Watanymyň ýüregi sen, paýtagtym!

Biz Aşgabady «Aşyklar şäheri» diýip atlandyrýarys, oňa «Aziýanyň merjeni» diýip buýsanýarys. Paýtagtymyzyň ösüş-özgerişlerine, üstünliklerine, her bir täzeligine begenip hem guwanyp ýaşaýarys. Çünki merkezi şäherimiz gözel Aşgabat — ata Watanymyzyň ýüregi, geçmişi, şu güni we ýagty ertiri. Asyrlaryň dowamynda gurlup, pederlerimiziň zähmeti, yhlasy, ýürek owazy siňen merjen şäherimiziň bu günki gözelligine dünýä aşyk. Ak mermerden binalary asman boýlaýar, gök öwüsýän saýaly hem pürli baglary, al-elwan açylan dürli reňkli gülleri şäher gözelligini artdyrýar. Gojaman Köpetdagy etekläp oturan paýtagtyň arassa hem tämiz howasy jana tenekar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni hökmünde yglan edilip, şol günüň şanyna «Aşgabat» seýilgähiniň ýanaşyk ýerinde «Aşgabat» binasy guruldy. Açylgy duran kitaby ýadyňa salýan şekildäki bu binanyň töweregindäki ýanýodalaryň güller bilen bezelmegi seýilgähe üýtgeşik görk berýär. Ynha, mähriban Arkadagymyz paýtagtymyzda ýene-de bir döwrebap desgany — gözel künjekde täze gurulýan söwda we dynç alyş toplumyny «Aşgabat» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Munuň özi goşa toý bilen taryha girýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna özboluşly ýakym çaýýar.

Bir ýylda naýbaşy seneleriň ikisiniň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilmegi toýlarymyzyň toýa ulaşýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Şanly toýa sowgat-salamly barmak bolsa halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän ýörgünli däpleriniň biri. Çagalar baglaryna gatnaýan körpejelerimiz owazly şygyrlary aýdyp, gözel paýtagtymyzy wasp etseler, mekdep okuwçylary okuwda alýan bäşlik bahalary, dürli dersler boýunça geçirilýän bäsleşiklerde gazanýan ýeňişleri bilen sowgat taýýarlaýarlar. Geljekki ýaş hünärmenler bolan talyplarymyz bolsa ylymda-bilimde gazanýan guwandyryjy üstünlikleri bilen eziz Watanymyzyň goşa toýuny mynasyp garşylaýarlar.

Milli binagärlik keşbi bilen göreni haýrana goýýan ak şäherimiziň we ondaky gözel desgalaryň birnäçesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun almagyny beýik Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miwesi hökmünde agzamak bolar. Paýtagtymyzyň şähergurluşyk ulgamynda, senagat pudagynda, ýol-ulag düzüminde iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, goýnunda gözellikler çemenini jemlän jenneti mekana öwrülýär.

Oguljennet JUMABAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23078