Ýaşlaryň gujury bilen

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Geçen 15 ýylda birleşmäniň agzalarynyň ýeten sepgitleri hususy pudagyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülendigine şaýatlyk edýär» diýip belledi.  

                                                                   

Ýurdumyzyň hususy eýeçiliginde hereket edýän kärhanalary dolandyrýan, şeýle-de olarda zähmet çekýän hünärmenleriň aglabasynyň ýaşlardygy guwandyrýar. Çünki munuň özi bu pudakda täzeçilligiň, innowasion ösüşleriň we özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna getirýär. Bu hakykata ýaş hünärmen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Serdar Hommadowyň ýolbaşçylygyndaky «Geljege miras» hususy kärhanasynda alnyp barylýan işleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. 

                                                                   

Ýaş telekeçi innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, täzeçe pikirlenip, oňyn teklipler bilen çykyş edýän ýaşlaryň onlarçasyny töweregine jemläp, işe başlady. Milli telekeçilikde ýaşlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi olaryň täze başlangyçlaryna, ukyp-başarnyklaryna ýol açdy. Ýaşlar bilmedik zatlaryny halypalardan sorap öwrendiler, tejribe alyşdylar. Maslahatly, oýlanyşykly edilen işler öz miwesini berip başlady. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda ýerleşýän önümhanada dürli ölçegdäki polietilen we polipropilen haltalaryň önümçiligi ýola goýlup, «GM PLAST» haryt nyşanly senagat önümleri ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, ak bazarlarda peýda boldy. Şeýle önümler paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerine bagyşlanyp geçirilýän sergilerde uly meşhurlyga eýe bolýar. 

 — Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylan önümhanamyzda hünärmenleriň 300-e golaýy zähmet çekýär, olaryň kömegi bilen hojalykda ulanylýan dürli ölçegdäki polietilen we polipropilen haltalaryň ýylda 2 müň tonnasy öndürilýär. Dürli maksatlara niýetlenen önümler üçin çig maly özara baglaşylan şertnama esasynda Gyýanly polimer zawodyndan we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan satyn alýarys. Ýerli çig maldan öndürilen önümler ýokary hilli, ekologik taýdan arassa bolýar. Şonuň üçin olar diňe bir içerki bazarda däl, daşarky bazarda-da uly islege eýe. Häzire çenli olary Russiýa, Gazagystana, Türkiýä, Belarusa, Ukraina, Owganystana eksport etdik. Geljekde eksportyň ýaýrawyny we möçberini ýene-de artdyrmagy meýilleşdirýäris.  

                                                                   

Ýurdumyzyň nurana geljegini şu günki ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiz tehnologiýalarda ýokary öndürijilikli işlemegimiz üçin ähli şertleri döredýär. Döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, plastik gurluşyk serişdeleriniň, uly göwrümli plastik gaplaryň (konteýnerleriň), gök önümlerdir miweler üçin niýetlenen plastik sebetleriň, ýeke süýümli ýüplükleriň önümçiligini hem ýola goýduk. Ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň önümleriniň ýakynda guralan sergisine bolsa ýene täze önüm — ýeňil we ýük awtoulaglary üçin niýetlenen çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleri bilen gatnaşdyk. Köpugurly sergide 1, 5, 20, 200 litrlik gaplara gaplanan «GM OIL» haryt nyşanly ýag önümlerimize uly gyzyklanma bildirildi.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe işlemek, döretmek, gurmak üçin ähli şertler bar. Milli telekeçilige häzirki zamanyň täze usullarynyň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bize dünýä tejribesini öwrenmäge, degişli ugur boýunça maglumatlary almaga, daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk saklap, pikir we tejribe alyşmaga, önümlerimizi alyş-çalyş etmäge giň mümkinçilik berýär. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys — diýip, Serdar Hommadow gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy. 

                                                                                                           

Keýik UMAROWA.

                       

«Türkmenistan».