Balkan welaýaty:
5. Agrar toplumda amala aşyrylýan özgertmeler
Türkmenistanyň ykdysadyýetde gazanýan ösüşleri milli önümçiligiň dürli ugurlarynda, şol sanda oba hojalygynda bazar gatnaşyklaryna geçmegiň dürs ýoluny görkezýär. Häzirki zaman şertlerinde hili ýokary, arassa tebigy önümleri öndürýän hususy taraplaryň sanynyň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, gutarnykly önümçilik aýlawy ýola goýlan, täze azyk ugurly kärhanalary, miweçilik, ýyladyşhana, sowadyjy hojalyklary, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny döretmek «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Ýurt Baştutanymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 27-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümetiň mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynda ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmak, suwdan tygşytly peýdalanmak maksady bilen, olarda bar bolan medeni zolaklardaky ekerançylyk meýdanlarynyň çägini giňeltmegiň, uzak ýaýlalarda we düzlüklerde ekilýän ekinleriň meýdanyny azaltmak meselelerini öwrenmegiň oba senagaty üçin juda zerurdygyny belledi. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmagyň çäklerinde suwarylýan meýdanlaryň, zeýkeşler ulgamynyň udel uzynlygyny hasaplap artdyrmak, obara kiçi suw howdanlaryny, suwaryş akabalaryny we hojalygara kollektorlaryny gurmak, bar bolanlaryny abatlamak meseleleri oba hojalykçylaryň öňünde durýan möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Ýurdumyzyň sebitlerinde, ozaly bilen, Balkan welaýatynda arid zolaklaryň howa-toprak aýratynlygyna we suwarymly ekerançylygyň häsiýetine laýyklykda, agrar ugurly täze özgertmeleri amala aşyrmagyň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Etraplaryň ekin meýdanlaryny ilatly nokatlara has ýakyn ýerleşen medeni çäklere çekmek, suwaryş suwunyň ýyllyk hajatlaryny doly üpjün etjek göwrümini bellemek we energiýanyň, suwuň alternatiw çeşmelerini peýdalanmak, energiýany we suwy tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, goşmaça tygşytlamagyň anyk ýoluny tapmak, iň ýönekeý polietilen örtülen hem sementlenen ýaplary, plastik turbaly suw geçirijileri, suwarmagyň damjalaýyn, ýagyş ýagdyrma, awtomatlaşdyrylan döwrebap kiçi keş çekmek usullaryna geçmek, ýerleri kadaly tekizlemek işlerine badalga berildi. Welaýatda ekerançylygy ösdürmegiň çäklerinde, aýratyn hem, bu ugra ýöriteleşen ylmy-barlag institutlaryň binýadynda ekinleriň biologik derňewini alyp barmak, hilini, hasyllylygy, kesellere we zyýankeşlere garşy durumy boýunça ýokary görkezijileri, ýerli organiki we mineral dökünleriň netijeli peýdalanylmagyny gazanmak, agrar önümleriň uzak saklanylýan täze sortlaryny döretmek ýaly ugurlaryň üstünde işleniler. Sebit ekerançylygynda zyýankeşlere garşy göreşmek babatynda dürli görnüşli ýerli himikatlary, serişdeleri öndürmek boýunça düýpli binýatlyklar dörediler. Tohumlaryň, himikatlaryň, serişdeleriň we beýleki oba hojalyk zerurlyklaryň köp böleginiň öwezi milli önümçilikleriň hasabyna dolunar.
Welaýatyň Serdar, Bereket, Magtymguly we beýleki etraplarynda dürli önümleri öndürmäge we gaýtadan işlemäge ugrukdyrylan önümçilikleri ýola goýmak meýilleşdirilýär. Sebitiň günorta dag ýaka etraplarynda mes toprakly tarp ýerler köpdür, şunuň bilen baglylykda, olary azyk ugurly senagat önümçiligine ýöriteleşdirmek meseleleriniň üstünde işlenilýär. Welaýatda ösümlik ýaglary (pagta, günebakar, künji, zeýtun, mekgejöwen, kädi hem üzüm çigitlerinden alynýan), ary baly, garyşyk ekerançylyk we maldarçylyk önümlerinden mürepbe, toşap, kemput, jem, powidlo, pýure, ýogurt, üwmeç, goýaltma, gaganak ýaly süýjülik, süýt ýaly önümleriň önümçiligi ýola goýlar. Şeýle-de önümçilik galyndylaryndan mallar üçin goşmaça ot-iýmlik binýady kemala getiriler. Maldarçylygy ösdürmegiň çäklerinde ösen düýedarçylyk, guşçulyk, dowardarçylyk, balykçylyk toplumlary önüm berip başlar. Kömelekçilige, domalançylyga, ajy burç senagatyna ýöriteleşen hojalyklary esaslandyrar. Bular ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde importyň möçberini peseldip, eksport mümkinçiligini has-da artdyrar.
Dünýä tejribesiniň giňden öwrenilmegi hem-de netijeli özleşdirilmegi esasynda düýpgöter täzeçil, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň esaslandyrylmagy azyk ugurly import harytlarynyň täze bazarynyň açylmagyna, welaýatyň daşary söwdasy boýunça kämil ýola düşmegine mümkinçilik berer. Maksat milli harytlaryň dünýä bazaryndaky oňyn hil artykmaçlygyny nazara almak bilen, tagamy, berkligi, siňňitliligi, saglyga peýdalylygy, nyrhy hem öndürilen ýeri boýunça sarp edijileriň islegini gazanmakdan ybaratdyr. Welaýatyň ekerançylyk etraplarynda daýhançylygyň medeniýetini ösdürmegiň, şol bir wagtda ekinleriň hasyllylygyny artdyrmagyň baş şerti bolan gidrotehnikanyň usullaryny peýdalanmaga, suw sorujy we paýlaýjy desgalary, kranlary, hojalygara suw geçirijileri, akabalary, ýaplary gazmaga, döwrebaplaşdyrmaga, beton görnüşe geçirmäge, medeni çäkdäki ekerançylyk ýerlerini taba getirmäge, haşal otlardan, daş böleklerinden arassalamaga, şeýle-de ponton köprüleri abatlamaga, täzelerini gurmaga, biolaboratoriýalarda entomofaglary ýetişdirmäge, sort-synag, tohumçylyk-seçgi we mehanizasiýa işlerine möhüm ähmiýet berler. Bu işleri amal etmek üçin düýpli maýa goýumlar göz öňünde tutulýar. Agrosenagat toplumynyň orta we uzak möhletleýin maksady sebitde halkara ülňülere laýyk gelýän we azyk garaşsyzlygyny üpjün edýän ýokary netijeli, bäsdeşlige ukyply, durnukly we ekologiýa taýdan arassa önümçilikleri döretmäge gönükdirilendir.
Balkan sebiti geljekde oba hojalygynda ulanylýan ýerlerden we beýleki serişdelerden netijeli peýdalanyp, maldarçylygyň hem-de ekerançylygyň önümliligini ýokarlandyrmagyň hasabyna dünýäniň agrar bazarlarynda möhüm orun eýelejek eksportlyk önümleri, ilkinji nobatda, ýokary derejeli süýtturşy, et-şöhlat, gök, miwe we bakja ekin önümleri ýaly milli önümleri alyjylara boldan hödürlär. Sebitiň subtropiki çygly howa şertleri, ilkinji nobatda, ilata zerur bolan ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň köp görnüşlerini boldan öndürmäge mümkinçilik berýär. Balkanyň agrosenagat toplumynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde Magtymguly we Etrek etraplaryna, aýratyn hem, Aýdere, Çendir jülgelerine, Nohur ýaýrawyna, köp sanly dag derelerine, ýaýlalara uly ähmiýet berilýär. Belli rus alymy, akademik N.I.Wawilow geçen asyryň 30-njy ýyllarynda bu jülgeleriň ýerli ösümliklerini düýpli öwrenende, gurak subtropik şertlerde ösýän gymmatly miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmekde bu ýeriň dünýä derejesinde has täsin künjekleriň biridigini belläpdir. Bu etraplaryň ýaramly toprak-howa şertleri gurak we aram subtropik guşaklykda ýerleşmek bilen, zolakda tebigy taýdan arassa eksportlyk ýertudana, zeýtun, nar, zirk, injir, garagat (smorodina), böwürslen, alça, alma, armyt, ülje, garaly, şetdaly, çereşnýa, behi, hurma, erik, üzüm, banan, sitruslar maşgalasyna degişli limon, pyrtykal, mandarin, kiwi miwelerini, şäniklilerden pisse, hoz, badam toparynyň saýlantgy sortlaryny, bakja ekinlerinden gawunyň paýendeki, garpyzyň, kädiniň ähli görnüşlerini, gara, gyzyl, bolgar burçlary boldan öndürmäge, şeýle-de çaý ösdürilip ýetişdirilýän ekin meýdanlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Häzir hem Sumbar we Çendir derýalarynyň jülgelerinde hozlaryň, narlaryň, injirleriň, üzümleriň we arça agajynyň dürli görnüşlerine gabat gelmek bolýar. Etrabyň çeşme-çaýly jülgeleri irki döwürden siňňitli miweli agaçlaryň ösdürilip ýetişdirilýän mekany hökmünde adygyp geldi. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, bu jülgelerde 16 asyra çenli ýaşap oturan türkmen arçasyna, bäş asyr ýaş berilýän gadymy şahoz agajyna, «Sumbaryň pälwany» adyna eýe bolan ýaşy 110 — 115 ýyl hasaplanylýan dub agajyna-da gabat gelmek bolýar. Sebitde ýerleşýän S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly Ylmy-önümçilik synag merkezinde miweli we bezeg, gyrymsy baglaryň nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny kämilleşdirmek boýunça tejribe-sort synaglary geçirilýär.
Sebitiň Gyzyletrek etrabynda zeýtun ýagyny we konserwirlenen zeýtuny öndürýän kiçi zawody, Magtymguly etrabynda nar şiresini öndürýän orta kärhanany gurmak meseleleri hem öwrenilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda un we unaş, konditer önümçiligini çig mal binýady bilen üpjün etmäge ýöriteleşen bugdaýyň gaty «Türkmenbaşy-1» sortunyň döredilendigini we synagdan doly geçirilendigini bellemelidiris. Sebitiň aram guşakly etraplarynda bu sorty önümçilik zerurlyklary üçin ösdürip ýetişdirmek işlerine degerli gerimiň berilmegi, ilaty ýokary hilli un, unaş we konditer önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmäge mümkinçilik berer. Türkmeniň daýhançylyk kesbinde düme ekerançylygynda diýseň baý tejribesi bar. Welaýatyň çygly aram subtropiki howa-toprak şertlerine laýyklykda, bugdaýyň gaty görnüşini düme görnüşinde ösdürip ýetişdirmegiň düýpli öwrenilmegi juda bähbitli hasaplanyldy. Bu işe ýurdumyzda gülläp ösýän hususy tarapy çekmeklik has-da oňyn netije berer. Gar, ýagyş, sil suwlaryny tebigy kaklarda, uly bolmadyk emeli suw howdanlaryna ýygnamak bilen dürli ekinleri ösdürip ýetişdirmek ata-baba dowam edip gelýän ýörelgedir. Sumbar derýasy welaýatyň Magtymguly etrabynda öndüriji güýçleri ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Durnukly ösüş maksatlaryna juda sazlaşýan bu işler öz netijelerini-de berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň orta möhletli durmuş-ykdysady ösüş Konsepsiýasyna laýyklykda, Balkan sebitini toplumlaýyn ösdürmek, ykdysady taýdan has-da gowulandyrmak, çäkde bar bolan tebigy gorlary netijeli özleşdirmek boýunça tutumly işler işjeň alnyp barylýar. Azyk senagatyny ösdürmegiň çäklerinde adaty azyklyk, şöhlat we dürli kakadylan görnüşli et, ýokary derejeli süýtturşy önümlerini taýýarlamak we ilata ýetirmek, olaryň aýry-aýry görnüşlerini uzak möhlete çenli saklamak boýunça bäş sany maldarçylyk, bir sany hem guşçulyk toplumy işe girizildi. Döwrebap maldarçylyk toplumlarynyň ýene-de 11-sinde, bir guşçulyk toplumynda gurluşyk-taslama işleri dowam edýär.
Elbetde, geljekde welaýatyň çäginde düýpli maýa goýumlaryň hasabyna iň täze ylmy we tehnologiýa taýdan işlenilip taýýarlanmalaryň ornaşdyrylmagy bilen şeýle döwrebap önümçilikleri has giň gerimde ýola goýup bolar. Uzak möhletleýin geljekde ýurdumyzda toplanan iri önümçilik we ykdysady tejribä daýanmak bilen, şeýle-de sebitiň baý tebigy mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň esasynda ýola goýlan bu işler uly ykdysady netijeliligiň çeşmesine öwrüler.
Hangeldi GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.