Üstünligiň gözbaşy

Durnukly ösüşiň aýdyň geljegini nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan asuda, abadan döwletimiziň eşretli eýýamy türkmen jemgyýetiniň durmuşyna täze sahypalary ýazýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleriň, eýelenýän sepgitleriň giň gerimlidigi her birimizi yhlasly işlemäge ruhlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, elektron senagaty döretmekde, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler ýurdumyzyň röwşen geljegini üpjün edýär. Ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmegi, durmuş düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy ähli pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Halkyň aň-bilim mümkinçilikleriniň netijeli artdyrylmagy hem-de bu ugurda amal edilýän uly işler bilen bagly alnyp barylýan öňdengörüjilikli, oýlanyşykly we iňňän sagdyn syýasat biziň ähli ösüşlerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň özeni bolup durýar.

Eziz Diýarymyzda durmuş ulgamy ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýagdaýyny kesgitleýän möhüm görkeziji bolup durýar. Bu pudak, ilkinji nobatda, ähli raýatlaryň durmuş taýdan abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda mähriban Watanymyz dünýäniň syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly, asuda, abadan ýurtlaryň hataryndaky ornuny barha berkidýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda güýçli depgin bilen ösüşler gazanylýar, bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jebisleşen agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň hasyl bolýandygyny alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň her bir raýaty üçin bilimini ýokarlandyrmaga we zähmetiniň hözirini görmäge ähli şertler döredilýär. Häzirki döwürde ylym-bilime, milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni türkmenistanlylaryň eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmeti netijesinde gazanýan ajaýyp üstünliklerine beslenýär. Il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli beýik işleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Ösüş-özgerişlikleriň täze belentlikleri bilen röwşen geljegi nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz mundan beýläk-de gülläp össün!

Aýjemal GELDINAZAROWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.