Abraýly halkara we sebit guramalary bilen giň hem-de köpugurly gatnaşyklar Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, netijeli ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek işinde bu düzümleriň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi bolsa, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary halkara bileleşiginiň uly goldawyna mynasyp bolýar. Öňňin milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy.
Dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, şu ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibinde COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Şu sammite Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Han we EKO-nyň Baş sekretary doktor Hadi Süleýmanpur we beýlekiler gatnaşdylar.
Geçen döwürde Türkmenistan we EKO tarapyndan bilelikde işlemegiň uly tejribesi toplanyldy. Munuň özi bolsa uzakmöhletli geljegi üçin netijeli gatnaşyklaryň berk esasyny döredýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge anyk goşant goşup, EKO girýän döwletler bilen hem ikitaraplaýyn dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär.
Ýeri gelende, sammitiň barşynda EKO başlyklyk etmek döwrüniň Türkmenistana geçendigini bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Bu Konsepsiýa ýurdumyzyň şol jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmelerine aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz forumda çykyş edip, Türkmenistanyň şu günki mejlise geçilen ýola baha bermek we seljermek nukdaýnazaryndan hem, geljek üçin mümkinçilikleri kesgitlemek babatda hem bu Guramamyň işinde möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny belledi. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, umuman, EKO-nyň işiniň depginli häsiýetini, sebitleýin hyzmatdaşlyga oňyn täsir edýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň baştutanlarynyň indiki mejlisini 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gününde Aşgabat şäherinde geçirmegi hem-de daşary ýurtly kärdeşlerine duşuşygyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna sapar bilen gelmegi teklip etdi.
«Aşgabat».