyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň depginini çaltlandyrmak, pagta ýüplügini hem-de matalary ýerlemekden gelýän girdejileriň möçberini artdyrmak, taýýar tikin önümleriniň önümçiligini giňeltmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dokma senagatyna halk hojalygynyň möhüm pudagy hökmünde uly ähmiýet berýär. Dokma senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň galkynmagyna kuwwatly itergi berer. 

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan»