Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleri, halk hojalyk toplumynyň işine bazar gurallarynyň hem-de ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine itergi berdi. Ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply ýagdaý emele geldi, telekeçilik işjeňligi ýüze çykdy, telekeçiligi guramagyň hem-de hyzmatlary etmegiň häzirki zaman usullary kemala geldi. Döwletimiziň ykdysady ösüşiniň aýrylmaz düzüm bölegi bolan telekeçilik Türkmenistany demokratik hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen has-da öňe ilerletmek üçin ägirt uly mümkinçiligi özünde jemleýär. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasy ähli pudaklara iň täze tehnologiýalary we öňdebaryjy dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçmäge, hususy telekeçiligi giňden goldamaga esaslanýar.
Arkadagly Serdarymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Bu ugurda zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratynyň telekeçilik işjeňligine gönükdirilmeginiň ähmiýeti ählumumy ykrar edilýär. Dünýäniň ykdysady taýdan ösýän islendik döwletiniň mysalynda alanyňda, telekeçilik esasy hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň telekeçiliginiň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi işewürlikde işjeň orny eýelemäge ukyply, erjel, döwrebap pikirlenýän telekeçileriň täze ýaş nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine, ýurduň maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagyna, täzeçil pikirlenmeleriň, döredijilikli oýlap-tapyşlaryň artmagyna mümkinçilik berýändigi bilen düşündirilýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 19-njy iýulynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüniň tutulmagy milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynda innowasiýalara esaslanýan işewürligi ösdürmekde ýokary bilimli, kämil ýaş hünärmenleriň üpjün edilmegine oňyn täsir eder.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmegiň guralyny işläp taýýarlamak, telekeçiler tarapyndan döredilen kärhanalarda işleýän işgärleriň 75 göterimi ýaşlar bolsa, olary «Ýaşlar kärhanasy» diýip atlandyryp, şeýle kärhanalary döwlet tarapyndan goldamak boýunça ýeňillikleri göz öňünde tutmak ýaly öňe süren ajaýyp başlangyçlary bagtyýar ýaşlarymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Munuň özi ýaşlaryň döwrebap taslamalar we döredijilikli başlangyçlar bilen çykyş etmekleri, dünýäniň telekeçilik tejribesiniň oňyn gazananlaryny ýurdumyzda ornaşdyrmaklary, täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekleri üçin döredilýän şertleriň aýdyň beýanydyr.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýuridik şahsy döretmezden we işi ýaşlar telekeçiligine degişli edilen ýa-da ýuridik şahsyň wezipe sanawyndaky işgärleriniň düzümine girýän, telekeçilik işi bilen meşgullanýan ýaş raýat — ýaş telekeçi hökmünde kesgitlenilýär. Kanunyň 4-nji maddasynda berkidilen Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini beýan edýän kadalaryň hatarynda ýaşlaryň telekeçiligini döretmek we ösdürmek üçin şertleriň döredilmeginiň, şeýle hem bu ugurda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda ýaşlaryň telekeçilik işine ýardam etmegiň, ýaşlar telekeçiligini goldamagyň ýurdumyzda döwlet goldawynyň esasy ugurlarynyň hatarynda hukuk taýdan berkidilmegi aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr.
Umuman, döwlet tarapyndan degerli goldaw tapýan senagatçylaryň we telekeçileriň köpüsiniň ýaşlar bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi, milli Liderimiz ýaşlaryň täze ýetişen ylymly-bilimli, giň gözýetimli, başarjaň we zehinli nesline uly bil baglaýar. Olaryň alyp barýan il bähbitli işleri tutuş ýurduň hereketlendiriji güýjüdir. Bagtyýarlyk döwrüniň täzeçil ykdysady gadamlaryna ýaşlaryň telekeçilik işjeňliginiň mynasyp goşant goşmagy döwletimiz tarapyndan döredilýän ähli mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu bolsa ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiliginiň, innowasion ykdysady ösüşiň binýadyny berkitmek bilen birlikde, ekologiýa kadalaryna laýyk gelýän haryt bolçulygyna, ýaşlaryň bazar gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna, innowasion başlangyçlar bilen çykyş etmeklerine, ýurdumyzyň haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyna giň mümkinçilikleri açýar.
Goý, ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän işewür telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlara giň ýol açýan we beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.