Ata-babalarymyzyň, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň şan-şöhraty halkymyzyň eşretli durmuşynyň, parahatçylygyň we abadançylygyň, özara ynanyşmagyň hem-de ylalaşygyň kepili bolup, dünýä ýüzüne ýaýylýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşlerden-ösüşlere barýan il-ulsumyzyň kalbynda Watan, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk mukamy belentden-belent ýaňlanýar. Watan düşünjesi örän uly we çuň mana eýe bolmak bilen, her bir ynsanyň diliniň senasy, kalbynyň joşguny bolup durýar.
Watanyň näderejede belentdigine, onuň ýönekeý bir düşünje däl-de, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyna, mukaddeslikdigine hormatly Prezidentimiziň ýürek joşgunyndan, milli ruhy buýsanjyndan syzylyp çykan «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitaplaryny okanyňda, aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Watan — bu adamyň göbek ganynyň daman, doglan ýeri, çagalygynyň, iň şatlykly günleriniň geçýän ýeri, dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň ýaşaýan ýeri. Şonuň üçinem ata Watan, ene toprak her bir ynsan üçin mukaddesdir, kerem-keramatdyr.
«Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Atany söýen Watany söýer», «Är dogan ýerini küýsär, it — doýan ýerini», «Towşana dogduk depe», «Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy», «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan — ölinçä», «Ýeri ýokda Watan ýok» ýaly çuň manyly, ajaýyp nakyllary döreden merdana pederlerimiziň watançylyk ýörelgelerini dowam etdirýän, kalby Watana bolan buýsançdan doly Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygynda hem ýaşlara watançylyk çagyryşlary bilen ýüzlendi. Milli Liderimiziň: «Watana bolan söýgi ýürekde orun alan iň näzik we päkize duýgudyr. Onuň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz» diýen parasatly sözleri bu günki gün bagtyýar nesilleriň her biriniň kalbynda watançylyk senasy bolup ýaňlanýar. Watana wepaly bolmak, Watany goramak, onuň duzuny halal zähmet bilen haklamak her bir ynsan üçin parzdyr.
Mämmetnur GAZAKOW,
Serdar etrap prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.