«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly Watanymyzy täze üstünliklere beslär

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, mähriban halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, milli bähbitleri goramaga, bütin dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen içeri we daşary syýasatyň ähli ugurlarynda uly üstünliklere beslenen 2023-nji ýyl tamamlandy. Watanymyzdaky zähmet ýeňişleri, täze üstünlikler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçjek 2024-nji ýylda-da dowam etdiriler.

Ýurdumyzyň özygtyýarly ösüş ýolunda täze sahypany açjak täze ýyly türkmen halky şatlyk duýgusy hem-de beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň arzuw eden Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli ugurlarda ösüşlere beslenjekdigine, abadan we bagtyýar durmuşynyň pugtalandyryljakdygyna uly ynam bilen garşy aldy.

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşyp, baýramçylyk çärelerine badalga berendigini bellemek gerek. Dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan çagalar we paýtagtymyzyň mekdeplerinden göreldeli okuwçylar çagyryldy. Olar ders olimpiadalarynyň, sport we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, çagalar öýlerinde terbiýelenýänlerdir. Şowhunly çärä Aýazbaba we Garpamyk hem-de 2023-nji ýylyň nyşany bolan towşan, 2024-nji ýylyň nyşany luw, döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan zehinli aýdymçylar, sazandalar, çagalar horeografiýa toparlary gatnaşdylar. Bu şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde dabara gatnaşan çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.

Şol gün döwlet Baştutanymyz Söwda-senagat edarasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň özboluşly jemlenmesine öwrülen ýaşlar forumynyň çäklerinde geçirilen köpugurly sergi bilen tanyşdy we bu ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çagalar üçin guralan dabara gatnaşdy. Baýramçylyk dabarasyna döwlet Baştutanymyz, ýurdumyzyň Hökümet agzalary, daşary ýurtly diplomatlar öz çagalary hem-de agtyklary bilen geldiler.

Täze ýyl gijesi Baş arçanyň ýanyna paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Ýurdumyzyň Baş arçasy nobatdaky gezek GDA agza ýurtlaryň paýtagtlarynda oturdylan Täze ýyl arçalarynyň içinde iň beýigi boldy. Baýramçylyk äheňinde bezelen açyk sahna meýdançasynda çagalar döredijilik toparlarynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň, folklor toparlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Däp bolan baýramçylyk teleköprüsi paýtagtymyzy welaýat merkezleri hem-de Arkadag şäheri bilen birleşdirdi.

Döwlet Baştutanymyz ildeşlerimizi Gündogar müçenamasy boýunça luw ýyly hasaplanýan 2024-nji ýyl bilen mähirli gutlap, ýagşy arzuw-niýetler, belent maksatlar bilen garşy alýan täze ýylymyzyň il-ýurt bähbitli rowaçlyklaryň ýyly boljakdygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem watandaşlarymyza baýramçylyk gutlagynda Täze ýylyň hemmelere rysgal-döwlet, bagt getirmegini, maksat-myradyna ýetirmegini arzuw etdi.

Türkmen halkynyň asylly däbine eýerip, Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze ýyly maşgala agzalary bilen agzybirlikde garşyladylar. Maşgala bolup bellenilýän baýramçylyga Milli Liderimiziň agtyklary täze döredijilik sowgatlary bilen bezeg berdiler. Olar saz eserlerini, türkmen, rus we iňlis dillerinde goşgulary ýerine ýetirdiler.

Baýramçylyk feýerwerki bilen 2024-nji ýyl garşy alyndy. Bu ýylda-da ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler mynasyp dowam etdiriler.

29-njy dekabrda döwlet Baştutanymyz «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleriniň, deputatlaryň we halkymyzyň geljek ýylyň şygary hem-de nyşany baradaky teklibini makullap, 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdi we degişli nyşany tassyklady. Bu çözgüt Gündogaryň beýik akyldarynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp kabul edildi. Mejlisiň dowamynda bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda, daşary döwletlerde türkmen halkynyň beýik oglunyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan köp sanly ylmy-medeni hem-de beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, 2023-nji ýylyň ýene bir möhüm waka beslenendigi aýratyn bellenildi. Ýylyň soňky günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna we dünýä jemgyýetçiligine öz ajaýyp eserini “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabyny sowgat berdi. Bu eserde ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilýär. Daşary döwletleriň, hususan-da, goňşy ýurtlaryň wekilleri bu kitaby öz dillerine terjime etmek baradaky teklip bilen ýüzlenýärler. Olar bu gymmatly eseri özleriniň ösüp gelýän ýaş nesillerini terbiýelemek işinde peýdalanmagy göz öňünde tutýarlar.

Mejlise gatnaşyjylara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby sowgat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň iň täze taryhyna giren Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň halkara we döwletimiziň durmuş-ykdysady, ruhy ösüşiniň dürli ugurlaryny öz içine alýan içeri syýasy ähmiýetli ýatdan çykmajak wakalara beslenendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl dabaralarynyň bellenilýän günlerinde şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny guramagy, şäherdir obalarda jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly gatnamagyny üpjün etmegi, ilata aragatnaşyk hyzmatlarynyň bökdençsiz üpjün edilmegini, ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Medeni-dynç alyş edaralarynda, teatrlarda we sirklerde baýramçylyk çykyşlaryny guramak, teleradioýaýlymlarda täsirli gepleşikleri taýýarlamak bilen baglanyşykly aýratyn görkezmeler berildi.

Geçen hepdäniň wakalarynyň hatarynda 25-nji dekabrda sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meseleler girizildi. Iş maslahatynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykandygyny, onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýeten sepgitleriniň we gazanan üstünlikleriniň beýan edilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu kitabyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşy baradaky hasabatlary diňläp, ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin welaýatlaryň häkimlerine degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Arkadag şäher häkimliginiň «Arkadag» futbol toparyna mundan beýläk-de ýeňişli ýollary arzuw etdi hem-de topar üçin ýörite niýetlenen topda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. «Arkadag» futbol topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda ilkinji gezek çykyş edip, ýurdumyzyň çempiony hem-de Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, «Arkadag» futbol toparyna «MAN RR3 19.440 EEV» kysymly awtobus sowgat berildi.

26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Sammitiň barşynda öňde durýan maksatlaryň we wezipeleriň umumylygyndan ugur alyp, däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi. Şunda bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesini nazara almak bilen, GDA agza ýurtlaryň arasynda ulgamlaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli gurallaryny döretmegiň zerurdygy bellenildi.

Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde şäheriň futbol toparynyň ýolbaşçylaryny we türgenlerini gazanan ajaýyp ýeňişleri bilen gutlady. “Akylly” şäheriň köpugurly sport toplumynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu ýerde hormatly Prezidentimiziň “Arkadag” futbol toparyna sowgat beren awtobusyny synlady, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň topa gol çekip duran ýadygärlik suratyny gowşurdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri türgenlere mundan beýläk-de üstünlikleri arzuwlap, täze şäherde sportuň dürli görnüşlerini, «Arkadag» futbol toparynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek we türkmen sportunyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagy ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Duşuşykda bilelikde düşülen surat hem futbol toparynyň muzeýiniň gymmatlyklarynyň arasynda hormatly orun alar.

Geçen hepdäniň beýleki wakalaryna geçmek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Baykar Makina Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň baş müdiri Lütfü Haluk Baýraktar we «BMC Otomotiv Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly bilen duşuşandygyny bellemek gerek. Iki ýurduň uly ykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak barada pikir alyşmalaryň dowamynda goranmak ulgamyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda goranmak senagatynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýän bu türk kompaniýalarynyň tekliplerine garaldy we degişli ylalaşyklar gazanyldy. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygy nygtaldy.

28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Asyrlaryň dowamynda Aziýany we Ýewropany baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly baradaky meseleler pikir alyşmalaryň esasy ugurlarynyň biri boldy. Türkmenistan we Özbegistan bu ýoluň merkezinde ýerleşmek bilen, häzirki wagtda bu taryhy ýoluň gaýtadan dikeldilmegi, onuň ägirt uly mümkinçilikleriniň häzirki zaman şertlerinde peýdalanylmagy ugrunda uly tagalla edýärler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem ulag we energetika ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryna, hususan-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň köpugurly işine, hemmetaraplaýyn bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işlere bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.

Söwda-senagat edarasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçen ýylyň özboluşly jemlemesine öwrülen halkara ylmy-amaly maslahat we köpugurly sergi geçirildi. Giň gerimli sergide Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň diwarlyklary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň köp sanly ýöriteleşdirilen sergi bölümleri ýaýbaňlandyryldy. Olaryň işine ýurdumyzyň ýaşlary işjeň gatnaşýarlar.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ýaşlar barada döwlet syýasatyny netijeli durmuşa geçirmegiň meseleleri beýan edildi. Şeýle hem türkmen ýaşlarynyň häzirki döwrüň derwaýys meseleleri boýunça köptaraplaýyn halkara dialogy ösdürmekde uly orny bellenildi. Maslahatda Türkmenistanyň 2023-nji ýylda gazanan esasy üstünlikleri we ýeten sepgitleri beýan edildi. Olaryň birnäçesi degişli güwänamalaryň gowşurylmagy bilen, halkara guramalar tarapyndan ykrar edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, tamamlanyp barýan ýylda ykdysadyýet, ylym, medeniýet, sungat, bilim, saglygy goraýyş, sport, goranmak, howpsuzlyk we hukuk tertibi ulgamlaryndaky alnyp barylýan işlerde uly üstünlik gazanan ýurdumyzyň ýaşlarynyň wekillerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.

Şeýlelikde, Watanymyzyň taryhynda gülläp ösüşiň belent sepgitlerini nazarlaýan ajaýyp üstünlikleriň täze tapgyry başlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň hemmelere arzuw edişi ýaly, goý, ýetip gelen 2024-nji ýylda ähli maşgala ojaklaryna agzybirlik, rysgal-bereket, döwletlilik ýar bolsun, bagtyýar günler dowamat-dowam bolsun!

(TDH)