Aşgabat, 25-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki mejlis geçirildi. Mejlise Arkadag şäheriniň dolandyryş we beýleki edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibini yglan edip, geçen ýylyň dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Arkadag şäheriniň guramaçylyk meselelerine garamak boýunça teklipleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada aýtdy. Hormatly Prezidentimiz öňe sürlen teklipler esasynda işlenip taýýarlanan Kararlara hem-de degişli Kanuna gol çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gün bolsa Arkadag şäheriniň guramaçylyk soraglaryna degişli wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki mejlisiň geçirilýändigini, onuň dowamynda täze kabul edilen «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda geçirilmeli işlere serediljekdigini, guramaçylyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, işleri talabalaýyk guramak boýunça ýolbaşçylaryň öňünde durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri, şäherleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde giň gerimli işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny nygtady.
Türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäheriniň berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleri utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagynyň ata Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň we milliligimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.
Ol öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda milli kanunçylygyň ýylsaýyn döwrebaplaşýandygyny, täze kanunlaryň kabul edilýändigini belläp, bu işleriň oňyn netije berýändigini aýratyn nygtady.
Arkadag şäheri hemişelik Bitaraplygyň üstünliklerini görkezýän, ýurdumyzyň esasy medeni, ylmy merkezine öwrülýär. Bu şäherde “akylly” tilsimatlar ulanylýar. 2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda şäheriň döredilmegi bilen bagly ähli meseleleri, hususan-da, şäheriň hukuk ýagdaýyny, onuň çäklerini kesgitlemek ýaly möhüm ugurlary düzgünleşdirýän kanuny resminamalary taýýarlamak, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryny döretmek hem-de olaryň ýolbaşçylaryny bellemek boýunça berlen tabşyryklara laýyklykda, “Arkadag şäheri hakynda” Kanun kabul edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda gurlan binalaryň we desgalaryň açylmagy mynasybetli guraljak dabaralara daşary ýurtly myhmanlary, abraýly halkara guramalaryň wekillerini çagyrmak bilen baglanyşykly meselelere seretmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Arkadag şäherinde täze etraplary döretmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, döwrümiziň beýik binagärlik taslamasy bolan Arkadag şäherinde täze Kärizek we Gorjaw etraplarynyň döredilendigini belläp, Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň halkara ölçeglere laýyk gelmeginiň şäher ilatynyň sanyny artdyrmakda, ony geljekde depginli ösdürmekde, çäklerini giňeltmekde, ulag, senagat, söwda, hyzmatlar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, gurluşyk ulgamlaryny ösdürmekde ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe Arkadag şäherinde täze döredilen iki etrabyň — Gorjaw we Kärizek etraplary bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine garamagy tabşyrdy.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen Halk Maslahatynyň Başlygyny gutlap, bu çözgüdiň täze şäheriň hukuk derejesini kesgitländigini, munuň bolsa Bitarap döwletimiziň täze taryhyna möhüm sahypany ýazandygyny, Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäherine öwrülendigini guwanç bilen belledi. Şeýle hem ol ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheri boýunça kabul edilen kanunçylyk esasynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna we paýhasly pederlerimiziň şöhratly taryhynyň ruhuna kybap gelmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek işinde halkara hyzmatdaşlyga, dünýäniň ösen tejribesiniň netijeli özleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Geçmişine uly sarpa goýýan halkymyz täze taryhy döwrümizde ata-babalarymyzyň, pederlerimiziň, görnükli şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmekde, nesillerdir döwürleri baglanyşdyryp gelýän milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmakda, şu günki we geljekki nesillerde milli guwanç duýgusyny döretmekde dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýär diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Munuň özi Watanymyzyň, milletimiziň mizemez bitewüligini görkezýär. Atlary ebedileşdirilen beýik şahsyýetleriň halka, mähriban Watana bagyşlanan ömür ýollary ýaş nesiller üçin nusgalyk mekdepdir. Köpetdagyň eteginde bina bolýan Arkadag şäheri döwrümiziň beýikliginiň, halk üçin bitirilýän işleriň giň gerimlidiginiň aýdyň nusgasydyr.
Soňra Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewe söz berildi. Ol çykyşynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berip, täze şähere aýratyn hukuk derejesiniň berlendigini guwanç bilen nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde adamlaryň amatly ýaşaýşyny, olaryň iş bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak, emläk gatnaşyklaryny, jemgyýetçilik işlerini kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda gazanylan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmak üçin kanunçylyk babatda bolşy ýaly, Türkmenistanyň durmuşynyň ähli ugurlarynda bolup geçýän giň gerimli beýik işleri hem has giňden wagyz etmegiň zerurdygyny nygtady.
Soňra mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow çykyş edip, ilki bilen, Arkadag şäherinde özüniň gözegçilik edýän düzümlerine degişli gulluklara we bölümlere ýolbaşçylary bellemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň başlygy wezipesine Ýanwar Annaýew, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory wezipesine Aýjahan Babaýewa, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory wezipesine Maýa Öküzowa, Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri wezipesine Ýusup Işangulyýew, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory wezipesine Mergen Nazarow, Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesine Allanur Hajymyradow, Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň saglyk öýi boýunça orunbasary wezipesine Hemraguly Haşyrow, Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň “Tiz kömek” merkezi boýunça orunbasary wezipesine Şöhratniýaz Meredow, Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Onkologiýa merkezi boýunça orunbasary wezipesine Rejep Orazberdiýew, Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi boýunça orunbasary wezipesine Bahar Orazmyradowa, Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasy boýunça orunbasary wezipesine Seýitniýaz Annaçaryýew, Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirliginiň başlygy wezipesine Ýusupmyrat Baýjaýew, Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionynyň direktory wezipesine Berdimämmet Atdyýew, Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynyň direktory wezipesine Kerwenguly Çargulyýew, Arkadag şäheriniň sport merkeziniň direktory wezipesine Gurbannazar Öwezsähedow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory wezipesine Pygy Baýramdurdyýew, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň başlygy wezipesine Döwrangylyç Purryýew bellenildi.
Şeýle hem ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň tertipnamalaryna laýyklykda, Geňeşlerde Arkadag şäheri boýunça degişli düzümleriň ýolbaşçylaryny saýlamak üçin saýlawlaryň geçirilendigi habar berildi. Olaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň başlygy wezipesine Orazgül Pygamowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher birleşmesiniň başlygy wezipesine Annamyrat Ýollyýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň başlygy wezipesine Serdar Begmyradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň başlygy wezipesine Mekan Amanlyýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň başlygy wezipesine Arslan Täşliýew, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Arkadag şäher bölüminiň başlygy wezipesine Arslan Gökjäýew saýlanyldy.
Şeýle-de wise-premýer täze bellenilen ýolbaşçylaryň işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtap, yzygiderli goldaw berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze bellenen ýolbaşçylara işlerinde üstünlikleri arzuw edip, wise-premýere ýolbaşçylar bilen zerur bolan işleri yzygiderli geçirmegi, lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejede ýola goýulmagy, işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Gahryman Arkadagymyz wise-premýer N.Amannepesowa ýüzlenip, ýaş nesilleriň döwrebap tehnologiýalardan peýdalanyp bilmekleri üçin Arkadag şäherinde gurlan mekdepleriň we çagalar baglarynyň üpjünçiligine, şeýle hem ähli okuw binalaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, sanly çözgütleriň döwrebap şäheriň bu ugurdaky ösüşini üpjün etmelidigine aýratyn üns bermelidigini belledi.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerine degişli edaralara bellenilen ýolbaşçylar barada hasabat berdi.
Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň baş direktory wezipesine Baýramdurdy Baýramdurdyýewiň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň direktory wezipesine Ýazberdi Hydyrowyň, Arkadag şäher Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory wezipesine Nurmyrat Annaçaryýewiň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine Serdar Ataýewiň, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň direktory wezipesine Aýlar Nurmämmedowanyň bellenendikleri habar berildi.
Wise-premýer çykyşynyň dowamynda milli medeniýetiň yzygiderli ösdürilmegi, onuň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hoşallyk bildirip, täze bellenilen ýolbaşçylar bilen bilelikde, Arkadag şäheriniň medeniýet, sungat ulgamynyň ösüşiň täze derejesine çykmagy ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň medeniýet we sungat ulgamyna degişli edaralaryna täze bellenilen ýolbaşçylara üstünlik arzuw edip, wise-premýere bu ýerde işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagy, işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyşyny Arkadag şäheri boýunça obasenagat toplumyna degişli düzümlere bellenilen ýolbaşçylar baradaky hasabatdan başlady.
Arkadag şäher Oba hojalyk müdirliginiň başlygy wezipesine Öwezgeldi Pirliýewiň, Ýer serişdeleri gullugynyň Arkadag şäher Ýer serişdeleri müdirliginiň başlygy wezipesine Batyr Orazmämmedowyň, Arkadag şäher Daşky gurşawy goramak müdirliginiň başlygy wezipesine Güýçgeldi Ýagşygeldiýewiň bellenilendigi habar berildi.
Wise-premýer häzirki döwürde obasenagat toplumynda uly işleriň amala aşyrylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi, Arkadag şäheriniň täze ýolbaşçylaryny bellemäge goldaw berendigi üçin hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze bellenilen ýolbaşçylara jogapkärli işlerinde üstünlik arzuw etdi we oba hojalygy pudagynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, toplumyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça mundan beýläk-de zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.
Arkadag şäherinde ekologik babatda-da, ýaşaýyş-durmuş, beýleki ähli meselelerde-de adam ýaşaýşy üçin iň amatly gurşawy döretmek barada ozal hem uly wezipeleriň kesgitlenendigini belläp, hormatly Arkadagymyz guramaçylyk meseleleri boýunça berlen tabşyryklaryň öz wagtynda, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginde ähli ýolbaşçylaryň şahsy jogapkärçilik çekýändigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa söz berildi. Wise-premýer, ilki bilen, Arkadag şäheriniň energetika, gurluşyk boýunça degişli edaralarynyň ýolbaşçylaryny bellemek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Arkadag şäher önümçilik birleşiginiň baş direktory wezipesine Hemra Gurbannazarow, «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň Arkadag şäher müdirliginiň başlygy wezipesine Azymmuhammet Magtymow bellenildi.
Wise-premýer Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle-de ol bu ýerde işleriň netijeli ýagdaýda guralmagy ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täze wezipä bellenilen ýolbaşçylara üstünlik arzuw edip, Arkadag şäheriniň gurluşyk işlerini hemişe gözegçilikde saklamak, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna guramaçylykly girişmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabatyň çäklerinde Arkadag şäheri boýunça degişli gulluklara bellenilen ýolbaşçylar barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäher Alyjylar jemgyýeti müdirliginiň başlygy wezipesine Hojamuhammet Muhammedow bellenildi.
Şeýle hem wise-premýer Arkadag şäherinde ýola goýulýan söwdanyň medeniýetini ýokarlandyrmak, hyzmatlaryň hilini kämilleşdirmek, şol sanda bu ugurlara täzeçil tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Gahryman Arkadagymyz söwda hem-de hyzmatlar ulgamynyň işini talabalaýyk guramak, halka edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini we derejesini artdyrmak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Arkadagymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna hususy gurluşyk kompaniýalaryna gurluşyklary bellenen möhletde we ýokary hilli tamamlamak boýunça bildirilýän talaby güýçlendirmegi tabşyrdy.
Gurluşygy tamamlanan desgalaryň, binalaryň hilini barlap kabul etmek möhüm wezipeleriň biridir. Şu meseleler ýurdumyzyň Ýokary gözegçilik edarasynyň berk gözegçiliginde saklanylmalydyr. Şeýle-de Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndaky öýleri we ýaşaýyş jaýlaryny ýerlemek wajyp meseleleriň hatarynda durýar. Bu işi guramaçylykly alyp barmak möhüm ähmiýete eýedir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, gözegçilik edýän düzümleri boýunça Arkadag şäheriniň degişli müdirligine bellenilen ýolbaşçy barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, «Arkadag şäher gazüpjünçilik» müdirliginiň başlygy wezipesine Hally Saryýew bellenildi.
Wise-premýer hasabatyň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ýangyç-energetika toplumynyň ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly yzygiderli goldaw hem-de maslahat berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.
Hormatly Arkadagymyz önümçilige täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagynyň we dünýäniň ösen tejribesiniň netijeli ulanylmagynyň ösüşiň baş şertini emele getirýändigini belläp, işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ähli düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de bu ulgamyň Arkadag şäherindäki degişli düzümlerine bellenilen ýolbaşçylar barada hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, Arkadag şäher Aragatnaşyk müdirliginiň başlygy wezipesine Eziz Kerimow, Arkadag şäher Poçta aragatnaşyk merkeziniň başlygy wezipesine Şöhrat Güjümow, “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Arkadag şäher müdirliginiň başlygy wezipesine Begenç Pälwanow, Arkadag şäheriniň Awtomenzili we awtotoplumy müdirliginiň başlygy wezipesine Süleýmangeldi Atageldiýew bellenildi.
Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň sebitiň üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde derejesini mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Şunda işiň täzeçil usullaryna, ulaglaryň häzirki zaman görnüşleriniň ornaşdyrylmagyna, şol bir wagtyň özünde, halkymyza edilýän hyzmatlaryň hiliniň gowulandyrylmagyna we görnüşleriniň giňeldilmegine zerur üns berilmelidir.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Wise-premýer häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabatyň çäklerinde Arkadag şäheri boýunça degişli düzümlere bellenilen ýolbaşçylar barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, Arkadag şäher Maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygy wezipesine Serdar Öwezberdiýew, Arkadag şäher Salgyt müdirliginiň başlygy wezipesine Şyhmuhammet Şyhymow, Arkadag şäher Statistika müdirliginiň başlygy wezipesine Döwletgeldi Annaberdiýew, Arkadag şäheriniň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň başlygy wezipesine Mämmetmyrat Berdiýew, Arkadag şäher Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň başlygy wezipesine Şirmyrat Hojamuhammedow, Arkadag şäher Döwlet ätiýaçlandyryş müdirliginiň başlygy wezipesine Gökçeamangeldi Paýçyýew, Arkadag şäheriniň Merkezi bankynyň başlygy wezipesine Hojamyrat Annaýew, Arkadag şäheriniň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine Amandurdy Baýlyýew, Arkadag şäheriniň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine Şanazar Bäşimow, Arkadag şäheriniň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine Yhlas Orazberdiýew, Arkadag şäheriniň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine Arslan Nazarow bellenildi.
Wise-premýer ozal berlen tabşyryga laýyklykda, Arkadag şäheriniň maliýe-bank ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýmak, bu düzümleriň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna goşandyny artdyrmak boýunça zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Hormatly Arkadagymyz täze bellenilen ýolbaşçylara jogapkärli wezipelerinde üstünlik arzuw etdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde maliýe serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, topluma degişli ähli düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belläp, bu düzümleriň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäheriň birinji nobatdakysynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy we şäheriň çäklerinde bina edilen desgalaryň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülýändigi barada hasabat berdi. Şäheriň çäginde iki etrap häkimligi döredilip, olara Kärizek we Gorjaw atlarynyň dakylmagy, hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň döwrüň ruhuna kybap derejede durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Şeýle hem häkim şäher ilatynyň eşretli we abadan ýaşaýşyny yzygiderli üpjün etmek ugrunda degişli düzümler bilen bilelikdäki tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, täze wezipä bellenen ýolbaşçylaryň netijeli işini ýola goýmak, şäheriň arassaçylygyny üpjün etmek, binalary döwrebap ýagdaýda saklamak, ýokary ekologik derejesini ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Arkadag şäheri boýunça harby we hukuk goraýjy edaralaryň täze bellenen ýolbaşçylary barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, Arkadag şäheriniň prokurory wezipesine Magtymguly Öwezgeldiýew, Arkadag şäher Döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy wezipesine Nurberdi Weliýew, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Arkadag şäher müdirliginiň uly döwlet bellige alyjysy wezipesine Myrat Geldiýew, Arkadag şäher harby wekili wezipesine Serdar Hommadow, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine Süleýman Ataýew, Arkadag şäher Ýangyna garşy göreş müdirliginiň başlygy wezipesine Nurberdi Taýmazow, Arkadag şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine Maksat Herräýew bellenildi.
Gahryman Arkadagymyz täze bellenen ýolbaşçylara üstünlik arzuw edip, bu düzümleriň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak, harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny, söweşjeň ussatlygyny ýokarlandyrmak, Arkadag şäherinde düzgün-tertibi talabalaýyk ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanylmalydygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýakyndan ýardam bermeginde Arkadag şäherinde işleriň ýokary derejede amala aşyrylýandygyny, degişli Kanunyň kabul edilmeginiň we şäheriň dolandyryş düzüminiň guramaçylygy boýunça wezipeleriň kesgitlenendigini habar berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde täze şäherde dürli maksatly desgalaryň 336-synyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu işlerde ýaşlaryň tekliplerine, täzeçil garaýyşlaryna zerur üns berilýär. Şeýlelikde, hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen täze şäher, sözüň doly manysynda, ýaşlaryň şäherine öwrüldi. Onuň binagärlik we bezeg aýratynlyklarynyň häzirki zamanyň ösen tejribesine, milli binagärlik ýörelgelerine doly laýyk gelýändigi bellenildi. Bu barada aýtmak bilen, D.Orazow şäheriň geljekki ösüşinde ýaşlaryň bilimine, başarnygyna we täze bellenen ýolbaşçylaryň guramaçylyk ukyplaryna möhüm ähmiýet beriljekdigini aýtdy. Şeýle hem ol Arkadag şäherinde işleriň barşynyň hemişe gözegçilikde saklanylýandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize ähli gurluşykçylaryň adyndan hoşallyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmeginiň guwançly ýagdaýdygyny belläp, onuň binýadynda halkymyzyň şöhratly taryhynyň, milli binagärlik ýörelgeleriniň bardygyny, bu ýerde täze şäheriň gurulmagy bilen, taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň atlarynyň ebedileşdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň geljekki ösüşinde ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapmalydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda il-ýurt bähbitli möhüm meseleleriň birnäçesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, täze kabul edilen Kanuna laýyklykda, döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesi berlen Arkadag şäheriniň döwletimiziň gazanýan üstünliklerini açyp görkezýän dolandyryş-çäk birligi bolmalydygyny aýtdy. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň birinji tapgyrynda gurlan binalaryň we desgalaryň açylyş dabarasy hem döwrüň ruhuna laýyk geçirilmelidir. Bu dabara Diýarymyzyň durmuşynda şanly waka öwrülip, watandaşlarymyzda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrmalydyr. Bu şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna-da uly jogapkärçilik bilen girişilmelidir.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz hemmeleri mukaddes Remezan aýynyň başlanmagy bilen gutlady.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň guramaçylykly geçiriljekdigine ynam bildirip, hormatly Arkadagymyz saýlawlarda giň bäsdeşligiň, açyklyk we aýanlyk däpleriniň üpjün edilmeginiň esasy wezipe bolup durýandygyny belledi.
Mejlise gatnaşyjylaryň adyndan halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge berýän ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, ýetilen belent sepgitleriň, bagtyýar durmuşyň, ata Watanymyzyň bähbidine gönükdirilen maksatnamalaryň merdana halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýandygyny belläp, dünýäde Türkmenistanyň abraýyny has-da belende götermek ugrunda durmuşa geçirilýän ägirt uly işlerde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halkymyzyň bähbitlerinden ugur alyp durmuşa geçirilýän işleri, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklajakdygyny belläp, şu günki mejlisi jemlemek bilen, hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.