Wagt biziň we geljekki nesilleriň peýdasyna işleýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň iri neşirleriniň we teleýaýlymlarynyň wekillerine beren interwýusyny okap ýazylan setirler

Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine barýan günlerimizde beren bu interwýusyny ýurduň daşary syýasatynda edilen işleriň hem-ä özboluşly teswiri, hem-de geljekki işleriň gözükdirmesi boldy diýip hasaplap bolar. Öňümizdäki 30 ýylda durmuş-ykdysady ösüşlerimiziň esasy çelgisi bolmaly, ýene-de sanaýmalyja günden kabul ediljek bolunýan maksatnama soňky günlerde bütin halkymyz, ilkinji nobatda-da, döwlet gullukçylary we elbetde, ýurduň intelligensiýasy tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy. Şol maslahatlarda gelnen umumy netije şeýle boldy: halkymyz soňky üç onýyllykda saýlanyp alnan ýoluň dogrudygyny ykrar edýär we geljekde-de şol ugruň ählitaraplaýyn dowam etdirilmegini isleýär. Ine, şeýle: başda ähli jogapkärçilik bilen saýlanyp alnan ugur gyşarnyksyz dowam etdirilmeli. Bu halkyň sözi, halkyň sözi-de türkmençilikde Hakyň sözi hasap edilýär. Biz bu gürrüňe ýene dolanyp gelmek şerti bilen, hormatly Prezidentimiziň interwýusynda kanagatlanma bilen belleýşi ýaly, barha ösdürilýän türkmen-hytaý gatnaşyklary hakynda kelam agyz aýdalyň.

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri, has-da Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “СNPС” korporasiýasynyň arasynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekilenden soň (2007-nji ýylyň 17-nji iýuly) geçen döwürde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk hemmetaraplaýyn ösdürilip, strategik gatnaşyklara öwrüldi diýip bolar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly: “Hytaý bize halkara giňişlikde ykrar edilmekde uly ýardam berdi. Ilkibaşda we soňra doly bahaly, özara bähbitli, deňhukukly ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygyny alyp barmakda möhüm ädimleri ätdi”. Türkmenler-de, hytaýlar-da örän gadymy halklar, diýmek, olaryň durmuş tejribeleri-de gadymdan gaýdýar. Şeýle bolansoň, olaryň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda öňe çykarýan gymmatlyklarynda umumylyklar örän kän. Adalatlylyk, deňlik, hyzmatdaşlykda diňe özüňi bilmän, beýleki taraplaryň hem bähbitlerini göz öňünde tutmak, ylma-bilime höweslilik, zähmetsöýerlik hem pespällik, hemişe täzeligiň gözleginde bolmak hem milli mirasy hiç haçan gözden salmazlyk, sözüňe ygrarlylyk hem wepalylyk, ösüşi hemmetaraplaýyn goldamak arkaly parahatçylygy berkitmek we ýene-de kän-kän gowy häsiýetler biziň halklarymyza, diýmek, döwletara gatnaşyklarymyza hem mahsus häsiýetlerdir, gymmatlyklardyr. Hut şeýle gymmatlyklaryň köplügi halkara gatnaşyklary ýola goýmakda we ösdürmekde birek-birek bilen ýarym sözde düşünişip bilmegi üpjün edýär. Türkmen-hytaý gatnaşyklary babatda aýdylanda bolsa, biziň döwletimiziň öňe sürýän “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” taslamasy bilen “Bir guşak — bir ýol” atly ählihytaý taslamasy özleriniň filosofiýasy we geoykdysady manysy boýunça örän ýakyndyr. Bu, demir ýoluň gurluşygynyň mysalynda aýdanyňda, şol ýoluň iki tarapyndan birbada gurlup başlanylmagy ýaly bir zatdyr. Şeýle edilende, mälim bolşy ýaly, ýoluň iki tarapyny birikdirýän arzyly “altyn halkany” garaşýanyňdan has ir dakyp bolýar we şeýlelikde, ony ulanyşa çalt girizip bolýar. Biziň döwletlerimiziň ýoly hyzmatdaşlygyň, dostlugyň we parahatçylygyň ýoludyr. Bu ýoldan ýörän adamlar maksatlaryna has ir gowuşýarlar we özlerini dünýäde iň bagtly adamlar saýýarlar.

Elbetde, türkmen-hytaý gatnaşyklarynda sport hem bar, aýdym-saz hem bar. Onda taryh hem bar, geljek hem. Onda saglyk barada alada-da bar. Türkmen-hytaý gatnaşyklary dünýä açyk göwün bilen seretmekdir. Asyl-ha, Türkmenistanyň dünýäniň islendik döwleti bilen ýola goýan gatnaşyklary açyk göwün bilen ýola goýlandyr. Dost-doganlyk, deňlik, adalatlylyk, özara bähbit, düşünişmek ýa-da başgaça aýdanymyzda, özara ynanyşmak, parahatçylygy üpjün etmek ýaly gatnaşyklar biziň halkara hyzmatdaşlygymyzy bezeýän, özüne çekiji edýän häsiýetlerdir.

Hormatly Prezidentimiziň bu interwýusyna dolanyp gelmek bilen ýene nämeleri aýdyp bolar? Şunda esasy bellemeli zatlaryň biri, ol hem Türkmenistanyň mundan beýläk-de özüniň daşary gatnaşyklaryny, edil türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geçen 30 ýylynda toplan tejribesi ýaly, dost-doganlykdan gözbaş alýan özara bähbitli, deňhukukly, sebitde we dünýäde pugta parahatçylygy üpjün etmäge goşant goşjak, bar bolan mümkinçilikleriň doly açylmagyny, olaryň bagtyýar durmuşyň hatyrasyna netijeli ulanylmagyny üpjün etmek esasynda ýola goýmakçydygyny aýdyp bolar.

“Türkmenistan üçin Hytaý diňe bir beýik döwlet, dünýäniň örän kuwwatly ykdysady we senagat merkezi, giň we geljegi uly bazar däl-de, wagtyň synagyndan geçen ygtybarly dostdur. Bu gün biziň gatnaşyklarymyz uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlyk wagtyň synagyndan geçdi, öz netijeliligini görkezdi we häzirki wagtda Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygyň hem-de ösüşiň möhüm şertine öwrüldi”. Milli Liderimiziň interwýusynda aýdan bu sözleri diňe bir iki döwletiň gatnaşyklaryna berlen umumy baha däl-de, eýsem, Türkmenistanyň daşary syýasatynda mundan beýläk hem gözükdiriji häsiýete eýe boljak çelgidir.

Raýat — jemgyýet — döwlet — halkara gatnaşyklar çygrynda Türkmenistanyň gazanan tejribesi geljekki ösüşlerimiz üçin örän ygtybarlydyr we möhümdir. Baky Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty bolsa türkmeniň dünýägaraýşyny ýaýmaga we dost gazanmagyna önjeýli goşant goşup geldi we bu geljekde-de şeýle bolar. Häzirki döwürde türkmeniň tejribesini öwrenmäge hem-de onuň Bitaraplygy ýaly derejä eýe bolmaga isleg bildirýänler hem artýar. Sebäbi türkmeniň ýoly — açykgöwünliligiň ýoly. Ondan ýöräp, diňe utuş gazanyp bolýar. Muny özbaşdak döwlet hökmünde halkara giňişlikde gazanan üstünliklerimiz subut edýär. Şol üstünliklerimiz hem bu gün geljekki ösüşlerimiziň badalgasy hökmünde çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiziň interwýusynda aýdyşy ýaly, “wagt biziň we geljekki nesilleriň peýdasyna işleýär”.

Dowamlysy bolsun!

Sözsoňy ýerine: Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň Pekinde geçiriljek 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşmak çözgüdini iri sport bäsleşikleriniň dünýä üçin ägirt uly ähmiýete eýedigi bilen düşündirýär. Sport — parahatçylygyň ilçisi. Olimpiýa oýunlary halklaryň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyny, dürli milletleriň, dürli syýasy ynama eýerýän adamlaryň jebisleşmegini üpjün edýär. Öz topragynda «Aziada 2017» oýunlaryny geçiren türkmen halky munuň şeýledigine, hakykatdan-da, ynanýar we şu ynamyna berk eýerýär. Ýurdumyz aýdýan sözi bilen edýän işiniň birdigini subut edip gelýär we bu birlik döwletimize hem halkymyza şan-şöhrat, abraý getirýär.

Seýitguly GELDIÝEW.

“Türkmenistan”.