Yhlasly zähmet — oňyn netijäniň özeni

Munuň şeýledigini dokuz aýyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisi ýene-de bir gezek tassyklaýar 

                                                                   

 Ykdysady ösüş döwletiň kuwwatyny emele getirýän esasy sütünleriň biri bolup, Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna — köptaraply esasda ösdürilmegine aýratyn üns berilýär, oňyn netijeler gazanylýar. Muňa 5-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan nobatdaky mejlisiniň mysalynda göz ýetirmek bolýar. 

                                                                   

Aslynda, «oikonomike» diýen gadymy grek sözünden emele gelen ykdysadyýet düşünjesiniň «hojalygy ýöretmegiň kanuny» diýen manysy hemmämiz üçin tanyş bolsa gerek. Şundan ugur alynsa, döwletleriň öz hojalyklaryny — milli ykdysadyýetlerini döwrüň kadalaryna laýyklykda talabalaýyk alyp barmaklarynyň zerurlyk hökmünde orta çykjakdygy öz-özünden düşnüklidir. 

                                                                   

Ykdysady hojalygy dolandyrmak önümçilik gatnaşyklary bilen berk bagly bolup, onuň ösüşini kesgitlemekde birnäçe görkezijiler ulanylýar. Olaryň ilkinjisi jemi içerki önüm bolup, ykdysady ylymda kesgitlenilişi ýaly, munuň özi belli bir kesgitli wagtyň dowamynda ýurtda öndürilen harytlaryň we hyzmatlaryň ahyrky bahalarynyň jemidir. Şu jähetden, üstümizdäki ýylyň geçen dokuz aýynda maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň 6,3 göterime barabar ösüşiniň gazanylmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilmeginiň dowam etdirilýändigini görkezýär. Şeýle hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň 9,6 göterim köpelmegi raýatlarymyzyň maddy-hal ýagdaýynyň barha ýokarlandyrylýandygyny aňladýar. Çünki haryt dolanyşygy ilatyň sarp edijilik isleginiň kanagatlandyrylmagyny aňlatmak bilen, şunda söwda uly orun degişlidir. 

                                                                   

Her bir ýurduň merkezleşdirilen pul toplumy, ýagny döwletiň esasy maliýe meýilnamasy — Döwlet býujeti bolup, ol her ýyl üçin degişli kanunçylyk namasy arkaly tassyklanylýar we kabul edilýär. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasyna, ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklamaga, maýa goýum taslamalarynyň, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendigini göz öňünde tutsak, degişli döwürde onuň girdeji böleginiň 111,7 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 97,8 göterim ýerine ýetirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyny ýene-de bir gezek seljermegiň, bu ugurda alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi we ýylyň ahyryna çenli özara hasaplaşyklar boýunça zerur işleri geçirmek, salgytlaryň, şol sanda ýerli salgytlaryň doly ýygnalmagyna gözegçilik etmek babatda tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyz: «Durnukly ykdysady ösüş biziň uzak möhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar» diýip belledi. Şol esasy maksada ýetmek üçin, başda belleýşimiz ýaly, Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ynamly ösdürilýär. Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde berlen hasabatlar muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.  

                                                                   

Şoňa görä-de, geliň, käbir ugurlar boýunça şu ýylyň 9 aýynda gazanylan görkezijilere garalyň. Mysal üçin, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109,4 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 114,3 göterim berjaý edildi. Oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,3 göterime barabar boldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 110,3 göterim ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,6 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 102,9 göterime barabar boldy. Ulag we kommunikasiýalar agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 123,3 göterime deň boldy. 

                                                                   

Ykdysadyýete goýulýan maýa goýumlar dürli pudaklary ösdürmäge binýatlyk esas bolup hyzmat edýär. Goýlan maýalar degişli maksadyna laýyklykda öz wagtynda ulanylyp, garaşylýan netije gazanylanda ähmiýetli bolýar. Şu jähetden alnanda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, üstümizdäki ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň 13,3 göterim artmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ykdysady syýasatymyzyň oýlanyşykly alnyp barylýandygyna güwä geçýär. 

                                                                   

Mundan başga-da, ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandyrylyp, aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Görnüşi ýaly, bu maglumatlar degişli döwürde oňyn netijeleriň gazanylandygyny, oňyn sepgitlere ýetilendigini görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiziň geljege gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň uly üstünligidir. 

                                                                   

Ykdysadyýet-maliýe, nebitgaz, söwda, gurluşyk-senagat, ulag-kommunikasiýalar ulgamlary ýaly maddy önümçilige dahylly ugurlar bilen bir hatarda geçen 9 aýyň dowamynda medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport, halkara gatnaşyklary ulgamlarynda hem maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Olaryň hatarynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler görnükli orny eýeleýär. 

                                                                   

Şeýle hem degişli döwürde okuwçylardyr talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerinde altyn, kümüş, bürünç medallary gazanyp, ýokary işjeňlik görkezdiler. Türgenlerimiz bolsa halkara ýaryşlaryň 150-sine gatnaşyp, jemi 627 medala mynasyp boldular. Munuň özi nesilleriň sazlaşykly ösen şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin uly aladalar edilýän ýurdumyzda ýaşlaryň özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerini subut edýär. 

                                                                   

Bir söz bilen aýdanyňda, häzirki wagtda ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary boýunça bellärlikli esasda ýerine ýetirilip, döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmämiz yhlas bilen zähmet çekmelidiris. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda gowy netijeleri gazanmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin zerur çäreleri görmelidiris. 

                                                                   

 SANLAR WE MAGLUMATLAR: 

                                                                   

■ 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynyň dowamynda jemi içerki önümiň 6,3 göterim ösüşi üpjün edildi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy.  

                                                                   

 ■ Bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 göterim köpeldi.  

                                                                   

 ■ Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 111,7 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi. 

                                                                   

■ Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 

                                                                   

■ 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 13,3 göterim artdy. 

                                                                   

■ Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109,4 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 114,3 göterim berjaý edildi. 

                                                                   

■ Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 104,7 göterime, daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň ösüş depgini bolsa 102,2 göterime deň boldy. 

                                                                   

■ Söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,6 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 102,9 göterime barabar boldy. 

                                                                   

■ Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,8 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 107,3 göterime deň boldy. 

                                                                                                           

Kakajan ÇARYÝAROW,

                       

«Nesil».