Ene ýer garaşygy, idegi halaýar. Näçe halal zähmet çekip, maňlaý deriňi siňdirip bilseň, ol şonça-da eçilýär. Saçagymyzyň berekedini artdyryp, baýlygymyza baýlyk goşýar. Bu günki gün ýere eýeçilik gözi bilen seredip, ondan ýokary hasyl almagy başarýan kärendeçilerdir hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň netijeli işlemegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Biz «Lezzetli miwe» hojalyk jemgyýetiniň işi bilen gyzyklanyp, onuň direktory Sapar Dolyýewe ýüz tutduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:
— Türkmen işewürleriniň il-ýurt bähbitli başlangyçlaryna döwlet tarapyndan yzygiderli berilýän goldaw-hemaýat has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Olar tutumly hem päk zähmeti bilen ýurdumyzda bazar bolçulygyny döredýär. Gökdür bakja önümlerini ýetişdirýärler, miweli baglary döredýärler. Agrosenagat pudagyny has-da ösdürmek maksady bilen, türkmen işewürlerine ýer bölekleri-de berilýär.
Hojalyk jemgyýetimize Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginden 200 gektar ýer bölünip berildi. Ilki şol meýdanyň topragynyň düzümini öwrendik. Degişli hünärmenler bilen maslahatlaşyp, toprak-howa şertlerimize tiz uýgunlaşjak miweli baglaryň nahallaryny daşary ýurtlardan getirip oturdýarys. Anyk aýtsam, Türkiýeden getirilen şeýle nahallaryň 250 müň düýbüni oturtdyk.
Baglaryň endigan ösüp ýetişmegi üçin olara idegi kemsiz ýola goýduk. Häzir hatarlary uzap gidýän bagymyza, Günüň nuruna öwşün atýan alma hasylyna bakyp, çekýän zähmetimiziň ýerine düşýändigine guwanýarys. Baglarymyz iki-üç ýyldan bäri bol hasyl berýär. 100 gektar meýdanda çereşnýa bagymyz kadaly boý alýar. Nesip bolsa, geljek ýyl ol hasyl berip ugrar. Şetdaly bagymyz 17,5 gektar meýdany tutýar. Ondan şu ýyl 70 tonna golaý hasyl aldyk. Almalar hem 25 gektar meýdany bezäp otyr. Şu güne çenli ondan 23 tonna alma ýygnadyk. Hasyly içerki bazarlarda alyjylara hödürleýäris. Bagymyzda heniz hasyl bar. Ony güýz paslynda ýygnarys. 35 gektar meýdandaky badam bagymyzyň hasyly şu aýda ýetişer. Ondan 15 tonna golaý hasyla garaşýarys. Almadyr badamlarymyz ildeşlerimiziň toý saçagyny bezär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygyny şeýle zähmet üstünlikleri bilen garşylarys.
Bol hasyl almakda idege-de köp zat baglydyr. Bagbanlarymyz her düýp agaja yhlas bilen garaşyk edýär. Boýy pes, ýöne hasyly köp berýän baglary damjalaýyn usulda suwarýarys. Zyýanly mör-möjeklerden goraýarys. Idegi kemsiz ýetirilen baglar bol hasyl eçilýär. Lezzetli, tagamly miwelerimize alyjylar uly isleg bildirýär. Tagamy datly, bahasy elýeterli bolansoň, olaryň hyrydary-da barha köpelmek bilen.
Ýazga geçiren Akmyrat NURALYÝEW.
“Türkmenistan”.