Ýazgytdan ýalkawly adam

(Oçerk)

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Paltaş aganyň çaýyň özi ýaly lezzetli gürrüňinden soň, fabrigiň içine girip görmäge-de howlugýarsyň. Bu ýumşy bitirmäge deşliden tegelek ýüzli, «Tüýs kakasyna meňzäp dur» diýdirýän Serdar ilgezik bolýar. Ol ýolugra Paltaş aganyň 2005-nji ýylda hormatly dynç alşa çykyp, «Düýe garrasa köşegine eýerer» edip, jemgyýetiň ähli işini-jogapkärçiligini boýnuna dakandygyny ýarym degişme bilen ýaňzydýar. Soňam Hytaýyň 4 kompaniýasy, şeýle-de, Russiýanyň «Belkazyn», Germaniýanyň «Begarad», «Poliklip», Ukrainanyň «Polipak», Slowakiýanyň «Swidink» kompaniýalary bilen aragatnaşyk saklaýandyklaryny, sebäbi şöhlat hem et önümleri üçin getirilen enjamlardyr tehnologiýalaryň şol döwletleriň kompaniýalarynyňkydygyny aýdýar.

...Men her gezek ýurdumyzda geçirilýän sergilerde «Bereketli» söwda belgili şöhlat hem et önümleriniň ýanynyň hemişe köp adamly bolýandygyny, bu harytlaryň satylýan dükanlarynyň hemişe alyjylydygyny ýatladym.

...2010-njy ýylyň 29-njy iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hojalyk jemgyýetine baryp, işler bilen içgin tanyşdy, degerli maslahatlary berdi. Şowly-gerimli işlemek üçinem ýörite Karar esasynda 1 gektar ýer bölünip berildi. Dessine ol ýerde şöhlat hem-de et önümlerini öndürjek zawodyň gurluşygyna girişildi. Häzir doly güýjünde işleýän kärhana şöhlat önümleriniň, elin mal etinden hem-de guş etinden milli tagamlaryň, dürli önümleriň 65 görnüşini hödürleýär. «Arkaç», «Hazar», «Arkadag», «Änew», «Altyn şapak» ýaly döwrebap atlandyrylan önümleriň hyrydary ýetik. Soňky wagtlarda bolsa ýurdumyzdaky iri şahly mallary ösdürip ýetişdirýän telekeçiler bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Indi 2008-nji ýyldan bäri, «Bereketli» şöhlat hem et önümleri hili babatda ýurdumyzda kerwenbaşy hasaplanýar. Hatda halkara bäsleşiklerde ýeňiji bolnandygy hakdaky Hormat hatlarydyr degişli güwänamalar hem bar.

Önümçilikde gaplanýan gök hem gara çaýyň görnüşi häzir 25-e ýetdi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki 25 dükan «Bereketliniň» dürli önümleridir çaýlaryny ýokary hyzmat bilen ilata hödürleýär.

Birden göwnüme gelen sowalyň jogabyny Serdardan eşidesim geldi:

— Telekeçilikde esasy mesele baýamakmy ýa-da abraý almakmy?

Ol jogaby çöp döwlen ýaly etdi:

— Şuny ýaňy dädemden soramalydyňyz-da weli. Aýtjak bolýanym, dädem hemişe: «Abraýy pul bilen satyn alyp bolýan däldir. Berk biliň, ömrüňize ýörelge ediniň: telekeçilige baýlyk hökmünde garamaň! Halka hyzmat edip alan alkyşyňyz ýaly zat bolmaz» diýýär.

Soňra Serdar dünýäniň köp ýurtlarynda — Ukrainada, Russiýada, Hindistanda, Awstriýada, Belarusda, Ýaponiýada iş saparlarynda bolandygyny ýatlady. Öz ugrundan hünär kämilligi üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Sietl şäherinde, Germaniýanyň Berlin şäherinde ýörite guralan okuwlara gatnaşypdyr. Elbetde, dünýäni gezseň gözüň açylan ýaly bolýanlygy gadymy hakykat. Şeýle-de, Braziliýa, Şwesiýa, Türkiýe, Germaniýa, Rumyniýa ýaly, et önümçiliginde ýüzlerçe ýyllyk tejribesi bolan ýurtlar, dürli döwletleriň tehnologik taýdan kämil kompaniýalary bilenem işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýlan.

* * *

Ömrüň kethudalyk menziline gadam goýan Paltaş aganyň mahal-mahal iç gepledip, kalbynda dörän sowallara özüniň jogap beräýme gylygy bar. Bu, elbetde, ömrüň öňündäki hasabata meňzemänem duranok.

— Işiňizden närazy wagtlaryňyz bolýarmy?

— Durmuşam edil deňiz ýaly, onda daşgynam bar, gaýtgynam. Bişowluga uçraňda, paltaň daşa degende, eliň sowajak ýalam edýär. Ýöne şonda töwekgellik hem giňgöwrümlilik gerek. «Bolmady» diýip, yza tesmek asgynlamak bolýar. Ylaýta-da, telekeçilikde. Ýadaňda-da tutan işiňe ýapyşyp, galjaň, garadangaýtmaz bolmaly. «Edenim şowlamady» diýip, umytdan düşmeli däl, «Almaý gitmez, demir donly Görogly» bolmaly.

— Wagt bilen «hasap-hesibiňiz» nähili? Ol sizi gyssaýarmy ýa-da tersinemi?

— Bütin ömrüm gyssanmaçlyk bilen geçdi diýsem dogry bolar. Göwnüme, men wagtyň içi bilen ýöräp däl-de, ylgap barýan ýaly. Şonda-da garynjanyňky ýaly ýetişiksiz günde. Ýöne sabyr-takada-da gulluk edýärin. Magtymguly atamyz aýdypdyr-a: «Sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýip. Wagty hemişe umytly geçirmeli. Ýöne oňarsaň, şu günki işiňi ertä goýmajak bolmaly.

— Ömrüň haýsy pursatlarynda özüňizi hakyky dynç alan ýaly duýýarsyňyz?

— Tutan işimi ahyrlamda.

Ine, segseniň onuny gulaçlaýan adamyň ömür ýörelgesi! Onsoň, şahyr aýtmyşlaýyn, «Ýaşlaň arasynda garrylar gerek» diýip, hiňleniberesiň gelmezmi?!

Paltaş aganyň diliniň senasy Garaşsyzlyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri. Köňül telwasy hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçileri üçin açyp goýan ak ýolunda abraý gazanmak, milli Liderimiziň tagalladyr aladalaryna halal zähmet, başarnyk, dünýä derejeli harytlardyr önümleri öndürmek bilen jogap bermek.

Ömrüň adyňa alkyş getirse, diýmek, seniň ýazgytdan ýalkawly adam boldugyň!

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,

ýazyjy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19826