Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ulag-aragatnaşyk we logistika ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzda ulag-logistika ulgamynyň ähli görnüşleriniň deň derejede ösdürilmegi milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň netijesidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda bu ulgamyň ösüşini üpjün edýän anyk wezipeler kesgitlenilendir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýolagçylary gatnatmagyň we ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmak hem-de hilini gowulandyrmak, ulag hyzmatlarynyň eksportuny artdyrmak, ýurdumyzyň ýükleri üstaşyr geçirmek mümkinçiligini durmuşa geçirmek, bu ugurlar boýunça halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek babatynda umumadamzat ähmiýetli çäreler durmuşa geçirilýär. Parahatçylyk we hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly bolan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz ulag babatda birnäçe halkara konwensiýalara we ylalaşyklara gatnaşyp, halkara derejeli resminamalaryň umumy ykrar edilen kadalaryna gyşarnyksyz eýerýär. Binýady berkarar döwletimiziň 2018-nji ýylda BMG-niň 2019-2020-nji ýyllar üçin Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça komitetiniň düzümine saýlanmagy hormatly Prezidentimiziň belent maksatly başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary syýasy, medeni, ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklaryň çäklerinde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň transmilli ulag geçelgelerini döretmek boýunça giň gerimli taslamalary daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Garaşsyz Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan dürli ýyllarda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda», şeýle hem «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýalarynyň kabul edilmegi döwletimiziň ulag ulgamynda gazanan üstünlikleriniň we halkara derejedäki abraýynyň has-da pugtalanýandygynyň aýdyň mysalydyr. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe («Lapis-Lazuli») ugry boýunça täze ulag geçelgesini döretmek taslamasy oňa gatnaşýan döwletler üçin strategik taýdan möhüm ähmiýete eýedir. Onuň durmuşa geçirilmegi bu döwletleriň sebitiň we dünýäniň söwda bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerini artdyrýar. Şeýle hem milli ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine we haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna ýardam berer.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümleri, aragatnaşyk ulgamy kemala gelýär. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň dostluk-doganlyk ýollary dünýäniň çar künjüne uzaýar. Bu bolsa, öz gezeginde, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň täze röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Baýramgeldi BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň welaýat gümrükhanasynyň Daşoguz gözegçilik-geçiriş ýeriniň «Daşoguzawtoýollary» gümrük nokadynyň müdiri, kapitan.