Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: guwandyryjy üstünlikler, ýakyn ýedi ýyl üçin wezipeler

Mälim bolşy ýaly, 8-nji iýulda şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat döwründe gazanylan üstünliklere baha berlip, ýakyn ýedi ýyl üçin Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýan möhüm resminamalara gol çekildi. Mejlisde bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6, jemi öndürilen önümiň 11,5 göterime barabar bolmagy, dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, içerki ösüş kuwwatynyň we maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň oňyn görkezijileri gazanmaga ýardam berýändiginiň güwäsidir. 

                                                                   

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmekde we ykdysady strategiýany amala aşyrmakda Döwlet we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi hem-de maliýe-býujet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerini üstünlikli çözmek örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu babatda geçen alty aýda oňyn görkezijileriň gazanylmagy bolsa guwandyryjy ýagdaýdyr. Has takygy, degişli döwürde Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,7 göterim ýerine ýetirildi. Öz nobatynda, ýerli býujetleriň girdeji böleginiň 100,4 göterim, çykdajy böleginiň 98,7 göterim berjaý edilmegi maliýe-býujet syýasatynyň üstünligidir. 

                                                                   

Ykdysady ylymlaryň we dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, häzirki wagtda maýa goýumlar ykdysady ösüşiň durnukly görkezijilerini gazanmaga mümkinçilik berýän şertleriň biri — täsirli guraldyr. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi bolsa jemi içerki önümiň 14 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 43,7 göterimi önümçilik desgalarynyň, 56,3 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Bu görkezijiler maýa goýumlaryň şeýle serişdeleriň hasabyna ýurdumyzyň durmuş we önümçilik kuwwatynyň artmagyna hem-de iş bilen üpjünçilik ulgamynyň gowulanmagyna uly täsir edýän desgalaryň gurluşygynda itergi beriji güýç bolup, ösüşiň oňyn netijelerini gazanmaga mümkinçilik berýändiginiň subutnamasydyr. 

                                                                   

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda önümçiligiň ýokary netijeleriniň gazanylmagy daşary söwda dolanyşygyna özüniň oňyn täsirini ýetirdi. 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda bölek-satuw haryt dolanyşygynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köpelmegi Diýarymyzda sarp edijileriň günsaýyn artýan isleglerini kanagatlandyrmakda, içerki bazarlarda haryt bolçulygyny döretmekde ýetilen sepgitleriň näderejede ýokarlanandygyny aňladýan delildir. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, daşary söwda dolanyşygynyň 40 göterim ýokarlanmagy bolsa, dünýä ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýän ata Watanymyzyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynda eksport-import amallarynyň mynasyp paýynyň bardygyny alamatlandyrýar. Bu üstünlikleriň sakasynda döwlet Baştutanymyzyň importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen iň täze innowasion tehnologiýalara daýanýan önümçilikleri ýola goýmak we ösdürmek babatda beren tabşyryklary esasynda durmuşa geçirilýän işleriň durmagy örän guwandyryjy ýagdaýdyr. 

                                                                   

Hususan-da, mejlisde Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Statistiki görkezijilere salgylansak, 2007-nji ýylda milli Liderimiziň başlangyjy bilen kabul edilen degişli resminama laýyklykda, häzirki wagta çenli (has takygy, 2008 — 2022-nji ýyllarda) desgalaryň we binalaryň 900-den gowragy gurlup, ulanmaga berildi hem-de bar bolan inženerçilik ulgamlarynyň durky täzelenip, täzeleriniň bolsa 72 müň 200 kilometri çekildi. 2022-nji ýylyň iýul aýynyň ýagdaýyna görä bolsa, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde 3 sany hassahananyň, 125,6 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň, 246,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. Ýokarda getirilen statistiki maglumatlar, öz gezeginde, agzalan möhüm resminamanyň üstünlikli durmuşa geçirilendiginiň — özüniň ajaýyp miwesini berendiginiň subutnamasy bolup, onuň durmuş ulgamlaryna ählitaraplaýyn täsir etmekde örän ýokary ähmiýetiniň bardygyny aňryýany bilen aňymyza möhürleýän görkezijilerdir. 

                                                                   

Hökümetiň giňişleýin düzümde geçirilen mejlisinde Arkadagly Serdarymyz Oba milli maksatnamasy babatda ýetilen sepgitleriň ýokarydygyny kanagatlanma bilen belläp, senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň giň gerimde dowam edýändigini, häzirki wagtda umumy bahasy ABŞ-nyň 38 milliard dollaryndan hem köp bolan 2 müň 900-e golaý iri desganyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýratyn nygtady. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 300 million manatdan hem köp möçberde düýpli maýa goýumlaryň özleşdirilendigine, 30 sany iri desganyň, meýdany 322 müň inedördül metr hem-de umumy bahasy 900 million manada golaý we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanmaga berlendigine hemmeleriň ünsüni çekdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylmagy oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Häzirki zaman çözgütleri öz içine alýan Döwlet maksatnamalarydyr konseptual resminamalaryň kabul edilmegi döwletiň ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ykdysady işi dogry guramaga we daşarky täsirlere garamazdan, içerki mümkinçilikleriň hasabyna ösüşleri gazanmaga itergi berýär. Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlary bilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» tassyklanyldy. Bu maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we halkymyzyň abadan durmuşynyň geljek ýakyn ýedi ýyl içinde hem üpjün ediljekdiginiň nyşanydyr. 

                                                                   

Umuman, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň guwandyryjy üstünliklerine baha berlen we ýakyn ýedi ýyl üçin strategik wezipeleri kesgitlenilen Hökümet duşuşygy hökmünde taryha möhürlendi. Onuň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda gazanylan ösüş görkezijileri babatda getirilen mysallar bolsa bütin dünýäni haýrana goýýan ýeten belent sepgitlerimiziň sanlarda aňladylan ajaýyp subutnamalarydyr. 

                                                                                                           

Jumamyrat GUTLYÝEW,

                       

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň maliýe we ykdysadyýet bölüminiň esasy hünärmeni.