Watanymyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň abadançylygy hakyndaky alada milli Liderimiziň syýasatynyň özenidir

Oňyn Bitaraplyk hem-de giň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan gyzyklanma bildirýän döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürýär, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Muny geçen hepdäniň wakalary ýene bir gezek tassyklady. 4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitine gatnaşmagy şolaryň esasylarynyň biri boldy.

EKO-nyň XIV sammitiniň Başlygy — Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan mejlisde EKO-da başlyklyk etmegiň 2021-nji ýylda Türkmenistana geçýändigini aýdyp, biziň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmekdäki hem-de giňeltmekdäki uly ornuny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumda çykyş edip, geografiýasy, taryhy, däp-dessurlary we gymmatlyklary arkaly birleşen döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygynyň usuly hökmünde EKO-nyň birleşdiriji mazmunyny nygtady we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin hakyky gurluş bolup durýan guramanyň işine döwrüň täze çemeleşmeleri talap edýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz sammite gatnaşyjylary guramada Türkmenistanyň başlyklyk etjek döwründe esasy ileri tutulýan ugurlar bilen tanyşdyrdy.

Türkmen tarapy EKO-nyň çäklerinde ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, energetikada, ulaglarda we kommunikasiýalarda, medeniýet hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň toplumlaýyn mümkinçiligini giňeltmäge ýardam bermäge strategik wezipe hökmünde garaýar.

Türkmenistan EKO-nyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmegi göz öňünde tutýar, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagy we ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýär, şunuň bilen baglylykda, sebitde ykdysady ugurlary döretmegiň üstünde işläp başlamagy teklip edýär hem-de bu ugurlary harytlaryň, hyzmatlaryň hereket edýän, maýa goýumlarynyň amala aşyrylýan esasy durnukly ulgamy hökmünde görýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat kooperasiýasyny, önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerini birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy ykdysady ugurlaryň örän möhüm bölegi hökmünde görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy giňeltmegi, Hazarýaka döwletleriň bäşisinden dördüsiniň EKO-nyň agzasy bolup durýandygyny göz öňünde tutup, Hazar deňziniň üsti bilen günbatar we demirgazyk ugurlara, Gara hem-de Baltika deňizleriniň portlaryna işjeň çykmagy teklip etdi. EKO-nyň giňişliginde energetika ugurlaryny döretmek, agza döwletleriň gatnaşmagynda energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek hem möhüm wezipe hökmünde bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, şonuň ýaly-da Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugurlary boýunça elektrik energiýasyny ibermegiň taslamalarynyň durmuşa geçirilişini görkezdi.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKO-nyň sebitiniň çäklerinde, şeýle hem onuň daşynda goşmaça energetika ugurlarynyň zerurdygyna ynanýandygyny aýtdy. Şu jähetden guramanyň hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly yklymdaky beýleki döwletara düzümler bilen maksada gönükdirilen gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri bellenildi.

Milli Liderimiziň çykyşynda Owganystan barada aýratyn durlup geçildi. Biziň ýurdumyzyň owgan topragynda pugta parahatçylygy we ylalaşygy berkarar etmegiň örän möhüm şerti hökmünde Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek işine möhüm ähmiýet berýändigi aýratyn bellenildi. Türkmenistan onuň ykdysadyýetini dikeltmekde, energiýa üpjünçilik, ulag, aragatnaşyk ulgamlarynda, durmuş maksatly desgalary gurmakda bu doganlyk ýurda kömek berýär we kömek bermegini dowam eder.

Türkmenistan EKO-da başlyklyk ediji hökmünde medeni, sport, bilim, ýaşlar syýasaty, syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge işjeň ýardam bermegi maksat edinýär hem-de ylym we lukmançylyk ulgamlarynda, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde tejribe alyşmaga aýratyn üns berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň EKO-da agza ýurtlaryň ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalaryny, onuň halklarynyň abadançylygyny, sebitde parahatçylygy we öňegidişligi üpjün etmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny görýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň EKO-nyň Başlygy hökmünde bu maksatlara ýetmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň indiki mejlisini 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gününde Aşgabat şäherinde geçirmegi hem-de daşary ýurtly kärdeşlerine duşuşygyň işine gatnaşmagy teklip etdi.

Synymyzyň dowamynda 1-nji martda döwlet Baştutanymyzyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirendigini bellemek gerek.

Paýtagtymyzda we sebitlerde durmuş-ykdysady özgertmeler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, gurulýan iri desgalardaky işleriň ýagdaýy, şanly seneler — Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygy hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň Aşgabadyň geljegi nazarlaýan toplumlaýyn ösdürilmegini üpjün etmäge gönükdirilendigini belläp, şäher hojalygyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri, jemagat hojalygy gulluklarynyň işlerini hemişe gözegçilikde saklamagyň, şonuň ýaly-da, bu ulgama sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz gurluşyk taslamalary hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalar işlenilip düzülende, daşky bezeg we ekologiýa meseleleriniň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady.

Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak hem-de ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça meseleleri çözmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz biziň baş maksadymyzyň azyk bolçulygyny mundan beýläk-de artdyrmakdan, ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekden ybaratdygyny nygtap, şunda kabul edilen degişli döwlet maksatnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini gazanmagyň hökmany şertdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji martda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralarda 2021-nji ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine seredildi.

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, döwlet emlägine, şol sanda maliýe serişdelerine netijeli gözegçiligi ýola goýmaga, döwlet dolandyrylyşyna sanly ulgamy ornaşdyrmaga gönükdirilen degişli tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmelerine, şonuň ýaly-da, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça degişli edaralar bilen utgaşykly işlemek zerurdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde uly hyzmatlary bitirendiklerini nazara alyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna “Türkmenistanyň Watan goragçysy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň 5-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, jemi içerki önümiň ösüşiniň görkezijileri ýurdumyzyň depginli ösýändigine şaýatlyk edýär. Ýylyň başyndan bäri ol 5,9 göterim derejesinde saklanýar. Oba hojalygynda ösüş 3,1 göterime, söwdada 12,8 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime deň boldy.

Bu gün Türkmenistanda umumy bahasy ABŞ-nyň 38 milliard dollaryndan gowrak bolan köp sanly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Şolaryň köpüsi durmuş-ýaşaýyş maksatly desgalardyr. Ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama guramalary tarapyndan 18 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdäniň özleşdirilýändigi aýratyn bellärliklidir.

Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlary göz öňünde tutmak bilen, gazanylan ösüş depginlerini saklamak biziň üçin möhümdir diýip, milli Liderimiz nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli desgalaryň, ilkinji nobatda, ýubileý desgalarynyň gurluşygynyň, ilaty ýaşaýyş jaýlary, agyz suwy bilen üpjün etmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň meseleleri elmydama üns merkezinde saklanylmalydyr. Umuman alanyňda, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagy baş wezipeleriň biridir.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasyny geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi. Bu çäre Türkmenistanda 20-nji martda geçiriler. Häzirki döwürde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, bag ekmek çäresi we Milli bahar baýramy mynasybetli guraljak dabaralar her welaýatda we Aşgabat şäherinde geçiriler.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň enelerini, gelin-gyzlaryny ýakynlaşyp gelýän ajaýyp baýram bolan Halkara zenanlar güni bilen gutlady we olara jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi hem-de köp çagaly enelere “Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak hakynda” Permana gol çekdi.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, köp çagaly maşgalalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar hem-de täze öýleriň açarlary gowşuryldy.

6-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we myhman ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi, dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ugur, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklary we beýlekiler özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Hususan-da, taraplar Ýewropa çykalgany üpjün edýän we sebitiň ýurtlaryna ägirt uly peýda getirjek Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara üstaşyr geçelgesiniň mümkinçilikleriniň herekete girizilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Milli Liderimiz 2020-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 8 göterim ýokarlanyp, onuň ABŞ-nyň 2 milliard dollaryna barabar bolandygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde Hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigini nygtady.

Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen we iri düzümleýin taslamalary, giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine uly gyzyklanma bildirýän türk işewürlerine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdy.

Geçen hepdede ýurdumyzyň DIM-de Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşykda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň uly geljegi bolan ugurlaryny işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Mewlüt Çawuşoglu iki doganlyk döwletleriň netijeli gatnaşyklaryny ösdürmegiň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül çemenini goýdy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzasy bolmagynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA arasynda 2021-nji ýyl üçin “Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak” taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hanym Kristina Weýganda Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň pasportlary bolan daşary ýurtly raýatlary üçin ýurdumyza gelmegiň we ondan gitmegiň wizasyz tertibini girizmek hakyndaky Karary barada Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan resmi taýdan habar berýän werbal notasy gowşuryldy.

DIM-de Halkara migrasiýa guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit utgaşdyryjysy, HMG-niň Türkmenistandaky, Gazagystan Respublikasyndaky, Gyrgyz Respublikasyndaky we Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen geçirilen onlaýn gepleşiklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda düzgünleşdirilen hem-de howpsuz zähmet migrasiýasy babatda oňyn hyzmatdaşlyga, adam söwdasyna garşy göreş hem-de migrantlara kömek we tehniki hyzmatdaşlyk, serhetleri dolandyrmak ýaly möhüm ugurlara üns berildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň howpsuz, düzgünleşdirilen hem-de hukukly migrasiýa boýunça Ählumumy şertnamadan gelip çykýan borçnamalaryny amala aşyrmak boýunça eýeleýän orny beýan edildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde Türkmenistanyň we Germaniýanyň fizioterapewt hünärmenleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi. Fizioterapiýa ulgamynda täze işläp taýýarlamalar we olary lukmançylykda ulanmagyň tertibi, şeýle hem nefrologiýanyň möhüm meseleleri, ony anyklamak we terapiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri GDA ýurtlarynyň bilermenleri bilen guralan wideoduşuşyga gatnaşdylar. Ol weterinariýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, mallaryň keseliniň wagtynda öňüni almaga we anyklamaga gönükdirilen ylmy-barlag maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmek gatnaşyklaryna bagyşlandy.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri Hazarýaka döwletleriň “Tehnologiýa we innowasiýalar” atly halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar. Ol Astrahanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binýadynda onlaýn tertipde geçirildi. Sebitiň dürli edaralarynyň, ylmy merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleri tejribe alyşdylar hem-de häzirki zaman innowasion tehnologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Geçen hepdede Aşgabatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda milli itşynaslyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň. jemgyýetçilik guramalaryň we syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Halkara assosiasiýanyň başlygy S.Berdimuhamedow çykyşynda alabaýlaryň diňe bir kömekçi ýa-da ygtybarly goragçy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda türkmenleriň wepaly dostlaryna öwrülendigini belledi. Bu gün halkymyzyň baý medeni mirasynyň möhüm bölegi bolan bu ugry saklamak, geljek nesillere ýetirmek möhümdir, ol pederlerimizden bize miras galan ýörelgedir.

Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, halkara derejede gazanylan üstünlikleri we bu ugurda ýetilen derejäni wagyz etmek maksady bilen, “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly žurnalyň döredilendigi, şeýle hem adybir web-saýty esaslandyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinariýa lukmançylygy fakultetiniň maldarçylyk kafedrasynda kinologiýa boýunça täze hünär ugry açyldy.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy ulanmaga berildi. Änew şäherinde weterinar hassahana we dünýä ölçeglerine gabat gelýän öý haýwanlaryny saklamak üçin desga guruldy. Döwlet serhet gullugynda türkmen alabaýlaryny köpeldýän we onuň tohumyny kämilleşdirýän merkeziň binalar toplumy açyldy. Häzirki döwürde Ahal welaýatynda karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk merkezleriniň gurluşygy alnyp barylýar. Mundan başga-da, paýtagtymyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň binalar toplumy gurulýar. Munuň özi döwletimiziň alabaýlar hakynda edýän aladasynyň aýdyň netijesidir.

Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy ilkinji gezek belleniler. Ol däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyrylar.

Şeýle hem maslahatda häzirki döwürde halkara kadalara laýyklykda, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň möhüm ugurlary bolan ahalteke bedewlerini seýislemek, türkmen alabaýlaryny köpeltmek sungatyny ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi.

Geçen hepdede Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri bellige almak boýunça saýlawlaryň öňüsyrasyndaky nobatdaky tapgyr tamamlandy. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparda dalaşgärleriň 111-si bellige alyndy. Olara dabaraly ýagdaýda şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Geçen hepde many-mazmunly wakalara baý boldy. Şolaryň dowamynda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ägirt uly ykdysady we ynsanperwer mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde bolşy ýaly, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem nobatdaky möhüm ädimi ätdi.

(TDH).


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22689?type=feed