Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanynda gurulýan kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň düýbi 2018-nji ýylyň noýabr aýynda tutuldy. Tiz wagtda işe girizilmegine garaşylýan desga welaýatymyzyň çäginde ozal ulanylmaga berlenleriniň arasynda has kuwwatlysy bolar. Ol Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», şeýle hem Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylýar. Elektrik bekediniň esasy önümçilik binasynda her biriniň kuwwaty 144 megawat bolan üç sany gazturbina gurnamalary işlär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda energetika pudagy aýratyn çalt ösýän pudaklaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, kuwwatly bitewi energetika ulgamyny döretmek milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň berk esasyny düzýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasyna» laýyklykda elektrik energiýasyny öndürmekde döwlet ähmiýetli işler giň gerimde alnyp barylýar. Energetika pudagynda innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygy aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Munuň özi energetika serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda ykdysady mümkinçilikleriň çägini has giňeldýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde biziň welaýatymyzda innowasion tehnologiýalara daýanýan elektrik desgalarynyň birnäçesi guruldy.
Gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň gurluşygynyň ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylmagy elektrik energiýasyny öndürmekde we energiýa serişdelerini tygşytlamakda aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Häzirki döwürde dünýäniň iň kämil innowasion tehnologiýalarynyň döwletimiziň energetika pudagynda işjeň ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisine hem üstünlik getirýär. Täze gurulýan we ulanylmaga berilýän kuwwatly desgalar diňe bir ýurdumyzyň energetika pudagynyň ösüşine däl, eýsem, uly gurluşyklaryň alnyp barylýan, täze döwrebap önümçilikleriň işe girizilýän döwründe iňňän zerur bolan elektrik energiýasynyň ýeterli mukdardakysyny üpjün etmäge uly goşant goşýarlar. Gazturbinalaýyn esasda elektrik energiýasyny öndürýän has kämil we uly görnüşli elektrik stansiýalarynyň işe girizilmegi halk hojalygynyň pudaklarynyň gadamlarynyň has batlanmagyna getirýär.
Welaýatymyzda hem elektrik energiýasyndan netijeli peýdalanmak, energiýa akymynyň durnuklylygyny we sarp edijileri onuň zerur bolan möçberdäkisi bilen üpjün etmek boýunça uly işleriň edilendigini biz guwanç bilen synlaýarys. 2014-nji ýylyň maýynda Çärjew etrabynyň çäginde kuwwaty 149,2 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has ýokarlandyrdy. «Lebap» döwlet elektrik stansiýasy döwrebap tehnologiki desgalaryň uly toplumyny özünde jemleýär. Toplum her biriniň kuwwaty 49 megawata barabar bolan üç sany kuwwatly LM 6000 gazturbina desgasyndan ybaratdyr. Bu desgalar ABŞ-nyň meşhur «General Eleсtriс» kompaniýasynyň önümleridir. Amerikan kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan gazturbinalar häzirki wagtda has howpsuz we has netijeli, ekologiýa taýdan arassa işleýän tehnologiýalar saýylýar. Elektrik stansiýasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ählitaraplaýyn ösmegi, täze önümçilikleriň hatarynyň artmagy, döwlet eýeçiligine dahylly däl pudagyň işiniň ilerlemegi netijesinde döreýän kärhanalaryň köpelmegi, şeýle hem ilatyň sarp edijiliginiň işjeňleşmegi bilen baglanyşykly elektrik energiýasyna bolan islegi kanagatlandyrmakda öz paýyna düşýän wezipäni abraý bilen ýerine ýetirýär.
2015-nji ýylda Kerki etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 500 kilowata barabar bolan elektrik bekedi işe girizildi. Ol ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini has gowulandyrdy, şeýle hem eksport akymynyň sazlaşygyny üpjün etdi. Beket iň kämil tilsimatlar esasynda işleýär. Ol iş kuwwatynyň aýratynlyklary we beýleki artykmaçlyklary boýunça örän özboluşlydyr. Birbitewi energetika ulgamyna birikdirilen beket elektrik energiýasynyň kesgitli möçberdäkisini zerur bolan ýerine gysga wagtyň içinde ugrukdyryp bilýär. Bu desganyň açylmagy diňe bir energetikleriň däl, eýsem, welaýatymyzyň ilatynyň durmuşynda uly ähmiýetli waka boldy.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň dabaraly ýagdaýda ak pata bermegi bilen ýene-de bir kuwwatly desga — «Watan» döwlet elektrik stansiýasy işe girizildi. Milli Liderimiziň hut özüniň gelip, bu desgany dabaraly ýagdaýda işe girizmegi desganyň ähmiýetiniň örän uludygyny görkezýär. Şu günlerde ýyllyk kuwwaty 254 megawat bolan elektrik stansiýasynyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny we halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda bitirýän hyzmaty örän ähmiýetlidir. Amyderýanyň sag kenarynda Döwletli etrabynyň çäginde ýerleşýän «Watan» döwlet elektrik stansiýasynyň esasyny hem döwrebap tehnologik desgalar — ABŞ-nyň dünýäde meşhur «General Eleсtriс» iri senagat kärhanasynyň 3 sany gazturbina desgasy düzýär. Kuwwatly elektrik stansiýasy sebiti zerur gerek bolan elektrik energiýasy bilen doly üpjün edýär. Bir bitewi energetika ulgamynyň kemala gelmeginde hem desganyň ähmiýeti örän uludyr. Täze, kuwwatly elektrik stansiýasy zerurlyk ýüze çykan halatynda öz öndüren energiýasyny ulgam boýunça sarp edijilere gerek bolan mukdarda ýollap bilýär. Biz bu döwrebap desganyň mysalynda Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwletine öwrülendigini ýene-de bir gezek görýäris. Kuwwatly desgalaryň işi innowasion tehnologiýalara daýanýar. Gazturbinalar häzirki wagtda has howpsuz we has netijeli, ekologiýa taýdan arassa işleýän tehnologiýalardyr. Şeýle hem olar eksporta iberilýän elektrik energiýasynyň durnukly akymyny üpjün edýär. Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanynda gurulýan kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň ulanylmaga berilmegi bilen energetika ulgamynyň işi ýene-de täze derejä göteriler.
Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.