Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda düýpli döwrebaplaşdyrylan we diwersifikasiýalaşdyrylan nebitgaz toplumy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda innowasiýalaşdyrylýar. Ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň kerwenbaşysy bolan bu toplumyň işçi-hünärmenleri özleriniň hünär baýramçylygyny mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň diňe oktýabr-noýabr aýlarynda ýetilen sepgitler hem munuň şeýledigine doly şaýatlyk edýär. Hususan-da, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň üç ýatagyň — «Galkynyş», Tagtabazar-I we Uzynada ýataklarynyň guýularyndan gazyň senagat akymlaryny alandygy baradaky hoş habarlar tutuş halkymyzy begendirdi. Bu üstünligiň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak maksady bilen, ýataklarda täze guýulary barlamaga we işläp taýýarlamaga gönükdirilen milli maýa goýumlarynyň hasabyna gazanylandygy aýratyn bellärliklidir.
Noýabr aýynyň başynda Aşgabatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri bilen Yragyň elektroenergetika ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ibermek, satyn almak, satmak boýunça ylalaşygyň esasy şertleri hakynda Teswirnama gol çekildi. Resminama laýyklykda, 5 ýylyň dowamynda SWAP ulgamy boýunça Eýranyň çäginden Yraga ýylda türkmen tebigy gazynyň 9 milliard kub metri ugradylar.
Türkmenistanyň Aziýanyň nebitgaz bazarynda tutýan orny barha artýar. Ýurdumyz uglewodorod gorlary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dünýäde dördünji orny eýeleýär.
Dünýäde iri gaz känleriniň biri — «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bilelikdäki gorlary 27,4 trillion kubmetr möçberde bahalandyrylýan «Galkynyş» gaz käni häzirki wagtda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda anyk taslamalaryň çäklerinde özleşdirilýär. 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizilen Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisini birek-birege bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde görkezmek bolar. Onuň üsti bilen dostlukly ýurda «mawy ýangyjyň» her ýylda, takmynan, 40 milliard kubmetri eksport edilýär. Ýakyn geljekde bu gaz geçirijiniň dördünji şahasynyň gurulmagy onuň kuwwatyny ýene-de 25 milliard kubmetr artdyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň örän uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti bar. Täze energiýa köprüsi türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýa uzak möhletli ugradylmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, bu ýerde işewür hyzmatdaşlygyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň berkemegine hem kuwwatly itergi berer. Şeýle uly taslamany durmuşa geçirmäge iri maliýe guramalary tarapyndan berilýän uly üns onuň näderejede möhümdigine şaýatlyk edýär.
Daşary ýurt maýa goýumlaryny we kompaniýalaryny öňde goýlan belent wezipeleri çözmäge işjeň çekmek ýangyç-energetika toplumynda döwlet strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Bu ugurda energetika ulgamynda amatly maýa goýum gurşawy we uzak möhletleýin, birek-birege bähbitli hyzmatdaşlyk üçin zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, şeýle hem maliýe düzümleri we halkara guramalary bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýdy. Olaryň hatarynda iri «Galkynyş» gaz känini özleşdirmäge gatnaşýan, «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk esasynda gözleg, özleşdirmek işlerini alyp barýan, «Malaý» ýatagynda kuwwatly gaz gysyjy bekedi işe girizen Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bar. Indi köp ýyllaryň dowamynda Hazar deňziniň türkmen böleginde we onuň kenarýaka zolagynda önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda «Dragon Oil» (BAE), «Petronas» (Malaýziýa), «Eni» (Italiýa) we beýleki kompaniýalar üstünlikli işleýär. 2021-nji ýylyň ýanwarynda «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi Hazar deňziniň uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alnyşyny artdyrmakda täze gözýetimleri açýar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny (TNGIZT) we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň işlenip düzülmegi nebiti gaýtadan işleýän pudagy ösdürmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda TNGIZT-de nebiti gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň köp sanly görnüşleri we markalary öndürilýär. Olaryň arasynda suwuklandyrylan nebit gazy, awtomobil benzininiň we dizel ýangyjynyň dürli markalary, sintetik we ýarym sintetik ýaglar, nebit koksy, dürli markaly nebit bitumlary bar. Soňky ýyllarda zawodlar toplumynyň önümleriniň görnüşleriniň üstüne «Jet A-1» uçar kerosini, polipropilen örtükleri, awtomobiller üçin sintetik ýaglar goşuldy. Şeýle hem «Euro-5» we «Euro-6» talaplaryna laýyk gelýän ýokary oktanly, ekologiýa taýdan arassa «AI-98» benziniň önümçiligi ýola goýuldy.
Wodorod ýangyjyny öndürmegi ýola goýmak ýurdumyz üçin täze we geljegi uly ugurdyr. Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» tassyklanylmagy bu ugurdaky işlere badalga berdi. Ol ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen we häzirki zaman tehnologiýalary esasynda hereket edýän eksporta ugrukdyrylan wodorod energetikasy pudagyny döretmäge gönükdirilendir. Ony amala aşyrmagyň ileri tutulýan ugry howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde uly ähmiýeti bolan pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Oraznazar HEŞDEKOW,
«Nebit-gaz» gazetiniň bölüm müdiri.