Ýerasty hazynanyň täze çeşmesi

Türkmen topragynyň asty-da, üsti-de hazyna. Kesewini dürtseň gögerýän topragymyz nebitgaz gorlary boýunça-da dünýäniň öňdebaryjylarynyň hatarynda. Şeýle bolansoň, ýurdumyzda nebitgaz senagaty — ykdysadyýetiň iň esasy ugurlarynyň biri. Bu gün türkmen «gara altyny», «mawy ýangyjy» dost-dogan illeriň hem ojaklaryna ýylylyk, durmuşyna ýakym paýlaýar. Täze nebitgazly guýularyň gazylyp, ummasyz ýerasty hazynanyň üstünden ýygy-ýygydan barylmagy topragymyzyň egsilmez berekedine ýene bir ýola güwä geçýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly halkara maslahata gatnaşyjylara ýollan Gutlagynda nygtalyşy ýaly, nebitgaz senagatyny ösdürmek Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Döwletimiziň amala aşyrýan energetika strategiýasyna laýyklykda, uglewodorod serişdelerini il-günümiziň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler öz oňyn netijesini berýär. Bu tutumly işlere türkmenistanly geologlar hem öz mynasyp goşandyny goşýarlar.

Paýtagtymyzda 26-njy gezek geçirilen halkara maslahata «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň geologlary hem sowgatly geldiler. Ekspedisiýanyň buraw desgasynyň başlygy Halmyrat Rozyýewiň ýolbaşçylygyndaky topar Hazaryň kenaryndaky Uzynada meýdançasyndaky 13-nji gözleg-barlag guýusynda ummasyz ýerasty hazynanyň üstünden bardy. Geologlar tarapyndan 6860 metr çuňlukda nebitgaz kondensatynyň we «mawy ýangyjyň» ägirt uly gorunyň üsti açyldy. Ekspedisiýanyň berýän maglumatlaryna görä, bu guýudan bir gije-gündiziň dowamynda 105 tonna golaý nebitgaz kondensatyny, 120 müň kub metr tebigy gazy alyp bolýar.

Ýeri gelende aýtsak, Yslam Soltanow, Myrat Joraýew ýaly tejribeli ussalar bilen işleşýän topar ýolbaşçysy Uzynada meýdançasynda ozal hem şeýle bereketli guýyny gazypdy. Toparyň burawlan ikinji guýusyndan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna güýç goşjak uly hazynanyň ýüze çykarylmagy-da guwandyryjydyr.

Gürrüňi edilýän guýynyň «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologlary tarapyndan henize çenli gazylan iň çuň guýularyň biridigini aýtmak gerek. Korporasiýanyň taryhyndaky iň çuň guýy hem häzir «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasy tarapyndan gazylýar. Farhat Rozybaýewiň ýolbaşçylygynda gazylýan 15-nji gözleg-barlag guýusynyň taslama çuňlugy 7 müň 600 metre ýetýär. Häzir geologlar bu çuňlugyň 5,5 müň metrine baryp ýetdiler. Ýakyn günlerde bu topardan hem hoş habara garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň işgärleri üçin döredip berýän mümkinçilikleri geologlaryň işini ýeňilleşdirmek bilen, onuň netijeliligini-de artdyrýar. Türkmen geologlary buraw işinde dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan peýdalanýarlar. Döwrebap enjamlaryň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar. Munuň üçin geologlaryň hormatly Prezidentimize hoşallygynyň çägi ýok.

Agageldi ITALMAZOW.

(Öz habarçymyz).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/47980