Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen, maşgalany goldamagyň, enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we bilim bermek baradaky döwlet goldawynyň kämil ulgamy döredildi. Häzirki wagtda bu ugurdaky işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.
“Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, irki döwürden çagalary terbiýelemek, okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk has-da kämilleşdirmek wezipeleri häzirki döwürde amala aşyrylýan döwlet maksatnamalarynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerini, welaýatlary gurşap alýan, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta mekdepleriň döwrebap binalary giň gerimde gurulýar. Öňdebaryjy halkara tejribeler, milli ýörelgelerimiz esasynda bilim işi kämilleşdirilip, halkara hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar.
Ýaş nesil barada hemişe alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly işleriniň netijesinde, Watanymyz bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrüldi. Bu işlerde türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleri, parasatly ruhy-ahlak gymmatlyklary öz beýanyny tapýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu asylly däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mynasyp dowam etdirilýär. Çagalar babatda döwlet syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara borçnamalaryna laýyklykda çagalaryň beden, aň-paýhas, ruhy, ahlak taýdan doly derejeli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň özi umumy durmuş syýasatynyň bir bölegi bolup, ähli türkmenistanlylar, şol sanda çagalar üçin has amatly durmuş şertleriniň döredilmegi onuň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Şeýle hem bu syýasat hukuk, ahlak, ykdysady we durmuş çäreleriniň toplumy arkaly maşgala institutyny maddy, ruhy we hukuk taýdan goramagy öz içine alýar.
Uly arzuw-umytlar, belent maksatlar bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny garşy aldyk. Bu ýylyň şygary beýik söz ussadyna egsilmez hormat bilen baglanyşykly. Şol bir wagtyň özünde-de, ol belent watançylyk duýgusy, asylly ýörelgelerimiz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz bilen aýrylmaz bagly bolup, ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde täze gözýetimleri açýar. Magtymguly Pyragynyň, beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň eserleri, halk döredijiliginiň nusgalary nesil terbiýesinde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir. Nesil terbiýesi maşgaladan hem-de mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryndan başlanýar. Bu işde hormatly Prezidentimiziň iki ýylyň sepgidinde elimize gowşan “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda ündelýän, beýan edilýän gymmatly pikir-garaýyşlar maksatly ýaşamagyň anyk çelgileri hökmünde uly ähmiýete eýedir.
Maýagözel JUMAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 184-nji çagalar bagynyň müdiri.